Mazmuna geçiň

Myrat Talyby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Döredijiligi

[düzet | çeşmäni düzet]

Myrat Talyby XVIII asyryň däplerini dowam edip, döwürdeşleriniň oý-pikirlerini çeper goşgularynda aňladan görnükli şahyrdyr. Talybynyň «Talyby we Sahypjemel» desdanynyň hem edebiýat taryhynda özüne mynasyp orny bar. Talyybynyň edebi mirasynyň agramly bölegini sosial- deňsizlik, watançylyk, agzybirlik, söýgi, durmuşy temadan ýazan eserleri eýeleyär.

Şahyr döwürdeşleriniň sosial ýagdaý barada söhbet açyp, halkyň baýlar we garyplar diýen topalara bölünendigini, ýoksul bolsaň barly gatlakdan dalda yokdugyny, hatda garyndaşyň hem rehim etmeýändigini nebsagyryjylyk bilen şeýle belläpdir:

Bir dileg dileseň möhümiň bitmez, Şu köňül arzuwy hiç ýaga ýetmez, Garyndaş rehm etmez, baýlarn gol tutmaz, Gadymymy gayra saldy garyplyk.

Goşgynyň beýleki bentlerinde bolsa «Garyba açlygyň zäherdende beterdigini», garybyň «astynyň düşeksiz, ýüreginiň daglydygyny», halkyň başyna musallat bolup inen garyplygyň «gollary baglap, bagyrlary dilip» ýörendigini obrazly suratlaandyrylýar.Şahyryň şygrynyň dowamynda:

Diliň çekinjidir, başyň baglydyr, Ygtyýar goldan aldy garyplyk.

Deň-duşy görende, gaýra teser sen, Ýoksulluk ýat edip, içiň gysar sen, Sözüň ile sygmaz, özüň ýeser sen, Hemme dertden ýaman boldy garyplyk

Talyby diýr, köňlüm, gamly bolmagyl, Zynhar Alla adyn dilden salmagyl, Görümsiz baýlardan umyt kylmagyl, Bir zaman eglenmez, geçer garyplyk».

—diýip ýazmak bilen, garyplygyň ynsany diňe maddy taýdan garagüne salmak bilen çäklenmän, ruhy jähetden-de ezýändigini: diliniň çekinje, başynyň bagly, deň-duşunyň ýanynda boýny buruk, aýdan gepiniň ýer tutmaýandygyny, özüniň ýaramaz adamlar hatarynda görülýändigini ýekän-ýekän dile getiripdir. Emma Talyby «Baýlyk el kiridir, ýuwulsa gider» diýmek bilen, baýlygyň, garyplygyň wagtlaýyndygyny belleýär. Şahyr garypdyryn diýip gam-gussa batyp oturmak ýalňyşlykdyr, Allatagala sygynyp ýaşamaly, «Görümsiz baýlardan umyt etmeklik bolmaz» diýlen ýaly maslahatlar bilen goşgusyny jemläpdir.

Talybynyň «Geldi garyplyk» goşgusy Magtymguludan soňra sosial-deňsizlik meseläni gozgap, halkyň gün-güzeranyny duýgyuly suratlandyran eserleriň ilkinjisi hökmünde türkmen edebiýatynyň taryhynda orun aldy. Şahyryn «Ýollary bardyr», «Dywana beg-kese ýüz»; «Baýa biýrler» goşgulary bolsa «Geldi garyplykda» gozgalýan sosial adalatsyzlygy has giňişleýin suratlandyrmak bilen adamlaryň garyplaşmagy ýokary synpyň wekilleri sebäplidir, ýöne baýlaryň hernäçe mülkdar bolsalar-da adamkärçilik babatda garyp-gasarlarça ýokdur, aýry aýry barjamly adamlardan gedaýlar sahydyr diýip, döwrüniň ýagdaýyny äşgär edýär:

Adyň Mämmet, özüňiz baý, Bir ýaman söz çykdy bijaý, Bu bolşundan ýegdir gedaý, Artyk zady ýoga biýrler.

Talybynyň döredijiligine özboluşly öwüşgin berýän.«Daş bile», «Her eder», «Garrylykdyr ýaranlar » ýaly durmuşy temadan ýazan goşgulary döwürdeşleriniň gwnünden turan eserlerdir. Aýratyn-da, şahyryň «Garrylykdyr,ýaranlar» atly goşgusy özüniň durmuşylygy bilen nesilleriň hormatyny gazanyp geldi. Halk arasynda «ýa ölürsiň, ýa garrarsyň» diýlen bir gep bar. Ynsan ömrüniň geçegçidiginden,adamyň hemişe birdurkuny, berýän bu aforizm ulanylanda garrylyk ýaşa ýetmek arzuw edýlýär. Garrylyk diýmekliginiň nämedigini alyby obrazly dilde şeýle beýan edipdir:

Hassalar gutular, garry gutulmaz, Köňül guşy uçar gider, tutulmaz, Bu derde kimseden care ýetilmez, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar.

Şahyr garrylyk ýaşyň fiziki we ruhy kynçylyklaryny ýekänýkän ýazyp beýan etmek bilen aşlyk ýylaryň gadyr-gymmatyny wagtynda bilmekligi maslahat berýär, garran adama hormat-sylag bilen bakmaklygy, olara kömek berip durmaklygy ýaşlara wagyz edyar. Garran kişilere sylag-hormaty bolmadyk adamlary nadan atlandyryp, bu goşgyny şeýle jemleýär:

Talyby diýr, dostlar, garrymaň beter, Altmyşyň, ýetmişiň arasy ýeter, Özün bilmez nadan itekläp öter, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar.

Talybynyň edebi döredijiligi Magtymgulynyň edebiýatymyza girizen täzeliklerini dowam etmek bilen, XIX asyr türkmen klassyk poeziýasyny mazmun we forma jähetden baýlaşdyrdy. Şahyryň şygyrlary şu günleriň ýaşlaryny terbiýelemekde gymmatly edebi material bolup hyzmat edýär.