Mazmuna geçiň

Pygam Azymow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri. Ol 1915-nji ýylda Çärjew oblastynyň Saýat raýonynyň Çowdur obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar.

Onuň, çagalyk ýyllary agyr geçýär. Ýaşlyk ýyllarynda baýlaryň gapysynda batrak bolup gezýär.

Türkmenistanda Sowet häkimiýeti berkarar edilenden soň, sowet mekdebinde okap başlaýar. Ol öz obalaryndaky mekdebi gutarandan soň, 1929-1931-nji ýyllarda Çärjewdäki (häzirki Türkmenabatdaky) pedagogik tehnikumda okaýar.

1931-1933-nji ýyllar aralygynda ol obada mugallymçylyk edýär, komsomol işinde işleýär. 1933-nji ýylda Pygam Azymow Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girip, 1937-nji ýylda ony üstünlikli tamamlaýar. Ony instituta mugallymçylyga işe alyp galýarlar.

1940-njy ýylda ol, önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen, aspiranturanyň kursuny gutarýar. 1942-nji ýylyň ýanwarynda bolsa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar.

Pygam Azymow hem otuzynjy ýyllaryň ortalaryndan mugallymçylyk işi bilen utgaşykly, türkmen diliniň praktiki meselelerini işläp düzmeklige, stabil okuw kitaplaryny ýazmaklyga aktiw gatnaşyp başlaýar. Onuň Türkmen diliniň sintaksisi boýunça taýýarlan gönükmeler ýygyndysy 1938-nji ýylda özbaşyna kitap bolup çykýar.

P. Azymowyň belli türkmen dilçisi merhum H.M. Baýlyýew bilen bilelikde türkmen diliniň sintaksisi boýunça ýazan kitabynyň birinji neşiri 1939-njy ýylda çapdan çykýar. Bu kitabyň P.Azymow tarapyndan täzeden işlenen görnüşi 1948-nji ýylda Türkmen Halk Magaryf ministrligi tarapyndan yglan edilen konkursda birinji baýraga mynasyp bolýar.

Onuň professor A. A. Gurbanow bilen bilelikde ýazan «Harplygy» Türkmen Halk Magaryf ministrligi tarapyndan yglan edilen konkursyň baýraklaryna (1951, 1962) mynasyp bolýar.

Bu «Harplyk» ondan öňki dowam edip gelen «Harplyklardan» özüniň oňat hilli ýazylanlygy, okuwçylara harp öwretmegiň ýeňil usulynda düzülenligi bilen tapawutlanýar.

1940-1945-nji ýyllarda ol SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň alym sekretary we Prezidiumynyň çleni, Taryh, dil we edebiýat institutynyň direktory wezipelerinde işleýär.

1945-1948-nji ýyllarda SSSR Ylymlar akademiýasynyň doktoranty, şol bir wagtyň özünde-de pedinstitutyň dosenti, Taryh, dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri bolýar.

Ol akademik W.A.Gordlewskiniň ýolbaşçylygynda Moskwanyň Gündogary öwreniş institutynyň Alymlar sowetiniň mejlisinde «Türkmen dilinde sözleriň ýasaýjy goşulmalar arkaly ýasalyşlary» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny (1948) goraýar.

1948-1963-nji ýyllarda alym ilki A.M.Gorkiý adyndaky Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň direktory, soňra Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipelerinde işleýär. 1951-nji ýylda döwletde Ylymlar akademiýasy açylýar. Şol ýyl hem ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanýar.

1963-1965-nji ýyllar aralygynda ol A.M Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň professory, TYA-nyň Jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň akademik-sekretary bolup işleýär. 1966-njy ýylyň ýanwaryndan bolsa akademik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine saýlanýar. Akademik birnäçe gezek TKP raýon komitetiniň, şäher komitetiniň çlenligine saýlanýar.

Akademik Pygam Azymow jogapkär wezipelerde işlemek we döwlet ähmiýetli jemgyýetçilik işlerine aktiw goşulmak bilen bir hatarda, ol respublikanyň ýokary okuw jaýlary üçin türkmen dili boýunça okuw kitaplaryny döretmäge, şonuň ýaly-da mugallymlar, studentler hem-de metbugat işgärleri üçin türkmen diliniň orfografiýasy, punktuasiýasy boýunça gollanma taýýarlamaga hem aktiw gatnaşýar.

1960-njy ýylda çap bolup çykan «Häzirki zaman Türkmen dili» (grafika, morfologiýa) we 1962-nji ýylda neşir edilen «Häzirki zaman türkmen dili» (sintaksis) atly işler gös-göni onuň içgin gatnaşmagy we ýolbaşçylyk etmegi netijesinde taýýarlanyldy.

Okuw kitaplaryny döretmek bilen birlikde alym türkmen diliniň ýazuw kadalaryny, onuň grafikasyny işläp düzmek, olary kämilleşdirmek ugrunda birnäçe işleri etdi. Onuň 1951-nji ýylda çykan «Türkmen diliniň häzirki orfografiýasyna käbir üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» diýen işleri hem-de Türkmenistanyň II lingwistik gurultaýynda (1954) eden «Türkmen diliniň orfografiýasyna girizilýän käbir üýtgeşmeler we goşmaçalar hakynda» atly doklady onuň aýdyň mysallarydyr.

Professor P. Azymow türkmen diliniň praktiki meselelerini işläp düzmekde, olary kämilleşdirmekde, ösdürmekde, türkmen diliniň aýry-aýry meselelerini ylmy nukdaý nazaryndan derňemekde, çözmekde hem örän köp işleri bitirdi.

Alymyň «Türkmen dilinde hallaryň ýasalyşlary», «Türkmen dilinde affiksleriň özara tirkeşip geliş düzgünleri», «Affiksleriň goşulyşyp ulanylyşlary», «Türkmen dilinde sowet-internasional affiksleri», «Türkmen dilinde ýasama sözlerdäki fonetiki üýtgeşmeler», «Dodak çekimlileri we affiksler», «Türkmen dilinde prefiksasiýa», «Türkmen dilinde affiksleriň hilleri we olaryň emele gelişleri», «Isimdeş işlikleri ýasaýan suffiksler» ýaly dürli ýyllarda çap bolup çykan işleri Türkmen dilinde affiksler arkaly söz ýasalyşyň hemme taraplaryny derňemeklige bagyşlanandyr.

Akademik P. Azymow Türkmen diliniň leksiki düzümini öwrenmek, ony ylmy esasda derňemek boýunça hem köp işleri etdi. Onuň «Türkmen dilinde arap-pars elementleri», «Türmen diliniň leksiki sostawy», «Häzirki zaman Türkmen dili» (Giriş we leksika) atly işler türkmen diliniň sözlük sostawyny derňemeklige bagyşlanandyr. Türkmen diliniň orfografik sözlüklerini taýýarlamak we düzmek boýunça hem professoryň alyp baran işleri ýörite bellenmäge mynasypdyr.

Onuň merhum H.M. Baýlyýew bilen bilelikde düzen ilkinji orfografik sözlügi 1947-nji ýylda çap bolup çykdy. Ol sözlük Türkmenistanyň birinji lingwistik gurultaýynyň we ondan soňky döwürlerdäki orfografiýa we terminologiýa baradaky kararlar esasynda duzülipdi. Soňra onuň gatnaşmagy we ýolbaşçylyk etmegi bilen Türkmenistanyň ikinji lingwistik gurultaýynyň orfografiýa düzgünleri baradaky kararlary esasynda türkmen diliniň ikinji orfografik sözlügi düzüldi we ol 1953-nji ýylda P.Azymowyň redaksiýasy bilen neşir edildi.

Akademik soňky ýyllarda türkmen diliniň we dil biliminiň dürli meselelerini öz içine alýan teoretiki makalalar bilen gazet-žurnallaryň we soýuz masştabynda çykýan ýygyndylaryň sahypalarynda çykyş edýär. Olaryň arasynda «Türkmen edebi diliniň dialekt esasy hakynda», «Türkmen edebi diliniň normalary hakynda», «Dil gatnaşygynyň käbir formalary hakynda», «Türkmen dil biliminiň käbir meseleleri», «Türkmen diliniň sowet häkimiýeti ýyllary içinde ösüşi hakynda», «Türkmenistanyň dilçileriniň wezipeleri» atly we başga-da birnäçe makalalary bar.

Akademik türkmen dil bilimi boýunça ökde hünärli kadrlary taýýarlap ýetişdirmek meselesine-de aýratyn ähmiýet berip gelýär.

A.M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professorlary Gumman Saryýew, Jumamyrat Amansaryýew, dosent Ata Myradow, Ýazmuhammet Çöňňäýew, Akmämmet Annamämmedow, Bike Jumageldiýewa, Haýdar Muhyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly ylmy işgärleri Häsiýet Gafurowa, Sabyr Arazgulyýew we başga-da bir topar alymlar hut akademigiň yzygiderli halypalyk etmegi netijesinde ösüp ýetişdiler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Pygam Azymow halkara masştabynda geçirilýän çäreleriň hem birnäçesine gatnaşdy.

Partiýa we hökümet P.Azymowyň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi. Ol iki gezek Lenin ordeni, Oktýabr rewolýusiýasy, Zähmet Gyzyl Baýdak, «Hormat nyşany» ordenleri, birnäçe medallar, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Görnükli türkmen dilçisi – Pygam Azymow ÝELHARAZ[permanent dead link]