Mazmuna geçiň

Otto Fon Bismark

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Otto fon Bismark
Doglan wagty we ýeriAprel 1, 1815(1815-04-01)
Schönhausen, Kreis Jerichow II, Saxony welaýaty, Prussia
(häzirki Saxony-Anhalt, Germaniýa)
Aradan çykan wagty we ýeri30-nji Iýul 1898 (1898-07-30) (126 ýaş)
Friedrichsruh, Schleswig-Holstein, Germaniýa
KäriGermaniýanyň konsileri
MilletiNemes
Uçurym ýeriGöttingen Uniwersiteti
Berlin Uniwersiteti
Greifswald Uniwersiteti[1]
Ýanýoldaş(lar)yJohanna fon Puttkamer
(1847–94)

Goly

Otto fon Bismark 19-njy asyrda gowşak bir konfederasýon bolan Germaniýanyň güýçli bir imperiýa öwrülmesinde iň uly rol oýnandyr we ilkinji Germaniýanyň Premýerministridir. Doly ady Otto Eduard Leopold Fon Bismark-Schönhausen bolan Bismark, 1815-nji ýylyň 1-nji Aprelinde Prusýada Branderburgyň kiçijik bir obasynda Junkeriň ogly bolup dünýä geldi. Berlinde lisseýi tamamlandan soňra Göttingen Uniwersitedinde hukuk okaýar. Güýçli bir şekili bolan Bismark wagtyny awa gitmek we at münmek bilen geçirýär. 1847-de Federal Mejlis parlamentine saýlanýar. 1859-da Russiýa, 1862-de Fransiýa ilçi edilip goýulýar. 1861 ýylda tagta çykan Prusýa patyşasy 1-nji Wilhelmiň goldamagy bilen Bismark Premýerministr bolýar. 1862-nji ýylyň 22-nji Sentýabrynda iş başyna geçen Bismark, mejlisdäki birinji aýdan sözi, uly meseleleriň “gan we gylyç bilen” çözülip bilinjekdigini bildirendir. Bismark birinji işi edip mejlisi dagatdy we patyşanyň özüne hiç hili täsir edip bilmejegini aýtdy. 1863-nji ýylda Polşa çykan bir aýaga galyşlykda Russiýany goldan Bismark, bu ýurt bilen gatnaşyklarda bir ýumşaklyk gazandyrdy. Germaniýanyň halkara birligini gurmak üçin ýola çykan Bismark, Awstriýanyda ýanyna alyp , “German Konfederasýony” adyna 1864-de Daniýa söweş yglan etdi.[2] Yz ýanyndan 1865-de Holsteini basyp alan Bismark German Konfederasýonynyň gutardygyny jar edip Prusýa goşunlaryny Bohemýana sürýär.

1866-njy ýylda Sadowada Awstriýa goşunlary ýeňilýär.[3] Bismark günortadaky German döwletlerinide Russiýanyň içine almak isleýärdi. Ýöne munu amala aşyrmak üçin Fransiýa bilen söweşmek gerekdi. 1870-de Fransiýanyň patyşa Wilhelme Ispaniýadan el çekmegini aýtmasy Bismarka bu islegini amala aşyrmaga bahana boldy[4]. Patyşanyň muňa garşy çykmagy netijesinde Fransiýa we Germaniýa söweşe girdi. Bu söweşde Bismark günortadaky entek Germaniýa goşulmaýan German döwletlerinide Özüne goşmagy başarýar we ýeňiş gazanylýar. Bismark Prusýa şalygynda güýçli bir Germaniýa gurmak düşini hakykata öwürdi we Wilhelm, 1871-de German Imperatory bolup täç geýdi. Bismarky birlikde bir pul birliginiň bellenmesi, merkez bankynyň döredilmegi we söwda kanuny, medeni kanun ýaly esasy kanun dügünlerine başlapdy. Bismark maksadyna ýetenden soň Germaniýany güýçlendirmek we baýatmak maksady bilen paragatçylyk ady bilen syýasat ýöretdi. Germaniýa, Awstriýa we Russiýa arasynda üç Imperatorlyk birleşigi diýip bilinýän ylalaşyk bilen hem Awstriýa we Russiýa arasynda asudalygy saklamaga we Fransiýany Germaniýa çozmakdan dändirmäge girişdi. Mart 1878-de Osmanly Imperatorlygy bilen Russiýa arasyndaky asudalyk üçin duşuşyklar çykmaza girmegi bilen araçylyk eden Bismark Berlin Kongresiniň ýygnagyny geçirip we mejlise baştutanlyk edendir. 1870-1900 ýyllar aralygynda sebäpleri häzir hem çekeleşikli bolan ykdysady durgunlukda galmak üçin salgytlary ýokarlandyrandyr.

  1882-de Prusýany, Awstriýa we Italiýa bilen üçli alýansda birikdirdi. 1888 ýylyň Mart aýynda I. Wilhelm ölensoň ýerine III. Friedrik Imperator täjini geýendir. Iýun aýynda şa ölenden soňra ýerine II. Wilhelm imperator bolýar[5]. 1890 ýylda antisosýalist kanunlarynyň wagtynyň uzadylmagy meselesinde mejlis dykylanda saýlawlara gidilendir. Bar güýçini ýitiren Bismark parlamentden aýrylýar Wezipesini hem goýýar. Friedrichsruhdaky şaköşkine çekilýär we 1898-nji ýylyň 30-njy iýýulynda aradan aýrylýar.[6]  

Ýazan: Serdar Orazow. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.

  1. Steinberg, Jonathan. Bismarck: A Life. p. 51. ISBN 9780199782529. 
  2. Eyck 1964, pp. 58–106.
  3. Gordon A. Craig, Germany, 1866–1945 (1978), pp 1–21
  4. Bismarck, Otto von (1966). The Memoirs vol. II. New York, NY: Howard Fertig. pp. 58–60. 
  5. Craig, (1978) pp 225–29
  6. Steinberg, p. 462-63