Selim III
Höküm sürdi: 7 Aprel 1789 - 29 Maý 1807.
Özünden öň: Abdulhamit I
Özünden soň Mustapa IV
Aýaly: Nafizar Baş hatyn, Apytap Baş hatyn.
Perzendi: Ýok.
Hökümdarlygy: Osmanly hökümdarlygy
Kakasy Mustapa III
Ejesi: Mihrişah Walide soltan
Doguldy: 24.12.1761 Stambul
Öldi: 28.07.1808 (46 ýaşynda) Stambul
Depin edildi: 30.07.1808 Mustapa III Türbesi, Läleli külliýesi
Dini Yslam Selim III (Osmanly türkçe: ثلاث ميلس Selim-i sälis), diwan edebiýatyndaky görnükli 28-nji Osmanly patyşasy we 107-nji Yslam halyfydyr.
Umumy
[düzet | çeşmäni düzet]Selim III 24 Dekabr 1761-nji ýylda kakasy Mustapa III iň soltanlyk sürýän wagtlarynda dünýä geldi. Kakasy 1774-nji ýylda öleninde ýönekeý 13 ýaşynda-dy. Şonuň üçinem Abdulhamit I tagta çykdy. Abdulhamit I şazada Selime özünden öňki patyşalarynyň tersine, ýagşy çemeleşdi. Tussaglykda (öý tussaglygynda) ýaşamagyna garamazdan Selimiň gowy bilim almagyna rugsat berdi. Şyhzada Selim aýdym-saz we edebiýat bilen meşgullanypdyr. Fransiýanyň soňky karoly bolan Louis XVI bilen hat alyşdy. Tagta çykmazyndan öň Osmanly Döwletinde ozaldan bäri dowam edip gelýän düzgünleri üýtgedipdir, özgerişmeler geçiripdir. Abdulhamit I 7 Aprel 1789-njy ýylda öleninde Selim III Ýewropany sarsdyran Fransuz rewolýusiýasynyň eşiginde tagta çykdy. Selim III tagta çykanynda Osmanly döwleti hem Awstriýa hem-de Russiýa bilen söweşler alyp barýardy. Şowsuzlykda tamamlanan bu söweşler 1792-nji ýylda Awstriýada baglaşylan Ziştowi şertnamasy we 1792-nji ýylynda Russiýa bilen Ýaş şertnamasy bilen soňlandy. Şeýlelikde Selim III Osmanly goşunyna ýeňillikleri döretdi. 1793-nji ýylda Nyzamy Jedid goşunyny düzdi. Şol wagtlar Napaleon Bonapartyň serkerdesiniň ýolbaşçylygyndaky Fransuz goşuny Osmanly döwletine garaşly bolan Müsüre çozupdyr (1798 ý). Osmanly goşuny Iňlisleriň kömegi bilen Müsüri eýeçiliginde saklamagy başardy. 1801-nji ýylda baglaşylan El-Ariş şertnamasy bilen Fransiýa Müsürden çekildi 1807-nji ýylda Nyzamy Jedit goşunynyň ýok edilmegini niýet edinen Ýanyçarlar Gabakçy Mustapanyň baştutanlygy astynda aýaga galdylar. Selim III Nyzamy Jedit goşunyny dargatmak we 29 Maý 1807-nji ýylda tagtdan düşmäge mejbur boldy. Selim III iň ýerine geçen agasynyň ogly Mustapa IV Selim III ni täzeden öý tussaglygyna iberdi. 28 Iýul 1808-nji ýylda Selim III täzeden tagta geçemegini ýüregine düwen Älemdar Mustapa Paşşa saraýa golaýlaşanda, Selim III patyşa Mustapa IV nyň emri bilen bogulyp öldürildi. Selim bilen ony ýok etmäge gelen Ýanyçarlaryň arasynda uly gopgunlaryň turandygy bellidir. Selim III iň jynazasy Läleli mesjidiniň howlusynda kakasy Mustapa III türbesinde depin edildi. Selim III kakasy we agasynyň beren terbiýesinde ylymly we medeniýetli şeýhzada bolup ýetişipdi. Bir tarapdan gündogar medeniyetine üns berip, şony hem amala aşyrmakda işler alyp barýan mahallary günbatar medeniyetini hem ünsden düşürmezdi. Ilkinji gezek 1797-nji ýylda Selim III iň döwründe Ýewropadan Stambula gelen bir opera toparynyň ýerine ýetirmeginde sahna görkezilipdi. Fransuz gurluşykçy ussa Antoine Ignace Melling Stambulda birnäçe binalary gurdy. Stambulda käbir ýerleri görkezýän grawýuralar çyzdy. Selim III iň gyz jigsi Hatyja soltanyň Melliň tarapyndan Ortaköy sebtinde bina edilen saraýy Stmabul halky we Ýewropalylaryň arasynda meşhurdyr. Köplenç Selim III gyz jigsiniň saraýyna gatnardy. Ol saraýy gowy görerdi. Selim III şygyra we aýdym-saza hobbisi bardy. Ol birnäçe şygyrlary we sazlary düzüpdi. Klassik Türk sazlarynda ýer alan.suzidilara, şewkefza, şewkutarap, Arazbarbüselik we newakürdi Selim III düzen aýdymlarydyr. Dini sazlardan aýin, durak, nat, ylahy, Kär, beste, semga, şarky, köçekçe, peşrew saz semgasy ýaly 64-e golaý eser düzüpdir[1]
Aýallary
[düzet | çeşmäni düzet]5. Refet Soltan
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]6. ^ Türk Musikisi Sitesi