Mazmuna geçiň

Parfiýa (Nusaý)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Parfiýa(Nusaý) sahypasyndan gönükdirildi)

Parfiýa Bu, Eýran dinastiýasynyň ady we 471 ýyl Günbatar Aziýanyň köp bölegini dolandyran Eýrandaky syýasy we medeni güýçleriň biri[1][2]

Bu imperiýa beöň III asyrda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky pars taýpalarynyň (Parn) lideri (Arşak) tarapyndan esaslandyrylypdyr.[3]

Parfiýa döwletiniň has irki teňňelerinde diňe “Ärsak” diýen ýazgy bar. Ondan soňky teňňelerde “patyşa Arşak” diýen ýazgy bar. Ärsagyň patyşalyk eden döwrüniň  soňky ýyllarynda çykarylan

teňňelerde “patyşa keramatly Arşak” diýen yazgy peýda bolýar.

Şol döwrüň halkara gatnaşyklarynda (ellinizmiň ýaýran ýurtlarynyň çäginde) patyşa titulyny diňe söweşlere gatnaşyp, ýurduň öňki hökümdaryndan üstün çykan serkerde alyp bilipdir. Ärsak hem ilkibaşda patyşa adyny götermändir. Ony teňneleriň ýazgysy görkezýär. Ol Selewk II garşy uruşda ýeňiş gazanyp Parfiýanyň özbaşdaklygyny doly gazananyndan soň patyşa adyny alypdyr. 30 ýyla golaý patyşalyk edipdir. Döwleti dolandyran nesilşalygy onuň adyny göteripdir – Ärsaklar nesilşalygy (Arşakitler dinastiýasy).

Parfiýanyň beýik döwlete öwrülmegi patyşa MitridatII döwründen başlanýar. Gündogarda Parfiýa döwleti Hytaý bilen gatnaşyklary ýola goýupdyr. B.e.öňki 107-nji imperator U-di-niň ilçisi Parfiýa gelipdir. MitridatII-niň görkezmesi boýunça hytaýly ilçileri 20 000 adamly goşun bilen döwletiň serhedinde garşylapdyrlar. Hormat bilen paýtagta çenli ugradypdyrlar. Hytaýly ilçiler yzyna gaýdanda MitridatII öz ilçisini uly sowgatlar bilen olaryň ýanyna goşupdyr. MitridatII hem günbataryň hem gündoagryň beýik döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola ilkinji parfiýa patşasydyr. Onuň patyşalyk eden ýyllarynda (124-88) Parfiýa beýik jahanşalyga öwrülipdir. MitridatII «Şalaryň şasy» adyny alypdyr.

Parfiýa döwletiniň taryhy yzlary saklanyp galan gadymy Nusaý şäheriniň çäklerini goramak üçin 1982-nji ýylda “Gadymy Nusaý taryhy-medeni goraghanasy” döredildi. 2007-nji ýylda Gadymy Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Nusaýdan tapylan maddy gymmatlyklaryň arasynda mermerden, altyndan, kümüşden, şirmaýydan, aýnadan, agat daşyndan, dag hrustalyndan ussatlyk bilen ýasalan önümler bar. Tapyndylaryň arasynda Rodogunanyň heýkeli, Afroditanyň kellejigi, birnäçe bürünç heýkeljikler, Afinanyň, Erotyň, portretleri we beýlekiler has-da täsindir. “Uly kwadrat” öýden tapylan maddy gymmatlyklaryň arasynda şirmaýydan ýasalan ritonlar, bulgurlar has-da tapawutlanýar. Ritonlaryň 40-dan gowragy tapylypdyr. Olaryň beýikligi 30-60 sm, göwrümi 1,5 litrden 5 litre çenlidir. Köne Nusaýdan tapylan heýkelleriň arasynda Rodogunanyň heýkeli, şeýle hem Satiriň kelle böleginiň galyndysy şol döwürlerde sungatyň we medeniýetiň ösendigini görkezýär. Ýasalyşy boýunça iň nepisleriň biri Rodogunanyň heýkelidir. 1949-njy ýylda Köne Nusaýyň binagärçilik merkezi bolan uly kwadrat öýüň burçunda bu ajaýyp heýkeliň aşaky bölegi tapylýar. 1952-nji ýylyň arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bolsa hazyna saklanýan jaýdan kellesiz we golsuz zenanyň göwresi tapylýar. Biraz wagt geçenden soň şol göwrä gabat gelen kelle hem tapylypdyr. Bu tapylan bölekler sepleşdirilende, Gündogaryň ellinizm sungatynyň täsirinde taraşlanan bary-ýogy 60 sm ölçegdäki Rodogunynyň heýkelidigi anyklanýar. Taryhçylaryň belleýşine görä Rodoguna taryhy şahsdyr. Alymlar heýkeli öwrenip ol parfiýa patyşasy MitridatI Siriýa hökümdary Dimitriýa durmuşa çykaran gyzy Rodoguna diýip tassyklaýarlar.

Gözel Rodoguna ýurt goragy üçin gaýduwsyzlyk görkezen gyzdyr. Taryhçy G.A.Pugaçenkowa şeýle ýazýar: “Bir gezek Rodogunanyň hammamda ýuwnup duran wagty paýtagty duşmanlar gabaýar. Ol öl saçyny bolşuna görä ýygnap, ony diňe ýeňişden soň ýuwmagy kasam edýär-de okdurlyp atyna münýär. Goşunyň başyny çekip duşmanyň üstüne topulypdyr. Şondan soň saçyny goýberipdir” G.A.Pugaçenkowanyň bu pikirini professor Ö.Gündogdyýew hem tassyklaýar. 1948-nji ýylyň sentýabrynda Bagyr obasynyň ýaşaýjylarynyň biri Täze Nusaýdan iki tarapy düşnüksiz elipbiýde hat ýazylan bir küýze döwügini tapýar. Ony Köne Nusaýda gazuw agtaryş işlerini geçirip başlan arheologlara gowşurypdyr. Arheologlar olara grekçe ostrakonlar diýip at dakypdyrlar. Köne Nusaýdan Sankt-Peterburga gelip gowuşýan ostrakonlaryň sany 1951-nji ýylda 150-ä, 1955-nji ýylda 2000-e, 1961-nji ýylda 2746-a çenli artypdyr.

  1. https://iranicaonline.org/pages/chronology-1
  2. Waters 1974, p. 424.
  3. "roughly western Khurasan" Bickerman 1983, p. 6.