Süleýman pygamber

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Süleýman (arap. سليمان‎‎,sulaymān; Ybranyça: שלמה,Şlomo ýa-da Şelomo; Latynça: Salomone,Yunança: Σολωμών, Iňlisçe: Solomon, Fransuzça: Salomon,Deutsçe (german): Salomo), Patyşa Dawut bilen Batşebanyň ogly we Ysraýylyň patyşlarynyň üçünjisi (1. Tatul, 2. Dawut) hökümdary. Kudus şäherindäki uly ybadathanany bina edipdir. Gurhanda nebi (pygamber) diýlip ýatlanyp geçilýär. Hristiýan ynanjynda hökümdar diýlip hormat bildirilýär. Musaýy keramatly kitabynyň jemleýji ýazyjysy Süleýman bolupdyr. Dinden daşarky öwrenilen taryhy B.e.öňki 970-928-nji ýyllarda patyşalyk edipdir. Ybrany שלמ kökden gelen Şlomo ady, söz manysy «Ýaraşyk gazanan» diýmekdir. Arapça selim, salamat we yslam sözleri bilen asyldaşdyr. Köne ähtde Süleýmanyň öýkesi 1. Patyşalar kitabynyň ilkinji 11-nji bölüminde we 2. Taryhlar kitabynyň ilkinji 9-njy bölüminde düşündirilýär. 1. Patyşa Süleýman faraonyň gyzyny yzýany Moawly, Ammonly, Edomly, Saýdaly we Hititli birnäçe kesekileri aýal edip alypdyr.