Per Lagerkwist

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Lagerkwist 1951-nji ýylda

Per Lagerkwist

(1891-1974)

Dünýä belli şwed ýazyjysy, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Per Fabian Lagerkwist 1891-nji ýylyň 23-nji maýynda, Smoland prowinsiýasynyň Wekşö şäherinde dünýä indi. Onuň ene-atasy edebiýaty halamaýan ekenler, şonuň üçin geljekki ýazyjy çaga wagty ilkinji eserlerini bukulyp ýazar eken. Onuň «Ene söýgüsi» atly ilkinji hekaýasy 15 ýaşyndaka çap edilipdir. Gimnaziýada okaýan wagty Lagerkwist biologiýa hem edebiýat, has hem A.Strindbergiň we neoromantik ýazyjylaryň eserleri bilen gyzyklanyp ugraýar. Okuwyny Upsala şäheriniň uniwersitetinde dowam edýär, edebiýatyň we sungatyň taryhyny öwrenýär. Bu döwürde ýazyjy «Adamlar»(1912) atly eksperimental powestini, «Durmuş hakda iki erteki»(1913), «Mukamlar»(1914) kitaplaryny çap etdirýär. 1913-nji ýylda ýazyjy Pariže syýahat edýär. Bu ýerde ol kubist nakgaşlarynyň eserlerinden täsirlenýär. «Demir we adamlar»(1915) we «Gorky»(1916) kitabynda Lagerkwist kubizmi edebiýatda ilkinji gezek edebi tär hökmünde ulanmagy başarypdyr. Bu usulda döreden goşgydyr nowellalary Lagerkwisti Şwesiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Munuň daşyndan, Lagerkwistiň birnäçe belli pýesalary dünýäniň iň öňdebaryjy teatrlarynda sahnalaşdyrylýar.

«Jellat»(1934) atly meşhur powestini ýazyjy faşistleriň häkimýete gelmegine seslenme hökmünde döredipdir. Ikinji jahan urşy döwründe ýazyjynyň eserlerinde has hem gumanistik pelsepe agdyklyk edýär. 1944-nji ýylda çap edilen «Girdenek» romany ýazyjynyň iň ajaýyp eserleriniň biri hasaplanýar. Uruşdan soňky ýyllar ýazyjy «Warawwa»(1950) romanyny tamamlaýar. Bu eseri üçin ýazyja 1951-nji ýylda Nobel baýragyny gowşurýarlar. Mundan soň Lagerkwist «Siwilla»(1956), «Agasferiň ölümi»(1960), «Mariamna»(1967) ýaly powestlerinde ýene-de özüniň egsilmez ussatlygyny görkezmegi başarypdyr.

Ýazyjy 1974-nji ýylda, 83 ýaşynda dünýeden ötýär. Onuň hiç bir ýazyjynyňka meňzemeýän özboluşly döredijiligi bu gün dünýä edebiýatynyň altyn fonduna girizildi.