Sylapow Muhammetseýit Babaýewiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Sylapow Muhammetseýit Babaýewiç
Dogulan wagty we ýeri1978
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasy
KäriTürkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri
MilletiTürkmen

Sylapow Muhammetseýit Babaýewiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Doglan senesi we ýeri[üýtget | edit source]

1978-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda doguldy. Milleti turkmen.

Bilimi we hünäri[üýtget | edit source]

Ýokary bilimli. 1999-njy ýlda Türkmen halk hojalyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça ykdysatçy-menejer.

Zähmet ýoly[üýtget | edit source]

Zähmet ýoluna 1999-njy ýylda «ANAIS» hususy kärhanasynda hasapçy wezipesinde başlady.
2000-2002-nji ýyllarda Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň pensiýalar müdirliginiň esasy hünärmeni.
2002-2011-nji ýyllar aralygynda Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň gözegçilik-derňew bölüminiň baş hünärmeni, bölüm başlygynyň orunbasary, pensiýalar müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi.
2011-nji ýylyň aprel aýyndan iýun aýyna çenli Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa üpjünçiligi müdirliginiň başlygy.
2011-2016-njy ýyllarda şu ministriigiň zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary.
12.2017-26.01.2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
26.01.2018-nji ýyldan Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary[üýtget | edit source]

  • «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly.

Çeşmeler[üýtget | edit source]

Edebiýat[üýtget | edit source]

  • "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.3.