Muhammet Tapar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi 1105-1118

Özünden öň: Muizeddin Mälik şa II

Özünden soň: Mahmyt II Seljukly

Ýurdy: Seljukly hökümdarlygy

Kakasy: Mälik şa

Doguldy: 1082 [1]

Öldi: 1118. Bagdat

Depin edildi: Yspyhan [1]

Dini: Yslam sünni

Muhammet Tapar bin Mälikşa bin Alp Arslan bin Çagry bin Mikaýyl bin Seljuk bin Dükak. Muhammet Tapar ýa-da Gyýaseddin Muhammet Tapar (d. tak. 1081/1082. ö. 1118. Bagdat) Beýik Seljukly hökümdary soltan we Mälikşanyň ogly.

Ömri[düzet | çeşmäni düzet]

Jigsi Muizeddin Mälikşadan soň Bagdatda Seljukly tagtyna çykdy. Bagdatda höküm sürdi. Şol wagtlar Seljukly hökümdarlygynyň gündogar topraklarynda höküm sürýän Soltan Sanjaryň at-owazasy meşgurdy we ol kuwwatlydy. 1107-nji ýylda Ahalap atabegi Ryzwan bilen birlikde Anadolydaky Seljukly soltany Gylyç Arslan I bilen Habur derýasynyň kenarynda Mosul söweşinde Gylyç Arslan dan ýeňiş gazandy. Gylyç Arslan I şol uruşda öldi[1] Muhammet Tapar jigsi Soltan Berkýaryk bilen uruş etmäge başlady. Möhüm wakalary ýazyjy taryhçy Hamdullah Mustewfi Kazwininiň Taryhy Guzide atly eserinde maglumat bermegine görä 1100-nji ýylyň Maýynda (Hijri 493. Rejep) Muhammet Tapar jigsine garşy bir söweşde ýeńiş gazandy. Emma 1101-1102-nji ýyllarda bolsa söweşde ýeňildi. Netijede iki tarap hem şertnama baglaşdylar. Şol şertnamada Muhammet Tapara Mälik lakamyny berip Siriýa, Diyarbekr, Yrak, Ýewfrat derýasynyň kenarlary, Ermenistan, Mugan, Gürjüstan we Azerbeýjan topraklarynda hökümdarlyk etmeli boldy[1]. Muhammet Tapar şol ýerlere hem kanagat etmän Soltan Berkýaryga garşy täzeden gozgalaň turuzdy. Emma netije bolmady we Günorta Kawkaziýa çekilmäge mejbur boldy. 1104-nji ýylda Soltan Berkýaryk syrkawlady we Seljukly tagty ugrundaky söweşlerden hem bizar bolupdy. Beýik Seljukly döwletiniň günbatarynda Yrak, Eýran we gündogar Anadolydaky käbir mes toprakly ýerleri Muhammet Tapar bilen paýlaşmak üçin şertnama baglaşdy. 1104-nji ýylda Berkýaryk öldi we soňra Muhammet Tapar günbatarda Beýik Seljukly döwletiniň hökümdary boldy. Horasan we Mawerannahrda hem Seljukly hökümdary Soltan Sanjar bardy. 1106-njy ýylda Muhammet Tapar, Nazar Ysmaýylyň galasy Sahdizi eýeledi. Nazary Ysmaýyllylara garşy ýörüş etdi. Bu ýörüş Hazar deňziniň günortasyndaky Tabarystanda höküm süren Bawendiler hökümdary Şähriýar Muhammet Taparyň ýazan kemsidiji haty üçin we özüniň Şyga bolandygy üçin Nazary Ysmaýyllylara çozmakçy däldigini düşündirip, oňa urşujy bermekden ýüz öwürdi. Şol wakadan soň köp wagt geçmänkä Muhammet Tapar Emir Çawlynyň serkerdeliginde bir Seljukly goşunyny Bawendileriň merkezi bolan Saryny zabt etmek üçin Tabarystana ugratdy. Şähriýar IV we ogly Karyň III serkerdeliginde bolan Bawendileriň taýýarlykly goşuny, Seljuklylary görlüp - eşdilmedik ýeňlişe sezewar etdiler. Soňra Muhammet Tapar Şähriýar IV bir hat ýollap ondan öz ogluny Yspyhandaky Seljukly merkezi saraýynda tälim almagy üçin ugratmagyny talap etdi. Şähriýar IV ogly Alyny Yspyhandaky saraýa tälim almak üçin ýollady. Alynyň üstünlikleri Soltan Muhammet Tapara şöhrat getirdi we oňa öz gyzyny nikalap berdi. Emma Aly bu sowgady kabul etmedi. Soltan Muhammet Taparyň gyzyny Bawendiler hökümdarlygyna weliähti bolan agabegi Karina III nikalap berilmeginiň has gowy boljakdygyny aýtdy. Karin III Tabarystanda Yspyhan saraýyna çagyryldy we şol ýerde Muhammet Taparyň gyzyna öýlendi. Karin III (1114一1117) döwründe we Aly I (1118一1142) döwründe Bawendiler hökümdarlary boldylar. 1106/1107-nji ýyllarda Seljukly weziri bolan Nyzamylmülkiň ogly Ahmet bin Nyzamylmülk iň zamanynda ol Hemedanyň dolandyryjysynyň üstünden şikaýat edip Soltan Muhammet Taparyň saraýyna gitdi. Şol wagtlar Seljukly Weziri bolan Saadelmülk Ebumuhsin Abi dini delalat bilen günäkärlenipdir. Ahmediň kakasy Nyzamylmülkiň ýokary döwlet dolandyryjylygyndan terbiýe alan ogly Ahmedi soltan Muhammet Tapar wezir edip belledi. Kakasyna berilen derejeli atlandyrmalardan «Kewamedin», «Sadulislam» we «Nyzamylmülk» unwanlary ogly Ahmede berildi. Wezir bolan Ahmet bin Nyzamylmülk 1107/1109-njy ýyllarda Muhammet Taparyň Yrakda Mazeedi hökümdary Saýfeddöwle Sadaka bin Mansura garşy goşun çekip ýörüş edilende söweşde öldürilýär. 1109-njy ýylda wezir Ahmet bin Nyzamylmülk we esgerleriň serkerdesi Çawly Sakawy soltan Muhammet Tapar tarapyndan Haşhaşiler iň guran merkezi bolan Alamut galasyny we beýleki güýçli galalary bolan Ostawand galasyny basyp almak üçin wezipelendirilip ýörüşe ugradylypdyr. Soňra bu galalary alyp bilmändirler we başaryp bilmän yza çekilipdirler. 1010-njy ýylyň başlaryndan Ahmet bin Nyzamylmülk Bagdatda bir mesjitde ybadat edýärkä bir Haşhaşy tarapyndan dildüwişik gurnalýar. Emma bu dildüwişik başa barmaýar. Nyzamylmülk ol ýerden gaçyp gaýdýar. Ahmet bin Nyzamylmülk dört ýyllap Soltan Muhammet Taparyň döwründe wezir bolup işläpdir. 1110-njy ýylda wezipesinden daşlaşdyrylyp ýerine Mansur Maýbudi wezir bolup geçipdir. Taryhçy Aly Ibnul Esire görä Ahmet bin Nyzamylmülk şondan şoň Bagdatda ýaşaýar. Anyşirwan bin Halid atly taryhça görä Muhammet Tapar öňki wezirini 10 ýyl zyndanda tussaglykda sakladýar[2]. Muhammet Tapar 1118-nji ýylda Bagdatda öldi. Ýerine uly ogly Beýik Seljuk hökümdarlygynyň günbatar taraplarynyň dolandyryjysy bolup ogly Mahmyt geçdi. Ýöne Soltan Sanjar (Ahmet Sanjar) Horasandaky we Mawerannahrdaky Seljukly hökümdarlygynyň iň güýçli soltanydy.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

1. ^ a b c d Cawley, Charles (2008-07) West Asia & North Africa, Chapter 5. Iran and Iraq. Seljukid Sultanat,Foundation for Medieval Genealogy [1] (iňlisçe)

2. ^ Bosworth, C. E. (1984) "Ahmed B. Nezam-al-Molk". Encyclopaedia iranica, Cilt İ, Fas. 6 Say 642–643 [2] (iňlisçe)