Myrat V

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Höküm sürdi: 30.05.1876 –31.08.1876

Özünden öň: Abdulaziz

Özünden soň: Abdulhamid II

Ýurdy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Abdulmejit

Ejesi: Şewfeka soltan

Doguldy: 21.09.1840. Stambul

Öldi: 29.08.1904. (63 ýaşynda) Stambul

Dini: Yslam

Myrat V (33 )مراد خامس-nji Osmanly patyşasy we 112-nji Yslam halyfy. Kakasy Soltan Abdulmejit, ejesi Megrel (Gürji一Gürzin) asylly Şewfeka hatyn. Öňki Osmanly patyşasy Abdulaziziň ýegeni we soňky Osmanly patyşasy Abdulhamit II dogany. Soltan Abdulaziziň saraýa urlan zarba netijesinde Tagtdan agdarylandan soňra, onuň ýerine tagta geçip 93 günläp tagtda höküm süreninde «Akly-çaşan» diýlip 1876-njy ýylda patyşalyk tagtyndan agdaryldy. Osmanly taryhy boýunça iň az wagtlyk höküm süren patyşa boldy. Tagtdan indirileninden soňra birnäçe syýasy toparlar tarapyndan täzeden ýurt başyna getirilmäge synanşyk edilse-de, netije bermeýär.

Patyşa bolmazyndan öňki durmuşy[üýtget | edit source]

Soltan Myrat 21.09.1840-njy ýylda Stambulda Çyragan Saraýynda eneden doguldy. Patyşa Abdulmejit bilen Şewfeka hatynyň uly oglydy. Kakasy patyşa Abdulmejit ony örän gowy görüpdir. Şonuň üçinem ol Abdulmejit tarapyndan özünden soň tagt mirasdüşeri edip bellemekdi. Şahsy maglumat: Kakasynyň ilkinji erkek zürýady bolan Myrada, meşhur bolan gündogar medeniýetini öwredýärdi. Okuwda üstünlikli bilim almagy üçin elinden gelenini ederdi. Öň Ethem paşşadan soň Kemal paşşa bilen Gardet atly bir Fransuzdan sapak alyp 14 ýaşynda Fransuz dilini öwrenip başlady we fransuz dilini özleşdirdi. Myzykaýy Humaýun serkerdesi Guatelli paşşa we Awgusto Lobardi atly ýene bir Italýandan pianino sapaklaryny aldy. Ol saz çalmagy öwrendi. Pianino notalaryndan birnäçe sazlary özi düzdi.

Weliähtligi kabul etmegi (Tagta geçmegi)[üýtget | edit source]

Soltan Abdulaziz bilen birlikde Ýewropa syýahata çykan wagtynda daş-töweregindäki ajaýyplyklara haýran galdy we bu onuň üçin örän täsindi. Syýahat wagtynda Angliýada tanyş bolan Galler şazadasy bilen ýakyndan dost boldy. Agasynyň saýasynda arkaýyn ýagdaýda Kurbagalydaky köşkündäki (häzirki Mermer uniwersiteti) maşgalasy bilen birlikde çagalygyny geçirdi.

Tagta çykmagy[üýtget | edit source]

Soltan Myrat V tagtdan agdarylan Soltan Abdulaziziň ýerine 1876-njy ýylyň 30-njy Maýynda patyşa boldy. Jules (Iýul) we weliäht taryhynyň ýerine ýetirilmeginden bir gün öň tagta geçjekdiginden bihabar wagty esgerler tarapyndan tussag ediljekdigi gorkusy bilen depressiýa girdi. Esger baştutany Hüseýin Awny Paşşanyň paýtunyna müneninde paýtunyndan düşmän uly protokola gol çekdi. Soňra Hüweýin paşşa gorky bilen bilindäki sapançany çykaryp Myrat V beripdir. Bu ýagdaýa tolgunan Myrat V gorkusy has hem artypdyr. Soňra ony Saraýburnyna ugradyp paýtun bilen Baýezitdäki Seresgerlik binasyna (häzirki IÜ umumy Mekezi) äkidilip şol ýerde ähtnama gullugyna başlaýar. Soltan Abdulaziziň Topgapy Saraýyna ugradylandygy habaryny eşidip howlukmaçlyk bilen Dolmabakça Saraýynda bardy. Gysga wagt içinde başyndan geçiren wakalardan soňra ony gorka gaplamagyny dowam edýärdi. Daşyna ýygnanan adamlar bilen birlikde huzura girip gaýry musulman jemagatynyň Mollalary onuň öňünden garşylamak üçin çykanlarynda gaçmakçy bolupdyr. Seresgerlikde we saraýdaky atalarynyň tagtynda oturmandyr. Patyşalaryň adamlar bilen birlikde Juma namazyndan soň adamlar bilen salamlaşykda Saraýyň howzuna özüni oklamak isläpdir. Pikiriniň dagynykly bolandygy üçin patyşalyk tagtyna oturdylyp gylyç dakma däbi hem berjaý edilmändir. Birnäçe günden soň Soltan Abdulaziziň ölendigi hakyndaky habarynyň gelmegi we onuň yz ýany Hüseýin Awny Paşşanyň Çerkez Hasan atly ýaş subaý tarapyndan öldürlendigi hakyndaky habarlara akly-çaşyp ýatakhanasynda gözlerini bir nokada dikip ýatypdyr. Maşgala lukmany Doktor Kapolýon oňa elli sany sülük goýberip gan alanda bu ýagdaýa has hem ruhy çökgün bolup, 93 günden soň Osmanly tagtyndan 1876-njy ýylyň 31-nji Awgustynda tagtdan agdaryldy.

Ömrüniň galan pursatlary[üýtget | edit source]

Abdülhamit II tarapyndan maşgalasy bilen birlikde bir ýerde galdyrylmaga mejbur edildi. Ruhy ýagdaýy birneme soň düzelişdi. Iki ýyl soň Aly Suari wakalary başlanynda maşgalasy bilen birlikde Çyraganyň, häzirki Beşikdaş Anadoly liseýi binasyna göçürildi. Şondan soň erkinlikde öňki patyşa maşgalasy bilen birlikde köp zatlardan mahrum edilýär. Bu ýagdaý aklynyň gowlanandygy hakyndaky habarlar ýaýranyndan soň mahrum edilipdi. Maşgalasy bilen birlikde maşgala köpçüliginde bolandygy üçin olara «Çyraganlylar» ady berildi. Bütin günlerini pianino çalyp, agtyklaryna saz çalmagy öwretmek bilen geçirdi. 28 ýyla çeken mahrumiýet ýyllarynda maşgalasynyň köpelmegi bilen ýitgiler hem çekdi. «Çyraganlyk» ýyllarynda iki gyzy, sekiz agtygy we Şeýhzada Ahmed Nihat Ependiniň ogly bolan agtyk çagasy Şeýhzada Aly Wasyp Ependi dünyä indi (1903). Soňra Fahyma Soltanyň ejesi Meýliserwet hatyn, gyzy Aliýe Soltan, agtygy Jelile soltan, Salahaddin ependiniň öli dogan iki ogly we üç gelini wepat bolýar. Soň söýüp ulaldan ejesi Şewfeka Walide soltanyň wepat bolmagy bilen hiç kim bilen görüşmändir. Naharlanmagyny hem kesipdir. Şeýdip öňki günlerinden soň bize şulardan başga maglumat galmandyr. Gyzy Hatyja soltanyň Abdulhamidiň garyndaşy Kemaleddin paşşa bilen durmuş guranynda süýji keseline ýolugyp, şol keselinden saplanyp bilmän 1904-nji ýylyň 29-njy Awgustynda dünýeden ötdi. Soltan Abdulhamit II tarapyndan gizlinlikde Täze mesjit Türbesinde ejesiniň ýanynda depin edilmegi emr edilipdir. Jynazasy Topkapy saraýynda bolupdyr. Buýruk Abdulhamit II aýdyşy ýaly ýerine ýetirlipdir.

Myrat V çagalykda örän gowy bilim alypdyr, fransuzçany öwrenipdir. Okamaga we edebiýata diýseň aşykdy. Pursat tapsa Fransiýadan getirlen kitaplary, daşary ýurt gazetlerini okaşdyrýar eken. Weliähtlik wagtlary Zyýa paşşa, Namyk Kemal ýaly şol döwrüň şahyrlary bilen gepleşikler geçirer eken. Saz çalmaga höwesli bolup günbatar medeni-sungatyna degişli sazlary döredipdir. Şotland (Schottich) we Wals eserleri onuň meşhur eserleridir. 2014-nji ýylda Türk ýaýlymynda jablandyrylan köpbölümli «Filinta» kinosynda onuň keşbini artist Ugur Uludag janlandyrdy.

Maşgalasy[üýtget | edit source]

Aýallary

1. Elru Mewhide baş hatyn

2. Reftary Dil Walide soltan

3. Şaýan Kösem soltan

4. Meýli Serwet Haseki soltan

Ogullary

1. Şeýhzada Mehmet Salahaddin ependi

2. Şeýhzada Süleýman ependi

3. Şeýhzada Seýfeddin ependi

Gyzlary

1. Hatyja soltan

2. Fehime soltan

3. Patma soltan

4. Aliýe soltan

Çeşme[üýtget | edit source]

Nejdet (1999). Bu ýurduň soltanlary. Stambul. ISBN 875-329-299-6. sah.464-475

Kinross, Lord (1977). The Ottoman Centuries. Stambul: ISBN 0-224-01379-8. (iňlisçe)