Mazmuna geçiň

Gyzylarbat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Serdar sahypasyndan gönükdirildi)
[takyklamasyz]
Gyzylarbat
Ýurt
Türkmenistan
Sebit
Balkan welaýaty
Koordinatlar
Resmi dil
Ilat
50 000 adam
Sagat guşaklygy
Telefon kody
+993 246
Karta
Karta
Gyzylarbat
Gyzylarbat şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi (Günbatar tarapdan)

Gyzylarbat (SSSR wagtynda rusça Kizyl-Arbat, ýagny Кизыл-Арбат diýip ýazylýardy) bu Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherinden soň üçünji uly şäheri. Ilaty 50000 töweregi. Bu şäher Aşgabat we Balkanabat şäherleriniň arasynda, olardan takmynan deň aralykda ýerleşýär. Gyzylarbat şeýle hem etrap bolup, ol Janahyr, Purnuwar, Hojagala, Goç, Zaw, Paraw, Çukur diýen ýaly birnäçe obalary we daýhan birleşiklerini öz içine alýar.

Gyzylarbat şäheriniň iri ykdysady zawod fabrikleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Wagon remont ediş zawody

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu zawodyň düýbi 1882-nji ýylda esasy demir ýol ussahanasy hökmünde tutulýar. 1992-nji ýylda ussahanany rekonstruksiýa edýärler. 1928-nji ýylda onuň ady "Parawoz remont ediş zawodyna" üýtgedilýär. 1947-nji ýylda bolsa häzirki adyna eýe bolýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe bu zawodda broneotlylar bejerlipdir we goranyş önümleri ýasalypdyr. 1947-nji ýyldan bäri sisternalary bejermek bilen meşgullanýar. 1992-nji ýylyň başynda 4 we 8 osly sisternalary remont edýärdi, wagon tekerlerini bejerýärdi we şaý-seplerini ýasaýardy.

Gurbansoltan eje adyndaky tekstil toplumy

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu zawod Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň başlangyjy bilen guruldy we häzirki wagtda ýüplik çykarmak bilen meşgullanýar. Zawod öz önümlerini esasan daşary ýurtlara eksport edýär. Häzirki wagtda, Gurbansoltan eje adyndaky tekstil toplumynyň ady "Balkandokma" ÝGPJ - Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde atlandyrylýar.

Haly fabrigi

[düzet | çeşmäni düzet]

Gyzylarbadyñ aýal-gyzlary uzak wagtlardan bäri halyçylyk ussatlyklary bilen meşhurdyr. Bu ýeriň halyçylary 20-nji asyryň birinji ýarymynda dünýäde iň uly ölçegli teke gölli halysyny dokadylar we ol haly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda ol haly Aşgabat şäheriniň haly muzeýinde saklanýar.

Gyzylarbat ýod zawody

[düzet | çeşmäni düzet]
Gyzylarbat şäherindäki esasy metjid

Bu zawod SSSR döwri gurulyp, häzirki wagtda hem önüm bermegini dowam edýär. Zawodyň çykarýan önümi esasan daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ösümlik ýag kärhanasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Gyzylarbat şäheriniň ösümlik ýag kärhanasy pagta çigidinden nahar ýagyny çykarmak boýunça ýöriteleşýär. Zawodyň önümi içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýedir.

Gyzylarbadyñ belli şahsyýetleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Han Ahmet (Türkmenistanyň premýer ministri bolan)

Serdar şäheriniň baş meýdançasy

Röwşen Hallyýew (Türkmenistanyň belli halk aýdymçysy bolan)


Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän meşhur medeni taryhy ýerler

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanda belli zyýarat edilýän ýerleriň biri.

Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

[düzet | çeşmäni düzet]

Rus patyşa döwründe gurulan, öň serkow (церковь) bolan.

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezi

[düzet | çeşmäni düzet]

Öň Kaçkowskiý ýa-da Orlýonok diýip atlandyrylýardy. 2016-njy ýylyň tomsunda bu ýerde täze çagalar sagaldyş merkezi guruldy we işläp başlady.