Türkmen alabaýy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaby.Milli Lidermiziň belleýşi ýaly “Alabaýlaryň ýagşylygyň tarapdarydygyny aňladýar” .Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda türkmen alabaýlarynyň taryhyna degişli maglumatlaryň toplanylmagyna, ýurdumuzyň çäginde iň gadymy künjeklerde gazuw agtaryşyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.Bu işleriň netijeli alnyp barylmagy bolsa türkmen halkynyň taryhyny, olaryň döreden aýratynlyklaryny dikeltmekde möhüm orny eýeleýär.Geçirilen ylmy barlag işleriniň dowamynda, beýleki gymmatly maglumatlar bilen bir hatarda alabaý tohumdaky itleriň taryhyna degişli gymmatly yzygiderli maglumatlar we tasin sowallar ýüze çykýar.Arkadagymyzyň täze kitabynda şunuň ýaly gymmatly maglumatlaryň mynasyp orun eýelemegi, bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýlaryna bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady we ony neşir etmäge berdi.Bu eseri türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden deňi-taýy bolmadyk milli gymmatlyklaryny has-da dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolar.Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda türkmen bedewlerine, türkmen halysyna, aýdym-saz sungatyna, medeniýetine, umuman, milli gymmatlyklarymyzyň ençemesine ýörite kitaplary bagyşlandygyny aýtmak gerek.Alabaý hakyndaky täze kitap döwlet Baştutanymyzyň milli aýratynlyklarymyza belent sarpasynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.Türkmen alabaýy kitaby 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda neşir edildi.