Mazmuna geçiň

Türkmenistanda Bank Ulgamy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz

Walýuta Interwensiýasy - Merkezi bank walýuta bazarynda daşary ýurt pullaryny satmak we satyn almak amallary arkaly milli manadyň alyş-çalyş hümmetine täsirini ýetirmek maksady bilen gatyşmakdan durýar. Milli manadyň alyş-çalyş hümmetini ýokarlandyrmak üçin Merkezi bank daşary ýurt puluny satýar, peseltmek üçin bolsa daşary ýurt puluny milli manada çalşyp satyn alýar. Merkezi bank walýuta interwensiýasyny milli manadyň alyş-çalyş hümmetini satyn alyjylyk ukybyna has ýakynlaşdyrmak üçin geçirýär. şeýle-de, eksport edýän kärhanalryň hem-de import edýän kärhanalaryň arasyndaky ylalaşygy tapmak üçin geçirýär.

Türkmenistanyň Häzirki Wagtda Hereket Edýän Banklary

[düzet | çeşmäni düzet]
Bankyň AdyBankyň GörnüşiWeb Sahypasy
Türkmenistanyň Merkezi Banky TMB https://www.cbt.tm/
Türkmenistanyň Döwlet Ösüş BankyTDÖBhttps://www.tdob.gov.tm/ Archived 2016-01-09 at the Wayback Machine
Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş BankyTFEBhttps://www.tfeb.gov.tm/ Archived 2011-08-24 at the Wayback Machine
«Türkmenistan»DTBhttps://www.tnbk.tm/ Archived 2025-01-22 at the Wayback Machine
«Daýhanbank»DTBhttps://www.dayhanbank.gov.tm/
Türkmen-TürkPTBhttps://www.turkmenturkbank.com.tm/ Archived 2014-12-31 at the Wayback Machine
«Senagat»PTBhttps://www.senagatbank.com.tm Archived 2020-09-28 at the Wayback Machine
«Halkbank»PTBhttps://www.halkbank.gov.tm/ Archived 2016-01-09 at the Wayback Machine
«Türkmenbaşy»PTBhttps://www.tbbank.gov.tm/ Archived 2021-09-09 at the Wayback Machine
«Rysgal»PTBhttps://www.rysgalbank.com.tm/ Archived 2015-05-03 at the Wayback Machine

[1]

  - PTB - Paýdarlar Täjirçilik Banky
  - DTB - Döwlet Täjirçilik Banky

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda TMB-niň işi

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň Merkezi banky Kawkaz döwletleri, Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasy ýurtlarynyň bank gözegçiligi boýunça Bazel komitetiniň sebitara toparynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanda hereket edýän banklara gözegçilik etmek we ygtyýarlandyrmak boýunça işjeňligi sazlaşdyrmak ulgamynda Bazel toparynyň tekliplerini ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan daşary ýurt pulunda aragatnaşyk (korrespondent) hasaplary diňe birinji derejeli daşary ýurt banklarynda açylandyr. Şu günki güne, esasy üns jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy hereket etmek boýunça esasy halkara talaplaryna, hususan-da, Bazel toparynyň "Öz müşderiňi tana", jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaklyga garşy hereket etmek maksatlarynda bank we täjirçilik syryny saklamak talabyny gowşatmak, adaty bolmadyk we şübheli amallary aýdyňlaşdyrmak bolup durýar. Bank ulgamynyň jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmak meselesiniň has-da derwaýys bolup, durýandygyny göz öňünde tutup, banklaryň we kadalaşdyrjy guramalaryň işi ilkinji nobatda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan  girdejileri kanunylaşdyrmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy hereket etmek boýunça ygtybarly çärelere gönükdiriler. Türkmenistanyň "Jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terroçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky" kanunynyň kabul edilmegi, şeýle hem, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy, ilatyň we mümkin bolan maýagoýujylaryň öňünde bank ulgamynyň howpsyzlyk derejesiniň ýokarlanmagyna ynamyny artdyrar.

  1. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2015-09-08. Retrieved 2015-08-20. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)