Mazmuna geçiň

Misserian

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Misserian [Misseria:n] – Gadymy Dehistan şäheriniň iň esasy we uly bölegi, şeýle-de şu sebitdäki giň düzlük. Bu at barada: ser. Dehistan. Mukaddes Ruhnamada öň ekilip, soňra dürli sebäbe görä taşlanan, häzirki döwürde täzeden janlandyrmak zerur bolan topraklaryň sanawynda Misserianyň hem ady tutulýar. Dogrudan-da, Misserian düzlügi uzak wagtlap – b. e. öňki III müňýyllygyň ahyrlaryndan tä b. e. XIV asyryna çenli suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolnan bereketli toprak bolupdyr.