Mitridat II
B.e.öňki II asyryň ahyrlaryna çenli bolan döwürde Parfiýa gündogargünbatar araçäklerini giňeltmek isläpdir, ýöne ol gündogarda Grek-Baktriýa döwletine aralaşan çarwa sak taýpalaryna bir welaýaty bölüp bermäge mejbur bolupdyr. Ol welaýat taryhda “Sakystan (Seýistan) ” ady bilen bellidir. Parfiýalylaryň günbatar babatdaky syýasaty ilki şowly bolupdyr. Olar Mitridat II döwründe (b.e.öňki 123-87-nji ýyllar) häzirki Eýranyň we Mesopotamiýanyň ýerlerini özlerine birikdiripdirler. Mitridat II-ä “patyşalar patyşasy” ady hem berlipdir. Soňra welin parfiýalylar günbatar meselesinde güýçli Rim imperiýasy bilen çaknyşmaly bolupdyr. B.e.öňki 65-nji ýylda uzaga çeken Parfiýa-Rim urşy başlanypdyr. Köp wagtlap taraplaryň hiç birine bäsdeşligiň ykbalyny çözüp bilýän ýeňiş gazanmak başartmandyr.