Abdulaziz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Höküm sürdi: 25.06.1861 – 30.05.1876 ý.ý.

Özünden öň: Abdulmejit

Özünden soň: Myrat V

Hökümdarlygy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Mahmyt II Osmanly

Ejesi: Pertewniýal Walide soltan

Doguldy: 8.02.1830 Stambul

Öldi: 4.06.1876 (46 ýaş) Stambul

Dini: Yslam

Abdulaziz (Osmanly türkçesi: زيزعلا دبع; ), 32-nji Osmanly patyşasy we 111-nji Yslam halyfy. Mahmyt II we Pertewniýal soltanyň ogly, Abdulmejidiň jigsidir. Abdulaziz 25.06.1861-nji ýylda doganynyň ölüminden soň, 31 ýaşynda Osmanly tagtyna geçdi.

Hökümdarlygy[üýtget | edit source]

Göreş, aw-awlamak, nyşana atmak we gol güýç sportlaryna üns beren patyşa tagtyndaky Osmanly moderi bolupdyr. Şol sebäpden ol döwürlerde Ýewropa döwletlerinden alynan kreditleriň köpüsi şol sport ugryna harç edildi. Esger sany gün-günden köpelýän Osmanly goşunynyň esgerlerine öz döwrüniň soňky modelli top we tüpeňleriň hem şertlendirilmegi Abdulaziziň döwründe boldy. Hökümdarlygy wagtynda ýygy-ýygydan ýurt içine we ýurt daşyna syýahatlar edipdir. Selim I den soň Müsüri syýahat eden ilkinji we ýeke täk Osmanly hökümdarydyr. Goňşy ýurtlara aýratynam Günbatar Ýewropada syýahat eden ilkinji we ýeketäk hökümdardyr. 1867-nji ýylda Parižde açylan uly senetçilik sergisine Napaleon III çakylygyna gatnaşdy. Sergiden soňra imperator bilen Angliýa, Belgiýa, Germaniýa, Awstriýa-Wengriýa syýahatyndan soňra yzyna dolanyp bardy. Aýratynam Riçard Wagneriň Baýreuth operasyna maddy kömegini edipdir we çakylyga çagyrypdyr. Syýahatlarynda Angliýanyň karoly Wiktoriýa, Belgiýa karoly Leapold II, Prussiýa karoly Wilgelm I, Awstro-Wengriýa imperatory François-Juzeppa, Ruminýa şazadasy Karol I bilen görşüpdir. Osmanlyda Abdulaziz döwründe Günbatar bilen gowy gatnaşyklary ýola goýulşyna üns çekipdir. Tanzimat permany bilen Osmanlynyň girişen Günbatarlaşma wakalary bu döwürde-de dowam etdi. Ýurt aýratynlyklarynda täze welaýatlar yglan edildi we Stambul uniwersiteti Fransuz bilim sistemasyndan çeşmelenip täzeden ýola goýuldy. Gündogar Ekspresiniň bir duralgasy bolan Sirkeji Garynyň pikirleri Abdulaziz döwründe orta atylypdyr. Abdulaziziň 15 ýyllyk hökümdarlygy boýunça bitiren käbir ýeňillikleri şulardyr. Ilkinji gezek posta puly basyldy (1863).

Banki Osmani-i Şahane açyldy (1863).

Osmanly donanmasyna ilkinji zyrhly söweş gämisi goşuldy (1864).

Welaýat Nyzamnamasy bilen täze düzgün we onuň uýgunlanmagy bilen welaýat mejlisleri ýola goýuldy (1864) .

Mekteb-i Sanaýi (Sanaýy okuwy) açyldy (1865).

Darülfüm (Stambul uniwersiteti) özgertmeler geçirildi (1868).

Mekdebi Sultani (Galatasaraý liseýi) açyldy (1868).

Diwany Ahkamy Adliýe (Ýargytaý) guruldy (1868).

Şuraýy döwlet (Danyştaý) guruldy (1868).

Mejelle çykarlyp başlady (1869).

Darulmuallimat (Gyzlaryň okuwy) açyldy (1870).

Belediýede bagly ilkinji modern Itfaiýe guruldy (1871).

Daruşşafaka açyldy (1873)

Mektebi Maadin (Maden mekdebi) açyldy (1874).

Döwründe bolup geçen belläp geçerlikli wakalaryň biri Russiýa we Ýewropa döwletleriniň öjükdiren Balkan pitneleridir. 1861-64-nji ýyllar aralygyndaky Garadag pitnesi, ikinji Garadag hereketi bilen basylyp ýatyrylmagyna garamazdan, Garadag problemasy pitne odynyň tutaşmagyna getirdi. 1861-66-njy ýyllar aralygyndaky Eflak-Bogdan wakalary, Birleşen Ruminiýanyň janlanmagyny we garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriň tutaşmagyna getirdi. 1862-67-nji ýyllardaky Serbiýadaky bolan wakalar bolsa Türk esgerleriniň Sirbiýadaky galalardan çekilmegi bilen soňlandy. 1866-68-nji ýyllar aralygynda Krit adasyndakylaryň aýaga galmagy, Sadrazam Mehmet Emin Aly paşşanyň taýyn eden Krit Nyzamnamasy bilen çözülmäge dyrjaşylsa-da Kritiň elden gitmegi bilen başlandy. Hidiwlik bilen dolandyrylan Müsüriň özygtyýarlylyk haklarynyň giňeldilmegi we bu ýerleriň 1882-nji ýylda elden gitmegine hem başlangyç boldy. Abdulaziziň hökümdarlygynyň soňky ýyllary 1875-76-njy ýyllardaky Gersek gozgalaňy bilen 1867-nji ýylda başlan we 1876-njy ýylda gowy ýitileşen Bolgar pitneleri bilen dowam edip geçdi. 1876-njy ýylyň 30-njy maýynda Zarba bilen tagtdan agdaryldy.

Näbelli ýagdaýdaky ölümi[üýtget | edit source]

Gözastyna alynan Feriýe Saraýynda 1876-njy ýylyň 4-nji Iýunynda bilekleri kesilen ýagdaýda jesedi tapyldy. Ölümi çekeleşikli dawwaly ýagdaýda galmagyna getirdi. Resmi ýagdaýda özüni heläkländigi ýazylsa-da soňky ýyllarda öldürilendigine degişli pikirler orta çykyp başlady. Bahattin Öztunjaýyň taýýarlan we Aýgaz tarapyndan çap edilen Hatyraýy Uhuweet: Portret fotograflarynyň jazibesi 1846-1950-nji atly kitapda ilkinji gezek ýaýradylan bir suratlarda Abdulaziziň tagtdan indirilen soňra we ölmezinden öň düşürilen soňky suratlary bar. Bu suratda saraý hyzmatçylary laubali şekilde patyşaha tirsek çenäpdirler, patyşa bolsa köne küşil eşikde we daş-töweregine aljyraňly ýagdaýda seredip duran gözleri bilen duran ýagdaýda surata alynypdyr[1].

Maşgalasy[üýtget | edit source]

Aýallary

1. Dürr-i New Baş hatyn (15 Mart 1835 - 4 Dekabr 1892)

2. Haýran-i-Dil Ikinji hatyn (2 Noýabr 1846 - 26 Noýabr 1898)

3. EdaDil Ikinji hatyn (25 Iýul 1845 - 12 Dekabr 1875)

4. Neşerek (Nesrin) Üçünji hatyn (1 Aprel 1848 - 11 Iýun 1876)

5. Göwheri Dördünji hatyn (8 Iýul 1856 - 20 Sentýabr 1894)

6. Ýyldyz (terbiýeçi) (24 Mart 1860 - 29 Sentýabr 1895)

Hyzmatkär, terbiýeçi

1. Çeşmidil Hanym: ilkinji terbiýeçi.

Ogullary

1. Yusuf Yzzetdin (10 Oktýabr 1857 - 1 Fewral 1916)

2. Mahmud Jelaleddin (16 Noýabr 1862 - 1 Sentýabr 1888)

3. Mehmed Selim (28 Sentýabr 1866 - 21 Oktýabr 1867)

4. Abdülmejit (30 Maý 1868 - 23 Awgust 1944)

5. Mehmed Seyfetdin (21 Sentýabr 1874 -19 Oktýabr 1927)

6. Mehmed Şewket (5 Iýun 1872 -22 Oktýabr 1899)

Gyzlary:

1. Nazime Soltan (14 Fewral 1866 - 1947)

2. Esma Soltan (21 Mart 1873 - 7 Maý 1899)

3. Emine Soltan (24 Awgust 1874 - 29 Ýanwar 1920)

4. Saliha Soltan (9 Awgust 1862 - 1942)

5. Emine Sultan (30 Noýabr 1866 - 23 Ýanwar 1867)

6. Fatma Soltan (1874 - 1875)

7. Munire Soltan (1877)

Abdulaziz hakynda ýazylan eserler[üýtget | edit source]

1. Abdulaziz. Ölümiň Ilkinji Ýazydyr Güýz (Hakan Kagan), Timaş çaphanasy. 2011, ISBN 9786051144900 2. 2014-nji ýylda TRT 1-de görkezilmäge başlan Filinta köpbölümli kinosynda Bülent Alkyş tarapyndan keşbi janlandyryldy.

Çeşme[üýtget | edit source]

1. ^ "Sultan Abdülazizin öldürülmeden önceki son fotoğrafı" . Zaman. 5 Mart 2013 tarihinde kaynağından arşivlendi. Erişim tarihi: 5 Mart 2013.