Mazmuna geçiň

Gaýly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gaýly mezolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Ol günbatar Türkmenistanda, Balkan welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän gowakdyr. Gaýly gowagyndan birnäçe tapyndylar tapyldy. Gaýlydan çakmak daşlaryndan ýasalan gazawlaryň, ýasy daşlaryň üsti açyldy. Tapylan üçburçluk görnüşindäki çakmak daşlaryny ulanandyklaryny hem bilýäris. Çakmak daşyndan ýasalan ýüzi ýörite ýonguç bilen ýiteldilip, bir tarapy ýonuk daşlar hem tapyldy. Bu ýasy, oýukly daşlar peýkamlary, agaç oklary ýasamak üçin hyzmat edipdir. Mundan başga-da, gowakda gazawlar we deşgiç görnuşli gurallar hem tapylandyr.

Arheologiki barlaglaryň netijesinde Gaýly gowagynyň golaýyndan, takmynan b. e. öňki IX-VIII müňýyllyga degişli gadymy mazarlaryň üsti açylýar. Bu ýerdäki tapyndylar şol döwrüň adamlarynyň ruhy medeniýetini öwrenmäge, olaryň dini ynançlary barada käbir netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu döwrüň adamlary öz merhumlarynyň kellesini demirgazyk-günbatar tarapa goýup jaýlapdyrlar. Adamlar öz merhumlaryny jaýlamazdan öňürti, olaryň üstüne ohra (ýörite ysly suwuklyk) sepipdirler. Bu däbi ýerine ýetirmek bilen, olar ohranyň adatdan daşary güýjüne- 《o dünýäde》merhumy 《janlandyryp》biljegine ynanypdyrlar. Hatda ol döwürdäki merhumlar öz jaýlarynyň astynda jaýlanypdyrlar (biziň ýanymyzdan gitmesin diýip). Gaýly gowagynyň adamlary merhumlary balykgulakdan ýasalan monjuklar bilen bezäpdirler, çakmak daşyndan ýasalan dürli görnüşli pyçaga meňzeş gurallary olaryň guburlarynda goýupdyrlar. Günbatar Türkmenistanda ýaşan gadymy adamlar 《o dünýäde》ýaşaýşyň bardygyna ynanypdyrlar.

B. e. öňki V- IV müňýyllyklarda adamlaryň 《o dünýa》hakynda ynançlary ösüpdir. Gadymy adamlarda: 《Adam ölse-de, onuň ruhy ýaşaýar, ol diri adam ýaly iýmitlenýär》diýen düşünje döräpdir. Şonuň üçin olar merhumlarynyň mazarynda içi azykly gap-gaçlary goýupdyrlar.