Mazmuna geçiň

Nazmämet niýazy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Nazmämet niýazy (Parsça: نیاز محمد نیازی) ýa da nazjan niýazy 1924.03.31-de Eýranyň Türkmensähra sebitiniň Kümüşdepe şäherinde eneden dogdy.

Söwdaçy kakasy Kümüşdepeden Russia gämi bilen ýük göterýärdi.

İlkinji mekdebi Kümüşdepede okan Nazjan kakasy bilen Kümmet Gowuza göçer.

O şäherde ýüp boýamak işine başlar we 1977-nji ýylda tahranda haly konferansynda bir Owgan Türkmen bilen tanyş bolar we ondan soň Türkmenleriň halysynyň gölleri barada işlewmäge başlar.

51 ýyl zähmet bilen Türkmen halysynyň 811 gölüni tazeden çykaran Nazjan niýazy Eýranda Türkmen halysynyň atasy ady bilen biliner.

Eýran we daşary ýurtlarda 50-den gowrak sergi we foruma gatnaşan Nazjan barada Eýranda Nazjan we Türkmen halysy (Parsça: نازجان و فرش ترکمن) atly bir kitap da neşir ediler.

Ömrüni Türkmen halysyna bagyşlan Nazjan Niýazy 2010-njy ýylyň mart aýynyň 26-nji gününde aradan çykar we Kümmet Gowuzyň Akgaýa gönamçylygynda jaýlanar.

http://www.bayragh.ir/modules/smartsection/item.php?itemid=319