Türkmenistan Mezolit we Neolit zamanlarynda
Mowzuk: Türkmenistan Mezolit we Neolit zamanlarynda
Meýilnama
1. Mezolit zamany we onuň tapyndylary.
2. Neolit zamany we onuň tapyndylary.
Mezolit we neolit zamanlarynyň dowamlylygy paleolit zamany bilen deňeşdirende onça bir uzak bolman , ýagny 10-15 müň ýyllygy öz içine alýar. Dünýä taryhynda mezolit ýer ýüzündäki iň soňky buzlanmanyň eräp başlan döwrüne gabat gelýär. Buz erän ýerlerde geografiki landşaft (daş ýüzüniň görnüşi) fauna we flora tiz üýtgeýär. Äpet buzluklaryň eremegi, bilen ähli ýerlerde suw köpelýär. Şu zamanda Kaspi deňziniň hem suwunyň derejesi ýokarlanyp ep-esli gury ýer giňişliklerini basýar. Bir söz bilen aýdanda Hwalin transgressiýasy diýlip atlandyrylan suw joşguny zerarly Kaspiniň suwy häzirki derejesinden 75 metre gowrak ýokary göterilýär.
Türkmenistanyň çäklerinde mezolit döwrüne degişli köp sanly tapyndylaryň üsti açyldy. Olara Jebel gowagy, Kesgirgulak,, Garabogazyň gündogarynda ýerleşýän Hapasuw, Depeçanak gonalgalary, Balkan daglarynda ýerleşýän Gaýly, I hem-de II Damdamçeşme gowaklary, Garailim gonalgasy, Uzboýyň aşak akymyndaky Kelkör, Aktam, Soňrajy ýaly gonalgalar degişlidir. Häzirki wagtda arheologlar jemi 30-a golaý ýerden mezolit zamanyna degişli ýer üsti, 4 sany hem ýer asty medeni gatlaklary (Jebel, Gaýly, I we II Damdançeşme) açdylar we ylmy esasda öwrendiler.
Soňky ýyllarda Gündogar Türkmenistanda Gowurdakda Balahana dagynyň Gündogaryndan giçki mezolit dowrüne degişli ilki durmuş adamlaryň duralgasynyň hem üsti açyldy.
Arheologik tapyndylar mezolit döwrüniň adamlarynyň awçylyk, balyk tutmak, ir-iýmiş çöplemek bilen meşgullanandygyny tassyklaýar. Ýokarda agzalan mezolit zamanynyň adamlarynyň düşelgelerinden bekräniň, çökäniň, zagaranyň, keçiriň süňk galyndylarynyň köp tapylmagy balyk tutmaklygyň, ony iýmit höküminde peýdalanmaklygyň ösendigini aňladýar.Iň gadymy adamlaryň durmuşynda balyk tutmaklygyň möhüm rol oýnandygyna seretmezden, mezolit zamanynda adamlaryň durmuşynda awçylyk esasy orunda durupdyr. Bu ýagdaýy Jebel gowagyndan, Damdamçeşmeden tapylan ýabany haýwanlaryň: goýunyň, geçiniň, gulanyň, öküziň, gureniň, pişigiň süňkleri tassyklaýar. Mezolit zamanynyň adamlary ep-esli derejede kämilleşen zähmet gurallary, aw üçin ýaraglary bolup daşdan ýiti uçly naýzalar, dürli ölçegli uçluklar, ok-ýaýlar hyzmat edipdir. Ýygnaýjylyk olaryň hojalygynda möhüm orny eýeläpdir. Öndüriji güýçleriň ösüşiniň taryhynda ýaýyň we peýkamyň uly ähmiýeti bolupdyr. ýaý we peýkam tehniki tejribäniň kem-kemden we uzak wagtly jemlenmesiniň, adamyň zähmet tejribesiniň, onuň praktiki bilimleriniň yzygiderli baýlaşmagynyň netijesi bolupdyr.
Ýaýyň oýlanyp tapylmagy,daşdan ýasalan gödek gurallardan ýaýa we peýkama geçilmegi, düýpli öwrülşige getiripdir. Awçylyk düzgüninden haýwanlary eldeki etmeklige, ilkidurmuş maldarçylygyna geçmeklige getirilýär. Ýabany haýwanlary eldekileşdirmek gaty uzak wagty öz içine alypdyr hem-de çylşyrymly bolupdyr. Ýer ýüzünde 140 müň haýwan ýaşap şondan diňe 47-si eldekileşdirilendir. Ilkinji eldekileşdirilen haýwan it bolupdyr. Geçileri, goýunlary, doňuz eldekileşdirmek b.e.öňki 7 müň ýyllyga, ýagny giçki mezolit döwrüne degişlidir. II Damdamçeşmeden tapylan geçiniň goýnuň süňk galyndylary, şol döwürde ownuk şahly maldarçyulyga geçmekligiň başlanandygyny habar berýär. Munuň özi awçylyga, balykçylyga, ýygnaýjylyga daýanýan hojalyk durmuşynda täze has ähmiýetli pudagyň elementleriniň ýüze çykyp başlandygyny aňladýar.
Gowaklardan tapylan däne owguçlar Türkmenistanyň medolitik taýplarynyň durmuşynda ýabany ösümliklerden, ilkinji nobatda däneli ösümlikleri çöplemeginde uly ähmiýete eýe bolandygyny aňladýar.
Hojalygyň täze pudaklarynyň emele gelmegi, olaryň kämilleşip başlamagy neolit döwri – täze daş asyry üçin häsiýetli alamatlaryň biridir. Şol bir taryhy döwürde dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşan adamlaryň durmuşynda sosial-ykdysady gatnaşyklar dürli depginde ösüpdir. Şu ýagdaý Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan iň gadymy ýaşaýjylar üçin hem häsiýetlidir.
Neolit zamanynda Türkmenistanyň günorta dag eteklerinde ekerançylyk medeniýeti giň ýaýran bolsa, Günbatar- we Demirgazykda, ýygnaýjylaryň, balykçylaryň, maldarlaryň özboluşly medeniýeti dowam edipdir.
Jebel, II Damdamçeşme , Gaýly ýaly köp medeni gatlakly gowaklardan, Üstýurtda Kemal çöketliginden, aşaky Uzboýyň golaýyndan, Balkandagyň demirgazygyndan, neolit zamanyna degişli köp sanly tapyndylar tapyldy.
Jebel gowagyndan tapylan çakmakdaşdan ýasalan iri tyglar, peýkam uçlary, palçykdan ýasalan gap-çanaklaryň nusgalary, däne owmak üçin niýetlenen ýasy daş ownuklary, goýundyr geçiniň, jerendir balygyň süňk galyndylary neolit döwründe ýaşan adamlaryň awçylyk, ýygnaýjylyk balyk tutmak bilen bir wagtda maldarçylyk bilen hem meşgullanandygyny aňladýar. Tapyndylar eýýam mezolit döwründe Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan adamlaryň durmuşynda özboluşly aýratynlyklaryň peýda bolandygyny subut edýär. Hut şu döwürden başlap olarda sosial-ykdysady, medeni babatda ösüş has çaltlaşypdyr. Mezolit zamanynyň ruhy medeniýeti hakynda olaryň özlerini deňziň ýalpyldawuk balykgulajyklaryny dakynyp bezenmek adaty düşünje berýär.
Jebel gowagyndan tapylan daş gurallar giçki mezolite, keramiki önümler bolsa neolit zamanyna, irki bürünç asyryna degişlidir. Bu tapyndylar Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymy döwürden başlap ýaşaýşyň üznüksiz dowam edendigini, adamlaryň dürli taryhy döwürlerde özboluşly ýaşaýşynyň, zähmet gurallarynyň medeniýetiniň bolandygyny anyklamaga ýardam edýär. Gowaklardan tapylan adamlaryň peýdalanan zähmet gurallarynyň görkezmegine görä, indi adamlar haýwanlaryň hamyny eýelemek, süňk we agaç ýonmak, ol ýerden zähmet gurallaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar. Aýry-aýry medeni gatlaklardan tapylan zähmet gurallarynyň esasy bölegi haýwanlaryň süňkünden ýasalypdyr. Ýöne ol gurallar has gödek, işlemek üçin oňaýsyz bolupdyr. Mezolit zamanynyň aýaklarynda daş gurallary belli bir forma berilipdir. Olaryň funksiýalary artyp, şol gurallaryň kömegi bilen işiň birnäçe görnüşleri ýerine ýetirilipdir. Ösümlikleriň miwelerini çürtipdirler, köküni köweläpdirler, haýwanlaryň etini böleklere bölüpdirler, derisini soýupdyrlar, hamyny gazapdyrlar.
Mezolit zamanynda oduň peýdalanylyp başlanmagy bilen ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda düýpli öwrülşik başlanypdyr. Adamazat tarapyndan oduň peýdalanylyp başlanmagyna ýyldyrym çakmagy, wulkan atylmagy sebäpli, tokaýlarda ýangynyň emele gelmegi sebäp bolupdyr. Şol ýangynlar sebäpli köp sanly haýwanlar oduň içinde galypdyr. Şol haýwanlaryň etinden iýip gören adamlar bişen etiň çig etden tagamly bolýandygyny aňypdyrlar. Edil şeýlede ot adamlary sowukdan, wagşy haýwanlardan goramakda hem ähmiýeti uly bolupdyr. Şeýlelik bilen iň gadymy adamlar ody öz ýaşaýan mekanlaryna ojaklaryna getirip, ony söndürmän saklapdyrlar.
Oduň peýdalanyp başlanmagy adamzadyň durmuşynda diňe bir medeni progressiň ösmegine däl eýsem adamzadyň kämilleşmegi üçin hem ähmeýetli bolupdyr. Ot adamzadyň hojalyk durmuşynyň esasyny goýupdyr, işeňnirligini artdyrypdyr. Adamlar ody öçürmän saklamak üçin, daş-töwerege ot düşmezligi, ätiýaçlygy elden bermändirler. Indi adamlar ody ýelden, ýagyşdan, gorap saklamaly, ýagny kadalaşdyrmaly, bol-elin gury odun taýýarlamaly bolupdyrlar. Oduň ýüze çykmagy aýallar bilen erkek adamlaryň arasynda zähmet bölünişigini hem ýüze çykyrypdyr.
Erkek adamlar ody dürli ýollar bilen alypdyr. Aýallara bolsa indi öý-hojalyk işleri: çagalary ösdürmek, terbiýelemek, nahar taýýarlamak, ody söndürmän saklamak bilen meşgul bolmagyna getiripdir. Indi ojagyň eýesi aýallar bolupdyr. Ot ýaşaýyş jaýda ýylylyga nahar taýýarlamaklygyň esasy serişdesine öwrülipdir.
Şeýlelikde görüşimiz ýaly adamzat ody baryp mezolit zamanyndan bäri özleriniň gündelik durmuşynda giňden peýdalynyp başladylar. Birneme soňrak bolsa adamlar ody emeli el bilen almaklygyň hötdesinden gelipdir.
Oduň medeni we tehniki ähmiýetinden başga-da, jemgyýetçilik ähmiýeti-de uly bolupdyr. ol adamlary bir-birleri bilen ýakynlaşdyrypdyr. Ýokarky paleolit we mezolit zamanlarynda enelik urugçylyk jemgyýeti höküm sürüpdir. Bu jemgyýet urug toparlary ene tarapyndan bolan kowumlaryň gany bir garyndaşlyk toparlary bolupdyr.
9-7 müň ýyl mundan ozal täze daş asyry başlanýar. Bu zamanda adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynda taryhy özgerişlikler bolup geçýär. Indi adamzat tebigatyň taýýar önümlerini seri etmekden, ony öndürmeklige girişýär. Ýygnaýjylyk we awçylyk öz ornuny ekerançylyga we maldarçylyga berýär. Bu öwrülşigi kä halatlarda “neolitik rewolýusiýa” diýip hem atlandyrýarlar.
Türkmenistanyň çäklerinde irki neolit zamanyna degişli tapyndylaryň esasy bölegi Aşgabatdan 30 km- ýerleşen Jeýtun obasyndaky medeni gatlaklaryndan tapyldy.
Jeýtun medeniýeti B.M. Masson tarapyndan öwrenilip, bu ýerde öňki SSSR-iň çäginde iň irki ekerançylygyň ýüze çykandygy belli boldy. Munuň özi Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanyp başlan döwründe dünýäniň beýleki ýerlerinde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar. Bu döwürde daş gurallary ep-esli kämilleşipdir. Jeýtun obasynda jemi 200-240 adam ýaşapdyr. Ýaşaýyş jaýlary palçykdan bejerilipdir.
Gyzylarbat bilen Mäne-Çäge oazisi aralygynda Jeýtun medeniýetine degişli Çopandepe, Togalak depe, Bamy, Çagylly we Monjukly depe ýaly ençeme obalaryň bolandygy ýüze çykaryldy.
Jeýtun we Çopandepe ýadygärlikleri gazylyp agtarlanda arpa däneleriniň yzlary, bugdaý däneleri bilen bir wagtda maldarçylygyň ösendigini görkezýän öý haýwanlarynyň süňkleri tapyldy. Bu döwürde esasy orunda awçylyk durupdyr. Jeýtun medeniýetiniň soňky döwürlerinde hojalykda kem-kemden eldeki haýwanlar agdyklyk edip başlapdyr. Bu döwürde zähmet gurallaryny ýasamakda esasy orunda ýylmanak daşlar durupdyr. Adamlar daşdan orak, soky, däne owguçlary bejeripdirler. Jeýtunlylar palçykdan gap-çanaklary bejerip olary göni we egrem-bügrem çyzyklar görnüşinde haşamlapdyrlar.
Kaspi deňziniň kenarlarynda ýaşan awçylaryň, iýmit çöpleýjileriň obşinalary bilen bir hatarda çöllüklerde, sähralarda gadymy urug obşinalarynyň mekanlarynyň alamatlary Krasnowdsk ýarym adasynyň jümmüşinde, Garagumda Maňgyşlakda we ondan aňry demirgazykda Gazagystan sähralarynda duş gelýär. Şeýle gadymy mekanlar Uzboýyň boýunda has köp. Olar Uzboýyň aşak akymynyň boýunda, ondan demirgazyga Amyderýanyň aşak akymlaryna tarap yzy üzülmän uzalyp gidýär.
SSSR Ylymlar Akamedimiýasynyň Etnografiýa Institutynyň ýanynda döredilen Horezm arheologiki – etnografiki ekspedisiýasy S.P. Tolstowyň ýolbaşçylygynda Amyderýanyň aşak akymlarynda 1939-njy ýylda arheologiýa gözleglerini geçirdi. Şonda Amyderýanyň sol kenaryndan Ýanbaşgalanyň töwereklerinden neolit döwrüne degişli küýze döwükleriniň daşdan ýasalan gurallaryň ençemesi tapyldy. Şol gadymy adamlaryň ýaşan ýerleriniň Ýanbaşgalanyň ýakynynda ýerleşeni üçin oňa Ýanbaşgala 1,2,3,4 diýlip atlandyrypdyrlar. Ýanbaşgala 4-nji diýen ýerde geçirmeli barlaglar netijesinde tapylan tapyndylaryň Kelteminar obasyna ýakyndygy sebäpli ol Kelteminar medeniýeti diýlip atlandyrylýar. Kelteminar medeniýetini döreden ilat awçylyk bilen meşgullanypdyr. Bu ýerde ilat ýerzeminlerde ýaşapdyr. Ýaşaýyş jaýlarda ot ýanýan ojak bolupdyr. Kelte minarlylaryň maddy medeniýeti ösen neolit zamanynyň medeniýetiniň derejesinde bolupdyr. Olar özleri üçin daşdan zerur bolan zatlary bejermek üçin, çakmak daşdan ýasalan tygly gurallary peýdalanypdyrlar. Olar mezolit zamanynyň aw awlamak üçin zerur bolan ýaraglary bilen bir wagtda täze sap neolit zamanyna degişli peýkam uçlaryny hem peýdalanypdyrlar. Kelteminarlylar palçykdan gap-çanak ýasamagy olary timarlamagy başarypdyrlar. Balykgulakdan monjuk hünji ýaly bezeg şaý-serpleri bejerip dakynypdyrlar.
Kelteminar medeniýeti b.e.öňki IV müň ýyllygyň aýagynda III müň ýyllygyň başlarynda döräpdir.
Orta Aziýanyň sähralarynda we çöllerinde ýaşan awçylar, balykçylar we iýmit ýygnaýjylar ýaly gadymy kelteminarlylaryň hojalygynyň we durmuşynyň primitiw bolanlygyna garamazdan, olar özlerinden has uzaklardaky ilatdan üzňe ýaşamandyrlar. Bu otrum ýerinde ýaşan ilat Eýran Arabystan aýlaklaryndaky ilat bilen aragatnaşykda bolupdyrlar. Onuň şeýledigini tapylan balykgulaklardan ýasalan köp sanly monjuklar subut edýär. Kelteminardaky oturym ýerlerden tapylan keramika Amyderýanyň aşak akymlaryndan uzak demirgazykda we gündogarda ýaşan neolit zamanynyň taýpalarynyň medeniýeti bilen Aral Ýakasyndaky medeniýetiň aragatnaşygynyň bolandygyny subut edýär.
Kelteminarlylar bilen Uralda, Günorta we Günbatar Sibirde, Orhon-Ýeniseý derýalarynyň boýlarynda ýaşan döwürdeşleriniň keramik önümlerinde hem meňzeşlikler köp.
Kelteminarlylaryň, Jebellileriň, Köpetdag eteklerinde ýaşan ilatyň neolit döwrüne degişli maddy medeniýetinde-de meňzeşlikler köp. Beýleki welaýatlar bilen gatnaşyklar Kaspi kenarynda ýaşan ilatyň arasynda hem bolupdyr. Kaspi ýakasyndaky gowaklarda birneme irkiräk döwre degişli ýüzi ýylmanan, özide elde ýasalan gaplaryň gyzyl reňkli käwagtlarda bolsa gara reňkli döwükleri peýda bolýar. Soňra şol gowaklaryň ýokarky gatlaklarynda melemtil reňkli nepis gaplaryň döwükleri duş gelip başlaýar. Şu döwüklerdir, gaplar şol zamana garanda ýokary medeniýetiniň bir eýýamden bäri ösüp gelen ekerançylyk sebitlerinden getirilipdir. Şol medeniýeti döreden adamlar bolsa oturym ýerleriniň alamatlaryny galdyrandyrlar. Şol oturym ýerleriniň aşaky medeni gatlaklarynda boýag. bilen owadan hoşamlanan, palçykdan ýasalan gap-çanaklaryň döwükleri, birneme ýokarrakdaky gatlakda bolsa ýüzi ýylmanan melemtil we gara reňkli döwükler bar.
Şunuň bilen birlikde Kaspi ýakasyndaky ýaşan adamlaryň medeniýetinde bir topar täze alamatlar hem ýüze çykýar. Bu alamatlar bolsa olaryň durmuşyndaky möhüm üýtgeşmeleri görkezýär. Munuň şeýledigini Jebel gowagynyň ýokary gatlaklaryndan tapylan peýkamlara oturdylýan mindolitik uçlaryň deregine indi iki tarapy hem nepis gysyjy ýongyç bilen timarlanan neolit zamanyna degişli uçlar ýüze çykýar.
Uzboý jülgesinde gadym adamlaryň ýüze çykarylan mekanlary şol zamana degişlidir. Bu ýerlerde daşdan ýasalan, gowy ýylmanan paltajyklar tapyldy. Bu paltajyklar Kelteminardan tapylan paltajyklara çalymdaşdyr. Neolit zamanynda ýasy daşlar görnüşindäki ýönekeý däne owguçlaryň deregine gadymy müsür owguçlaryna meňzeş täze däne owguçlary peýda bolýar.
70-nji ýyllarda Düýeboýun suw howdanynyň zonasynda geçirilen arheologyň gözleg işleri netijesinde Türkmenistanyň territoriýasyndan Tümmekkiçijik diýen ýerden gadymy gonamçylygyň üsti açyldy. Bu gonamçylyk neolit zamanyna degişli ekeni. Bu ýerden tapylan gap-çanaklar, çakmak daşyndan ýasalan zähmet gurallar özleriniň ýasalyş tehnikasy boýunça Amyderýanyň sag kenaryndan neolit zamanyna degişli tapyndylara meňzeşdir.
Soňky döwürlerde Jebel gowagynda adamlar hemişelik ýaşamandyrlar. Indi ilat gowaklarda käýarym düşläpdirler. Kaspi kenaryndaky gowaklaryň birden boşap galmaklygynyň sebäbi indi b.e.öňki IV-III müň ýyllyklarda Türkmenistanyň gadymy ilatynyň durmuşynda düýpli üýtgeşmeler bolup başlapdyr.
Köpetdagyň eteklerinde, ýeriň tebigy suwarylmagy üçin peýdalanylyp boljak çeşmeleriň we bulaklaryň boýunda täze medeniýet, ekerançylyk medeniýeti emele gelýär. Şu ekerançylyk bilen meşgullanyp başlan ilat bolsa, mundan beyläk Türkmenistanyň ilatynyň taryhynda uly orun tutup başlaýar.
Tebigy şertleriň yzgytsyz primitiw ekerançylyga mümkinçiligiň ýok ýerlerinde bolsa ilat awçylykdan, iýmit çöpleýjilikden öý haýwanlaryny edinmeklige geçip başlaýar. Bu geçiş bolsa adamlaryň ýaşaýşyny has oňat täsir edip başlaýar.
Şoňa göräde hut şu döwre degişli Jebel gowagyndan tapylan tapyndylaryň arasynda ýabany haýwanlaryň süňkleri bilen birlikde öý geçileriniň süňkleri hem peýda bolýar.
Şeýlelik bilen hem Türkmenistanda awçylaryň, iýmit çöpleýjileriň ilkidurmuş medeniýetiniň zamany gutarýar.
Dag eteklerinde çeşmeleriň, derýalaryň boýlarynda ekerançylyk sähralardaky we çöllerdäki welaýatlarda maldarçylyk hojalygy progressiw ösüp başlaýar. Bu ösüş bolsa iň gadymy medeniýetiň gazananlarynyň esasynda öňe gidipdir.
Ýer şarynyň ýüzündäki iň gadymy we öňde baryjy ekerançylyk medeniýetleriniň biriniň başlangyjy hut Türkmenistanyň territoriýasyndan, Eýran daglygy bilen Turan düzlüginiň arasyndaky serhetden tapyldy. Şol ýadygärligiň iň gadymylary Jebel gowagynda b.e.öňki V müň ýyllyga degişlidir. Aşgabatdan 30 km demirgazyk-günbatar tarapdaky Jeýtunyň ýanynda bolan oturym ýeri hem şunuň ýaly ýadygärlikdir.