Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-sindäki Karary esasynda döredildi. Bankyň esasy ugry daşary ýurt maýasyny çekmek we ony ýurduň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna ýerleşdirmek boýunça işleri işjeň alyp barmaga gönükdirlen. Bankyň aktiwleriniň köp bölegi daşary ýurt maýalarynyň hasabyna maliýeleşdirilýär we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirlýän uzak möhletli karzlardan ybarat.
Bankyň karzlarynyň köplenç ulanyjylary nebitgaz toplumy, agrosenagat toplumy, önümçilik we durmuş ugurly pudaklar we bank daşary ýurt karzlaryň hasabyna düýpli maýa goýumlara degişli bolan harytlaryň we hyzmatlaryň importyny maliýeleşdirýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde birnäçe taslamalar maliýeleşdirildi. Olaryň içinde: - Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkunyň özgerdilmegi; - Saman-Depede gazohimiki işläp taýýarlaýýş toplumynyň gurluşygy;
- Transaziýa-Ýewropa ugrunyň optiki-süýüm aragatnaşyk ýolunyň geçirilmegi;
- Döwletabat gaz käninde gaz hojalyk ulgamynyň ösdürilmegi;
- Döwrebap oba hojalyk tehnikasynyň satyn alynmagy;
- Türkmenabatdaky sabyn zawodynyň gurluşygy we ýene-de birnäçe iri desgalaryň gurluşyk we enjamlaşdyryş taslamalary maliýeleşdirildi. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasyndan alynan karzlaryň hasdabyna maliýeleşdirilýän birnäçe taslamalar işlenip düzülýär, olaryň içinde esasa ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna degişli bolan desgalaryň taslamalary maliýeleşdirilýär. Bank döredileninden bäri halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk ugrunda Ýewropanyň Özgerdiş we Ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK gaznasy we beýleki banklar, gaznalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Yslam ösüş bankynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen 2009-njy ýylyň 2-3-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň çykaran karary esasynda Aşgabat şäherinde Yslam ösüş bankynyň Toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň 34-nji ýyllyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda YÖB-niň Topary özüniň geçen ýyldaky işiniň netijelerini we yslam ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bank tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bank kartlar bilen geçirilýän amallardyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurtda ilkinjileriň biri bolup bank kartlarynyň girizilişi we ösüşi boýunça iş geçirip başlady. 1994-nji ýyldan Viza international-yň doly hukukly agzasy bolup, bank daşary ýurt emitent banklarynyň karz kartlarynyň hyzmat edilişine başlady. 1996-njy ýylyň dekabr aýynda milli pulunda manatda hasaplaşyklary amala amala aşyrmaga ýardam berýan Milli kart bank kartynyň çykarmagyna başlady. 1998-nji ýylyň dekabr aýynda Bank emitent hökmünde özüniň viza bank kartlarynyň Bizness, Klassik we Elektron görnüşleriniň çykarylyşyna başlady. 2008-nji ýylda bank Master Kard halkara bank kart töleg ulgamynyň doly hukukly agzasy bolup bu kartlary çykarmak ugrunda işe girişdi. Bank müşderilere daşary ýurt pullaryny öýde ýa-da ýolda abat saklamak üçin olary nominaly daşary ýurt pulunda (ABŞ-nyň dollarynda, ÝEWRO-da, GBP-de) bolan Amerikan Expess ýol çeklerini nagt pula çalyşmagy amala aşyrýar. Ýol çekleri ulanmagyň birnäçe amatlyklary bar. Ýagny, çekleri onuň eýesinden başga hiç kim ulanyp bilmeýänligi, ýol çeklerini ulanmak üçin bankda bank hasabyny açmaga ýa-da pul geçirmäge zerurlygyň ýoklugy, dünýäniň dürli künjeklerinde çekleri nagt daşary ýurt puluna çalyşmak üçin nokatlary bardyr. Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň 2009-njy ýylyň 15-nji iýunynda Awaza şahamçasynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bankyň şahamçasy täze açylan Hazina myhmanhanasynyň 1-nji gatynda ýerleşýär.
Daşarydan alynan linkler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Archived 2011-08-24 at the Wayback Machine