Türkmenistanyň ''Türkmenistan'' döwlet täjirçilik banky
Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz
"Türkmenistan" Döwlet Täjirçilik Banky 1990-njy ýylyň derkabr aýynyň 29-na Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 1999-njy ýylda bank döwlet eýeçiligine geçirildi.
| Headquarters | 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesi, 79 |
|---|---|
| Established | 1990 ýyl, 29-njy dekabr |
| Ownership | Türkmenistan |
| Governing body | Häkimiýet |
| President | Skript ýalňyşlygy: "getValue" funksiýasy ýok. |
| Website | https://www.tnbk.tm/tm/ |
| Tel +993 (12) 44-03-04
Fax +993 (12) 92-07-35 Email info@tnbk.tm SWIFT kody TNBKTM2X | |
Bank Barada
[düzet | çeşmäni düzet]Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň köpugurlylygyny gazanmak babatda düýpli öňegidişikler gazanylýar. Häzirki döwürde belent sepgitlere tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ykdysady ösüş babatynda öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetilmeginde döwlet maksatnamalarynyň döwrebap, kämil bolmagynyň we durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr.
Bu babatda karz edaralaryň milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, häzirki wagtda ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem ýokarlanmagyny maksat edinip, giň gerimli işler alnyp barylýar.
Alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň "Türkmenistan" döwlet täjirçilik banky aşakdaky karzlary we bank hyzmatlaryny hödürleýär.
Bank karzlary:
- Ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli edara görnüşli taraplaryna;
- Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we onuň tabynlygyndaky edara kärhanalar;
- Jemgyýetçilik guramalar;
- Ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplaryna we hususy telekeçiler;
- Türkmenistanyň raýatlaryna berilýän karzlar.
Bank hyzmatlary:
- Milli we daşary ýurt pullarynda bank hasaplaryny açmak
- Milli we daşary ýurt pullarynda nagt däl hasaplaşyklary
- Milli we daşary ýurt pullarynda nagt hasaplaşyklary
- Inkasso boýunça hasaplaşyklary
- Akkreditiwler boýunça hasaplaşyklary
- Bank blanklary we hyzmatlary
- Goýum bilen baglanyşykly amallar
- Bank karty bilen baglanyşykly amallar
- Bank kepillikleri
- Gazna bazaryndaky hyzmatlar
Altyn Asyr Töleg Ulgamy
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 23-nji martyndaky N7824 belgili Türkmenistanda bir bitewi bank programma serişdelerini ornaşdyrmak we milli kartly töleg ulgamyny döretmek hakynda kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen, "Türkmenistan" döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň goldamagynda Altyn Asyr töleg ulgamynyň kartyny dolanyşyga goýberip başlady. "Türkmenistan" döwlet täjirçilik banky Altyn Asyr töleg ulgamynyň bank kartlaryny emissiýa etmekde iň iri emitent bank bolup çykyş edýär. Türkmenistan bank tarapyndan hyzmat edilýän müşderiler, esasan Döwlet büjetinden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalar zähmet haklarynyň tölegleri üçin köp möçberlerde nagt puly sarp edijiler bolup durýar. Türkmenistan banky ilatyň wagtlaýyn erkin serişdelerini banka çekmek ugrunda alyp barýan syýasaty yzygiderli kümilleşdirilýär.
Arhiw
[düzet | çeşmäni düzet]Archived 2016-03-14 at the Wayback Machine