NASDAQ

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

NASDAQ gazna biržasy ýa-da ýöne NASDAQ bu Amerikanyň gazna biržasydyr. Onuň ady "National Association of Securities and Dealers Automated Quotations" gysgaltmasydyr. Amerikanyň iň uly elektron biržasy bolup durýar. NASDAQ-da 3700 golaý kompaniýa hasaba alnan, bu bolsa onuň iň uly birža bolmagynyň esasy sebäbi.

NASDAQ indeksleri[düzet | çeşmäni düzet]

NASDAQ-da diňe ýokary tehnologiki kompaniýalaryň paýnamalarynyň söwdasynyň edilmegi bilen çäklenilmeýär, bu sebäpli, her biri ykdysadyýetiň degişli pudagyndaky ýagdaýlary görkezýän indeksler ulgamy döredildi. Häzir bolsa şeýle indeksleriň on üçüsi bar. Olaryň esasynda NASDAQ elektron ulgamynda söwda edilýän gymmat bahaly kagyzlar ýer alýar.

NASDAQ Composite[düzet | çeşmäni düzet]

Nasdaq Composite indeksi NASDAQ biržasynda ýer alan ähli kompaniýalaryň (jemi 5000-den gowrak) paýnamalaryny öz içine alýar. Bazar bahasy şeýle hasaplanylýar: kompaniýanyň paýnamalarynyň umumy sany bir paýnamanyň häzirki bazar bahasyna köpeldilýär.[1]

Nasdaq-100[düzet | çeşmäni düzet]

Nasdaq-100-e paýnamalary NASDAQ biržasynda söwda edilýän, maýalaşdyrmak boýunça iň uly 100 kompaniýany girýär. Indekse maliýe pudagyndaky kompaniýalar girmeýär.[2] 2021-nji ýylyň ýagdaýy boýunça, Nasdaq-100-iň 57% tehnologiki kompaniýalardan ybarat.[3] Nasdaq biržasynda QQQ belligindäki gazna ýokary takyklyk bilen Nasdaq-100 dinamikasyny gaýtalaýar.[4][5]

NASDAQ beýleki indeksleri[düzet | çeşmäni düzet]

  • NASDAQ Bank Index – bank ulgamyndaky kompaniýalar üçin
  • NASDAQ Biotechnology Index – lukmançylyk we derman senagaty kompaniýalary üçin
  • NASDAQ Computer Index – kompýuterleriň programma we enjam üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin
  • NASDAQ Financial Index – bank we ätiýaçlandyryş kompaniýalarynda başga, maliýe pudagyndaky kompaniýalar üçin
  • NASDAQ Industrial Index – senagat kompaniýalary üçin
  • NASDAQ Insurance Index – ätiýaçlandyryş kompaniýalary üçin
  • NASDAQ Telecommunications Index – telekommunikasiýa kompaniýalary üçin

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Index Metology Nasdaq Composite" (PDF). indexes.nasdaqomx.com. Archived (PDF) from the original on 2021-01-29. Retrieved 2021-03-14. 
  2. "Five facts about the Nasdaq 100 index". morningstar.com.au. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-03-14. 
  3. "Nasdaq 100 Brokers Guide". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-03-14. 
  4. "Invesco QQQ Trust, Series 1". nasdaq.com. Archived from the original on 2019-07-09. Retrieved 2021-03-14. 
  5. "Q: Why Did QQQQ drop a Q to Become QQQ?". wsj.com. Archived from the original on 2021-08-30. Retrieved 2021-03-14.