Pessejikdepe
Häzirki Gökdepe etrabynyň ýerindäki Pessejikdepe Jeýtun medeniýetiniň ortaky[1] döwrüniň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda ol ýerden çakmak daşyndan ýasalan oraklar, gazawaçlar, burawlar, däne owguçlary, süňkden bizler, iňňeler, küýze önümleriniň bölekleri, toýundan ýasalan her dürli monjuklar, daşdan we balykgulakdan ýasalan şelpeler tapyldy.
Pessejikdepäniň ýaşaýyş jaýlarynyň umumy gurluşy, gurluşyk materiallaery Jeýtunlylaryň ýaşaýyş jaýlaryndan känbir tapawutlanmandyr. Oňa garamazdan, pessejikdepelileriň durmuşynyň köp aýratynlyklary bolupdyr. Ol ýerde bütin taýpanyň ybadathanasy bolan jaý gurlupdyr. Bu uly jaýyň bezegini şekillendiriş sungatynyň ilkinji görnüşini hasaplap bolar. Sebäbi onuň ak diwarlaryntň ýüzündd gara we gyzyl reňkler bilen haýwan şeklleri çekilipdir. Pessejikdepeden tapylan gadymy diwar bezegleri Türkmenistanyň gadymy adamlarynyň sungaty barada bize düşünje berýär.
Jeýtun medeniýetiniň ikinji bir ýadygärligi Çopandepedir.
- ↑ Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre: irki, ortaky we giçki döwürlere bölünýär.