Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGY
Ýurt:
Türkmenistan
Döredilen senesi:
21.02.2003ý.
Salgysy:
Aşgabat şäheri, Azady köçesi 63
Başlygy:
Sazakow Amanmuhammet Şyhgulyýewiç
Websaýthttps://migration.gov.tm/tm/

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy – Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 6133 belgili karary esasynda Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. 2008-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň ady, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi. Gullugyň ygtyýarlygyna Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak we olaryň hasabany ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek-gitmek çakylyk hatlaryny hem-de wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama, işlemäge rugsatnama resmileşdirýär.

2004-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň Döwlet serhedinden çykyş-girişlerini hasaba almak hem-de 2005-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyny dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak boýunça resminamalary kabul etmek we olary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurda hemişelik ýaşamaga göçüp gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirip başlady.

2008-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Halkara ülňelerine laýyk gelýän (IKAO) Türkmenistanyň raýatlaryna Biometrik maglumatly pasport resmileşdirilip başlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli welaýat müdirliklerinde we Aşgabat şäherinde hem-de etrap, şäher bölümlerinde Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlar resmileşdirilýär.

TDMG-y tarapyndan raýatlara hyzmat bermek üçin 01.04.2017-nji ýylda "Onlaýn Hyzmatlar" bölümçesi döredildi. Bu bölümçede raýatlaryň wagtlaryny tygşytly ulanmalary üçin  Biometrik maglumatly pasport resmileşdirilende elektron ýüz tutmalary kabul edilip başlandy. Şeýle hem, ýüz tutmalaryň ýagdaýyny öwrenmek mümkinçiligi hem döredildi.

Bulardan başga-da, 01.02.2013-nji ýylda “Maglumat ibermek” bölümçesi döredilip, migrasiýa ulgamyna degişli soraglara gysga wagtyň içinde jogaplamak mümkinçiligi bar. Şeýle hem TDMG-nyň web saýtynda Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik wakalary bilen yzygiderli tanyşdyrýan türkmen, rus, iňlis dillerinde habarlar ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanda sporty ösdürmeklik baradaky aladalaryndan ugur alyp, TDMG-da “Migrasiýa” woleýbol topary hem-de “Migrasiýa” futzal toparlary hereket edýär. Bu toparlar Türkmenistanyň çäginde, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda (çempionatlarda) üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeleri gazanyp gelýär.


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirlikleriniň salgylary we telefon belgileri barada;

1.Aşgabat şäheri boýunça müdirligi,  Aşgabat şäheriniň Azady köçesiniň 57-nji jaýy.  (993 12) 94-10-35

2.Arkadag şäheri boýunça müdirligi,  Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow köçesiniň 7-nji jaýy.  (993 12) 57-08-00

3.Mary welayaty boýunça müdirligi, Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 9-njy jayy. (993 522) 6-96-90.

4.Lebap welaýaty boýunça müdirligi, Lebap welaýaty Çärjew etraby Boýrabap geňeşligi Hojamiresen oba Jeýhun köçesiniň 2-nji jaýy.  (993 422) 2-08-10

5.Ahal welaýaty boýunça müdirligi, Akbugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Ç.Wellekow köçesiniň 16-njy jaýy. (993 137) 33-4-80.

6.Balkan welaýaty boýunça müdirligi, Balkanabat şäheriniň 146-njy kwartalynyň 42-nji jaýy. (993 222) 6-02-68.

7.Daşoguz welaýaty boýunça müdirligi, Daşoguz şäheriniň Al-Horezmi köçesiniň 20-nji jaýy. (993 322) 9-04-49.



Pasportyn möhleti gutaran son naçe ay önünden taze pasport üçin dokument tabşyrmaly[düzet | çeşmäni düzet]

Pasaportyn srogy gutaran son naçe ay önünden taze pasport üçün dokumenti tabşyrmaly 81.215.198.219 07:14, 19 mart 2024 (UTC)[jogap ber]