Mazmuna geçiň

Berkýaryk

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Berkýaryk (doly ady: Ebu Muzaffar Rukneddin Berkýaryk bin Mälikşa (parsça:أبو المظفرركن الدنياوالدين بركياروقبن ملكشاه) (d. 1080 - 22 dekabr. 1104. Burujert, Eýran). Beýik Seljukly hökümdary Mälikşanyň ogly we 1092-1104-nji ýyllar aralygynda Beýik Seljukly döwletiniň hökümdary boldy.

Berkýaryk Mälikşanyň uly oglydy. Ejesi Seljuk asylly Emir Ýakudyň gyzy we Azerbeýjan emiri Ysmaýylyň jigsi bolan Zübeya hatyndy. Mälikşanyň ölüminden soňra (1092) Türkan hatyn öz ogly Mahmyt I onuň soltanlygyny ykrar etdi. Özüne tarapdar tutmak üçin we hökümdarlygy berkitmek maksady bilen özüne degişli adamlara 20. 000 altyn dinar dagatdy[2]. Soň Emir Kör Bogany [2] Yspyhana Berkýarygy tussag etmek üçin ugratdy. Emma Nyzamylmülkiň tarapdarlary Berkýarygy Reý şäherine gaçyryp soltan diýip yglan etdiler. Seljukly tagtyny eýelemek isleýän iki tarap Burujertde 1093-nji ýylyň ýanwar aýynda söweşde Türkan hatynyň goşunyndaky käbir emirler we esgerler öz tarapyna geçmegi bilen Berkýaryk söweşde ýeňiş gazandy[3].

Berkýaryk 1093-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Yspyhany gabady. Gabawda galan Türkan hatyn pul berip şertnama baglaşmaga mejbur boldy. Berkýaryk bu ýaraşygy kabul edip gabawy aýyrtdy. Şertnamada Yspyhan we Pars welaýatlary Türkan hatyn we Mahmyt I geçdi. Berkýaryk bolsa Soltan diýlip kabul edildi we ýurtda hökümdar diýlip yglan edildi. Türkan hatyn ogluna täzeden hutba okadyp hökümdarlyga geçirmek üçin bu sapar Berkýarygyň daýysy Azerbeýjan emiri Ysmaýyl bin Ýakuda habar ýollap, Berkýaryga garşy ýanynda ýerleşmek maksady bilen durmuş gurmak isleýändigini aýtdy. Ysmaýyl bin Ýakut hem Seljukly tagtyny ele salmak üçin bu teklibi kabul edip Berkýarygyň garşysyna herkete geçdi. 1093-nji ýylyň fewralynda Kereçde bolup geçen söweşde Berkýarygyň goşuny ýeňiş gazandy. Şol wakadan soň Bagdada giden Berkýaryk, Halyfyň permany bilen «Rukneddin» lakamy dakyldy we özi hem soltan diýlip yglan edildi 1094-nji ýylyň 3-nji fewralynda hutba okaldy. Agasy Tutuş Şam we Halapda özini Siriýa Seljukly döwletiniň soltany diýip yglan edýär. Soňra Eýran topraklaryna hem soltanlyk etdi. Şol wagtlar Türkan hatyn Tutuşa hat ýollap durmuş gurup ýaşaşmak isleýändigini teklip etdi. Tutuş bu teklibi kabul edip Yspyhana tarap gitdi. 1094-nji ýylyň Oktýabrynda Tutuş bilen Berkýaryk biri-birlerine söweş yglan edip söweşdiler. Bu söweşde Berkýaryk ýeňildi we Yspyhana sygynmaga mejbur boldy. Bu ýerde Mahmyt I emirleri tarapyndan ýesirlige düşen Berkýaryk Mahmyt I öleninden soň gaçdy. Berkýaryk bile Tutuş arasynda 1095-nji ýylyň 26 fewralynda bolan söweşiň yz ýany Tutuş söweşde ýeňildi we şol söweşde öldi. Tutuşyň ölüminden soň ogly Dükak Şamda soltanlygyny yglan etdi. Beýleki bir tarapdan Tutuşyň uly ogly Ryzwan hem Halaby eýeläp özüni şol ýerde soltan diýip yglan etdi. Şeydip Berkýarygyň döwründe Siriýada Halap mälikligi we Şam mälikligi guruldy. Anadolyda bolsa Gylyç Arslan, kakasy Gutulmyş ogly Süleýman şa Mälik Tutuşa «Aýn şeýlem söweşi» nde ýeňileninden soň Mälikşa tarapyndan Yspyhana ugradylypdyr we Mälikşanyň ölümünden soňra Anadola baryp Beýik Seljukly döwletiniň soltany bolupdyr. Berkýarygyň soltanat döwründe «Beýik Seljuk türkmen hökümdarlygy» üç bölege bölünipdir. Berkýaryk we oňa bagly onuň jigleri 1194-nji ýyla çenli Yspyhanda Mahmyt I bilen Horasanda Soltan Sanjar. 1095-nji ýyla çenli Tutuş hökümdarlygy astynda we soňra Dükak hökümdarlygy astynda Şam Seljukly mälikligi we Ryzwan hökümdarlygy astynda Halap Seljukly mälikliginden ybarat bolupdyr.

Gylyç Arslan hökümdarlygy döwründe Anadoly (Kiçi Aziýa)

[düzet | çeşmäni düzet]

Berkýaryk ýurtda umumylygy saklamak üçin agalary we käbir emirleri bilen söweş alyp barypdyr we 1097-nji ýylda topraklarynda täzeden häkimýeti gurmagy başarypdyr. Söweşleriň soňunds jigleri Muhammet Tapar we Soltan Sanjar, Azerbeýjan Mäligi Ryzwan, Şam mäligi Dükak, Anadoly Seljukly soltany Gylyç Arslan I we Kerman Seljukly mäligi Turan şa ony Beýik Seljukly soltany diýip bildiler. Ýöne 1099-njy ýylda jigsi Genjäniň mäligi Muhammet Tapar agabegine garşy gozgalaň turuzup soltanlygyny yglan etdi. Uzak ýyllara çeken söweşler netijesinde 1104-nji ýylda şertnama gazanyldy. Şol şertnama esasynda Jebel, Pars, Yspyhan, Reý, Hemedan, Huzystan we Bagdat Berkýarygyň eýeçiligine geçipdir. Azerbeýjan, Diýarbekir, El-Jezire, Mosul, Siriýa we Hille emiri Sadakanyň eýeçiligindäki topraklar Muhammet Taparyň gol astynda galypdyr. Berkýaryk 1104-nji ýylyň 22 dekabrynda öldi. Berkýaryk heniz dirikä onuň ogly Mälikşa II ni goşunlaryna görkezip özüniň mirasdüşeri edip belländigini aýdypdyr. Esgerler ony goldapdyr. Şeydip tejribesiz Mälikşa II tagta geçdi. Seljukly hökümdarlygynda bolsa iň güýçli döwlet Muhammet Tapar we ogly Mahmyt II bilen Horasan we Mawerannahrda höküm süren Soltan Sanjar dagylaryň hökümi güýçlidi.

1. ^ Abdulkerim Özaýdyň (2001) (türkçe). Soltan Berkýaryk Döwri Türk Taryhy (485-498/1092-1104). Stambul s.17. ISBN 975-404-608-5.

2. ^ Ybraýym Kafesogly (1992). "Kur-Boğa maddasy" (türkçe). Seljuklylar. Stambul. ISBN 975-11-0454-8.

3. ^ A. Özaydyň (2001) (türkçe). Soltan Berkýaryk Döwri Türk Taryhy (485-498/1092-1104). Stambul. Stambul uniwersiteti. s. 19. ISBN 975-404-608-5.