Romen Gari

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Romain Gary
Doglan wagty we ýeriRoman Kacew[1]
21-nji maý, 1914
Wilnýus, Rus imperiýasy
(bugün Litwa)
Aradan çykan wagty we ýeri2-nji dekabr, 1980
Pariž, Fransiýa
Galam adyRomain Gary, Émile Ajar, etc.
Käridiplomat, pilot, ýazyjy
MilletiFransuz
RaýatlygyFransiýa
Bilimikanun
Uçurym ýeriAix-en-Provence
Žanrlarynowella
Esasy eserleriLes racines du ciel
La vie devant soi
Esasy baýraklaryPrix Goncourt (1956 and 1975)
Ýanýoldaş(lar)yLesley Blanch (1944–1961)
Jean Seberg (1962–1970)
Çagalary1
Romain Gary (1961)

Romen Gari (hakyky ady – Roman Kasew) XX asyr fransuz edebiýatynyň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Ol Russiýa imperiýasynyň Wilno şäherinde (häzirki Wilnýus, Litwa), söwdagär bilen aktrisanyň maşgalasynda dünýä inipdir. 1928-nji ýylda ol ejesi bilen Fransiýa, Nissa şäherine göçüpdir. Roman Eks-an-Prowans şäherinde we Parižde hukuk hünärini öwrenipdir. Ýaşlyk ýyllary ol uçarman bolmagy arzuw edipdir, bu ugurdan ýörite okapdyr. Ikinji Jahan urşy başlanyndan soň Roman Beýik Britaniýa göçmeli bolýar, bu ýerde Şarl De Gollyň goşunyna goşulyp, Ýewropadaky we Afrikadaky birnäçe söweşlere gatnaşýar. Uruşdan soň Fransiýa dolanyp, ilçihana işe girýär.

1945-nji ýylda ol Romen Gari ady bilen ilkinji nowellasyny çap etdirýär, derrew hem meşhurlyk gazanýar. Ýazyjy yzly-yzyna roman döredýär, olaryň hersini hem okyjylar örän gyzgyn garşylaýarlar. «Günüň reňki»(1952), «Asmanyň köki»(1956), «Säher wadasy»(1960), «Çingiz Haimiň tansy»(1967), «Hoş gal, Gari Kuper!»(1969), «Ak it»(1970), «Gamly masgarabazlar»(1979), «Batbörekler»(1980) romanlary ähli ýaşdaky okyjylary özüne bendi etdiler. Mundan ötri ýazyjy «Bütin ömür öňümizde»(1975), «Pseudo»(1976) we «Süleýman şanyň gorkusy»(1979) romanlaryny çap etdirip, Emil Ažar lakamy bilen hem uly şöhrat gazandy. Ol ýene birnäçe lakam ulanyp, birentek eserler çap etdiripdir. Ýokarda agzanlarymyz olardan iň meşhurlarydyr. Bu lakamlaryň üsti bilen ýazyjy fransuz edebiýatynyň taryhynda hiç kimiň başarmadyk zadyny edipdir – Gonkur baýragyna iki gezek mynasyp bolupdyr (bu baýrak ýazyjylara diňe bir gezek berilýär). Birinjisini 1956-njy ýylda – Romen Gari ady bilen «Asmanyň köki» romany üçin, ikinjisini hem 1975-nji ýylda – Emil Ažar ady bilen «Bütin ömür öňümizde» romany üçin mynasyp görlüpdir. Okyjylar ýazyja ynanyp, Emil Ažar Romen Gariniň ýegenidir öýdüpdirler.

Romen Gari döwrüň iň bir möhüm meselelerini aýny wagtynda duýup, gozgap we olaryň hakyky realistik çözgütlerini orta atyp, zaman bilen aýakdaş gidip bilýändigini subut eden ýazyjydyr. Onuň döredijiligini başga bir ýazyjynyň döredijiligi bilen garyşdyrjak gümanyň ýok. Ýazyjynyň ähli eserleri özüniň labyzlylygy, ýeňil okalyşy hem-de galdyrýan täsiri bilen okyjynyň ýüreginde aýrylmaz yz galdyrýar.

Ýazyjy 1980-nji ýylda, Parižde aradan çykypdyr.

  1. Benjamin Ivry, "A Chameleon on Show," Daily Forward, 21 January 2011.