Çekişme:Parfiýa (Nusaý)

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
        . Parfiýa döwletiniň daşary syýasaty.

Parfiýa patyşalary öz ýerlerini giňeltmäge, täze ýurtlary basyp almaga başlapdyrlar. Parfiýa şalary Artaban I (b.e. öňki 211-196 ý.), Mitridat I (b.e. öňki 171-138 ý.), Frat II (b.e. öňki 138-128 ý.) öz döwletiniň çäklerini günbatara has uzaklara giňeldipdirler. Eýrany, Wawilony, Mesopotamiýany, demirgazyk Hindistany eýeläp, ägirt uly imperiýany – Parfiýa şalygyny döredipdirler. Antik awtorlary Parfiýanyň 18 welaýatdan ybarat bolandygyny ýazýarlar. B.e. öňki 123-nji ýylda Parfiýa tagtyna Mitridat II geçipdir we öz döwletini “Patyşalaryň patyşasy” ady bilen dolandyrypdyr. Mitridat II döwründe parfiýalylar Rimiň gündogar sebitlerine baryp ýetipdirler. Rim konsuly Korneliý Sulla Parfiýa bilen şertnama baglaşyp, bu döwletleriň serhedi Ýewfrat derýasy diýip yglan edilipdir. Parfiýa öz döwründe günbatarda Rim imperiýasynyň, gündogarda Kuşan döwletiniň gazaply bäsdeşi bolupdyr. Parfiýa döwletiniň halkara söwda ýollarynyň mümkinçilikleri we amatlylygy rimlileri gyzyklandyrypdyr. Biziň eramyzdan öň I asyrdan başlap Rim bilen Parfiýanyň arasyndaky harby çaknyşyklar has güýjäpdir. Biziň eramyzdan öň 53-nji ýylda Rimiň belli serkerdesi Mark Krass 43 müň esgerden ybarat bolan rim goşuny bilen Parfiýa döwletiniň çäklerine çozup girýär. Mark Krassyň goşuny öz ogly, Sezaryň Galliýa eden ýörişinde şöhrat gazanan Publiý Krassyň otrýadlary we tejribeli goşun başlygy Gaý Kassiniň otrýadlary bilen güýçlendirilýär. Rim we Parfiýanyň goşunlarynyň arasyndaky aýgytly söweş 53-nji ýylda Mesprotomiýanyň Harran (Karry) şäheriniň golaýynda bolup geçýär. Parfiýanyň goşunlaryna ökde serkerde Süren baştutanlyk edipdir. Bu söweş harby sungatyň taryhy baradaky işlerde has köp ýatlanylýar.

Harran (Karry) söweşinde Rim goşuny çym-pytrak edilenden soň, Rim imperatorlary özleriniň Aziýadaky uly mülkleriniň köpüsiniň Parfiýanyň elinde bolmagyna razy bolupdyrlar we “hoşniýetli goňşuçylyk” ýaraşygyny baglaşypdyrlar. Ýewfrat derýasynyň kenarynda bolan Harran söweşinde parfiýaly serkerde Süren tarapyndan Spartagy ýeňen rim serkerdesi Mark Krass heläk edilipdir we rimlileriň 10 müňüsi ýesir alnypdyr. Bu söweş barada gadymy grek taryhçysy Plutarh (b.e. 46-120 ý.) öz ýazgylarynda jikme-jik beýan edipdir.

Kuşan imperiýasynyň kuwwatlanan döwründe (b.e. II asyry) Parfiýa – Hytaý gatnaşyklary başlanypdyr. 107-nji ýylda Hytaý ilçisi Çžan Szýan Parfiýa gelipdir we oňa belent mertebeli myhman hökmünde hormat edilipdir. Ilçini Parfiýa döwletiniň serhedinde 20 müň goşun garşylapdyr we paýtagta çenli ugradypdyr. Hytaý Parfiýa döwletinden üzüm, ýorunja tohumyny äkidipdir. Parfiýa şasynyň Hytaý imperatoryna sowgat beren bedew atlary ol ýurtda “asman atlary” hökmünde saklanylypdyr. Hytaýdan Parfiýa ýüpek, polat ýaly birnäçe zatlar getirilipdir. Parfiýa döwletiniň paýtagty dürli döwürlerde çalşyp durupdyr. Gekotompil (Eýranyň Kumis şäheriniň golaýynda), Ekbatana (Hemedan şäheriniň golaýynda), Ktesifon (Tigr derýasynyň kenarynda) ýerleşipdir. Biziň eýýamymyzyň başynda, I asyrda Parfiýa döwleti gowşap başlaýar we ondan peýdalanyp, Parfiýa degişli gündogardaky welaýatlaryň köpüsini Kuşanlar döwleti basyp alypdyr. Şol bir wagtyň özünde çarwa sak taýpalary hem Parfiýanyň şäherlerine öz çozuşlaryny dowam etdiripdirler. B.e. II asyrynyň başynda Parfiýa gowşap, dürli welaýatlar özbaşdak hereket etmäge başlapdyrlar. Ýurduň içinde emele gelen ýagdaýy düzetmäge indi Parfiýa patyşalygynyň güýji ýetmändir. B.e. III asyryň başlarynda Parfiýa döwleti has-da gowşaýar. 208-nji ýylda patyşa Wologez IV aradan çykýar. Parfiýanyň tagtyna onuň ogullary Wologez V we Artaban V dawa edip başlaýar. Netijede Parfiýa döwletiniň galan ýerleri hem ikä bölünýär. Artaban V Ktesifonda ornaşýar. Wologez V ýurduň demirgazyk bölekleriniň hökümdary bolupdyr. Döwletiň bölünmegi onuň ýykylmak ýagdaýyny çaltlandyrýar. 216-njy ýylda Rim bilen soňky uruş başlanypdyr. Rimiň goşunlary Parfiýanyň paýtagty Ktesifony we Arbela şäherini eýeläpdir. Artaban V bir ýyldan soň ähli güýjüni jemläp, üç günlük söweşden soň rimlileri ýaraşyk soramaga mejbur edipdir. Ýaraşyk üçin Rim döwleti 5 million dinar tölemeli bolupdyr. Rim imperiýasy hiç haçan şeýle köp mukdarda pul tölemän eken. Artaban V Rime garşy ähli güýçlerini sarp edýän wagtynda, Pars welaýatynda Parfiýanyň gaşysyna uly gozgalaňa taýyarlyk görülýärdi. Tiz wagtdan Pars welaýatynyň hökümdary bolan Ardaşir sasanylar döwletini döredipdir. Ardaşir 224-nji ýylda Parfiýa garşy ýöriş edipdir we iň soňky parfiýa patyşasy Artaban V–ni ýeňipdir. Şeýleleikde, dünýä taryhynda imperiýa derejesine ýeten döwlet hökmünde Parfiýa ýaşamagyny bes edipdir.