Mazmuna geçiň

Mustapa IV

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi: 29 Maý 1807 – 28 Iýul 1808

Özünden öň Selim III

Özünden soň: Mahmyt II Osmanly

Aýallary: Saýýara hatyn, Dilpezir hatyn, Şewkinur hatyn.

Gyzy: Esma Soltan

Hökümdalygy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Abdulhamid I

Ejesi: Nukhet Seda hanym [1]

Doguldy: 8 Sentýabr 1779 Stambul

Öldi: 17 Noýabr 1808 (29 ýaşynda) Stambul

Depin edildi: 18 Noýabr 1808. Abdulhamit I Türbesinde.

Dini: Yslam

Doly ady: Mustapa Hany Rabi bin Abdulhamid Han El-Muzaffer Hemişe.

Mustapa IV 29-njy Osmanly patyşasydyr we 108-nji Yslam halyfydyr. Gabakçy Mustapanyň turuzan pitnesi sebäpli tagtdan indirilen agasy Soltan Selim III iň ýerine 1807-nji ýylyň 29-njy Maý gününde tagta geçeninde 28 ýaşyndady. Soltanlygy döwründe Hökümdarlyk içki gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

Soltanlyk eden wagtlaryndaky ýagdaýlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Soltan Mustapa IV özboluşly tebigata eýe adamdy. Kakasy Abdulhamit I öleninde 10 ýaşynda bolan patyşa Seliň III iň höküm süren wagtlary saraýda özbaşyna bolup ýaşaýardy. Emma Gabakçy Mustapanyň(Kabakçı Mustafa) çykaran pitnesi netijesinde Selim III iň tagtdan indirilmegine göz ýummagy, bilmediksiremegi hemmelere üsti açylmadyk syr bolup galdy. Bary-ýogy 14 aýa çeken soltanlygynda Selim III iň gurduran günbatarlaşma düzgünini ara-alyp maslahatlaşylýan Nyzamy Jedit binasyny 1807-nji ýylyň Iýunyň 1-ne ýykyldy[2]. Mustapa IV iň tagta çykmagy bilen imperiýanyň merkezi böleginde çökgünçilik bolup geçdi[3]. Döwlet dolandyryjylygynda ýokarky gatlakdakylar öldürilýär. Selim III iň egindeşleri Ahmet Muhtar beg, Jenap Umury Bahriýe Nazyry Hajy Ybraýym, Jenap Syr Katibi Ahmet Faiz dagylar öldürilen adamlaryň arasynda-dy. Nyzamy Jedit ýygnanyşygy dargadyldy. Käbirleri Stmabuldan gaçsa, käbirleri tussag edilip jezalandyryldy. Şol wakalaryň yz ýany Soltan Selim III iň tagtdan inmegine sebäp bolan Gabakçy Mustapa we pitneçileriň beýleki başbozarlary döwlet ýolbaşçylygyndaky esasy wezipelere geçirilýärdi. Gabakçy Mustapa Rum ili galalaryna, Nazyry we agasy Baýburtly Süleýman bolsa Tersanaýy Amire Sanjak serkerdesi boldy. Osmanly döwlet bu pitneden soňra Ýanyçarlaryň arkasynda durmady[4]. Osmanly taryhynda ilkinji gezek öň görlüp eşdilmedik şertnama baglaşyldy[5]. Şertnama görä gozgalaňda öň hatarda bolan Ýanyçara agalara we ýamaklara hiç hili jeza berilmezligine, pitnäniň sebäbiniň soralmazlygyna we onuň jogaby hökmünde aýaga galyp garşy çykmazlygyna borçly edildi[6]. Gozgalaňdan soňra Soltan Selim III egindeşi Älemdar Mustapa Paşşa sygynýar. Alemdar Mustapa Paşşa 1806-1812-nji ýyllarda Osmanly-Rus söweşi gidip durka uly gahrymançylygy görkezen Osmanly.patyşasy bolupdyr. Soltan Mustapa IV tagtdan agdaryp Mahmyt II iň yerine geçmeginde aýgytly rol oýnady.

Älemdar Mustapa Paşşanyň Stambula gelmegi

[düzet | çeşmäni düzet]

Älemdar Mustapa Paşşa we egindeşleri Selim III ni täzeden tagtda oturtmak üçin plan düzmäge başladylar. Soňra 16.000 adamlyk goşun bilen Stambula ýönelen Älemdar Mustapa Paşşa, Hajy Aly Agany Stambula ugradyp Gabakçy Mustapany öldürtdi (19. Iýul. 1808) Goşuny bilen birlikde Stambula gelen Älemdar Mustapa Paşşa birnäçe pitneçileri öldürdip Babyala geldi. Jenap Arifi (Arapzada) şeýhulyslam edip belläp soňra saraýa dolandy. Soltan Mustapa IV Älemdar Mustapa Paşşanyň Selim III i patyşa bellemek üçin gelendigini aýdan Şeýhulyslamy kowdy we jigsi Şazada Mahmyt II We Selim III öldürilmegini emr etdi. Soltan Selim III ölüme höküm edildi. Şyhzada Mahmyt bolsa hyzmatkärleriniň kömegi bilen saraýyň gizlin gaçybatalgasyndan gaçdy. Älemdar Mustapa Paşşa Soltan Mustapa IV ni tagtdan indirip ýerine Soltan Mahmyt II tagta getirdi. Soltan Mustapa II özûni tagta çykarylmagyna kömek eden Älemdar Mustapa Paşşany sadrazam edip belledi. Älemdar Mustapa Paşşanyň sadrazamlygy we Mahmyt II patyşalygynyň soňrasynda saraýda ýaşaýan Mustapa IV Ýanyçarlara onuň täzeden patyşa bellenmekligi üçin aýaga galanlarynda Soltan Mahmyt II niň emri bilen 1808-nji ýylyň 17-nji Noýabrynda öldürildi[7]. Kakasynyň Eminöňündäki Türbesine depin edildi. Birehimleriň eden haýynlyklary sebäpli kyn günleri başyndan geçirmek bilen Soltan Mustapa IV Osmanly taryhyna girdi. Ol Osmanly taryhynda Soltam Myrat V den soň iň gysga aralykda höküm süren patyşalaryň biridir.

Öldürilmegi

[düzet | çeşmäni düzet]

Mahmyt II Osmanly Ýanyçarlaryň ony täzeden tahta geçirmeklerinden endişelenen dogany Mustapa IV 1808-nji ýylyň 17-nji Noýabrynda bogduryp öldürtdi[8]. Maşgalasy: Mustapa IV iň 4 sany aýaly, ýekeje-de gyzy bolupdyr.

1. Şewkinur Soltan [9]

2. Dilpezir Soltan [9]

3. Saýýara Soltan [9]

4. Peýkidil Soltan [9]

1. Esma Soltan

1. ^ Bahadyrogly, Ýowuz, Suratly Osmanly Taryhy, Nesil (Ottoman History with Illustrations, Nesil Publications),15th Ed., 2009, page 395, ISBN 978-975-269-299-2

2. ^ Sakaogly, 2005.s.449.

3. ^ Türk Taryhynyň Gurluşy Resmi sitesi Osmanly Patyşalary Sahypasy. Çykan wagty: 30.06.2011.

4. ^ Lamartine, 2005.s.419.

5. ^ T.J. Kultura we Turizm Baştutanlygy Resmi sitesi. Soltan Mustapa IV sahypasy. Çykan wagty:30.06.2011

6. ^ Finkel, 2007.s.372.

7. ^ Sakaogly, 2005.s.460.

8. ^ haber.mynet.com/osmanli-padisahlari-nasil-oldu-479363-foto-analiz-9

9. ^ a b c d Sakaogly, 2005.s.461.