Mazmuna geçiň

Muhammet Ryza Baýram

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Muhammet Ryza Baýramy Eýranly tanymal Azerbaýjan ýazyjysy.


Umumy Maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Muhammet Ryza Baýramy 1965-nji ýylda Eýranyñ Erdebil welaýatyna degişli Sawalan dagynyñ etegindäki Latyran obasynda dogulýar. Maşgalasy bilen birlikde Tährana göçýärler. 1987-nji ýylda Eýran-Yrak urşyna gatnaşýar. Ýaşlyk ýyllarynda edebiýat bilen içgin gyzyklanyp başlaýar we Samed Behrenginiñ eserlerinden täsirlenýär.

Edebi döredijiligi

[düzet | çeşmäni düzet]

Muhammet Ryza Baýramy çagalygynyñ geçen ýeri bolan Sawalan dagyndan söz açýan "Dag meni çagyrdy" atly hekaýalar kitaby bilen Germaniýada "Altyn Aý" we "Mawy Kepjebaş" baýraklaryny aldy. Munuñ yzysüre bu eseri Şweýsariýada (2008-nji ýylda) "Ýylyñ kitaby" diýilip yglan edildi.

"Ýaşyl bakjanyñ ölüleri"

[düzet | çeşmäni düzet]

"Ýaşyl bakjanyñ ölüleri" atly romany Eýran edebiýatynda birgiden çekişmelere ýol açdy. Kimler bu esere ýokary baha berseler, kimler bu eseri ýiti tankydyñ topuna tutdular. Ýazyjy bu eserinde pantürkizme ýykgyn edýänligi üçin aýyplandy. Az salymlyk gadagan edilen roman birnäçe ownuk üýtgeşmeler girizilenden soñra, gaýtadan neşir edildi. Eseriñ şan-şöhraty gysga wagtyñ dowamynda Eýranyñ çäklerini aşdy we birnäçe dillere, şol sanda rus diline hem terjime edildi.