Nazmamet pakga
Appearance
Nazmamet pakga (d. 1959) Türkmensähra sebitiniň Akgala şaherinde Üçdepe obasynda doğlan Türkmen şahyrdyr.
Nazjan ady bilen halkyň arasynda tanalýan şahyr Eýran Türkmenleriniň arasynda rubagy goşgylary bilen meşhurdyr.
Köp sanly Eýran gazetlerinde işlän Nazmametden "Söýjek bolsaň" atly Türkmen dilinde (Arap/Pars elipbiýi bilen) bir goşgy kitaby çykarandyr.
2002-nji ýylyň Sentýabr aýynyň 14-inde Şiraz şäheinde bir keselhanada aradan çykandyr.
Rubagylaryndan birnäçesi:
[düzet | çeşmäni düzet]Taýym sen
Asmanymda görülmedik aýym sen
Ogurlanan berlimedik paýym sen
Ýeke, ýalňyz, çölde galan aşyk men
jüda düşen, ýitip giden taýym sen
Söýjek bolsaň
Jan seniňki, öz erkime goý meni
Gerek bolsa bazara sal, ýoý meni
Ha ýagşy men, ha ýaman men ezizim
Söýjek bolsaň şu durşuma söý meni