MetaTrader 4

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

MT4 ady bilen meşhur MetaTrader 4 onlaýn-treýderler tarapyndan giňden ulanylýan elektron söwda meýdançasydyr.[1] Elektron söwda meýdançasyny “MetaQuotes Software” kompaniýasy işläp düzdi.

Programma üpjünçiligi müşderi, şeýle hem serwer böleklerinden ybaratdyr. Serwer bölegi broker tarapyndan dolandyrylýar, müşderi programma üpjünçiligi bölegi bolsa brokeriň müşderilerine berilýär, olar ony bahalary we tertipnamalary hakyky wagtda görmek, buýurmalary ýerleşdirmek we öz hasaplaryny dolandyrmak üçin ulanýarlar.

Müşderi Microsoft Windows binýadyndaky priloženiýe bolup durýar. Mac OS üçin MetaTrader 4-iň resmi görnüşiniň ýokdugyna garamazdan, käbir brokerler Mac OS üçin özleriniň işläp düzen MT4 görnüşlerini berýärler.[2]

MetaTrader 4 maržinal söwda üçin niýetlenilendir. Käbir iri broker kompaniýalary CFD söwdasy üçin MetaTrader 4-i ulanýarlar[3], ýöne şeýle-de bolsa, ol gazna bazaryndaky hemişelik iş üçin niýetlenilendir:

  • beýleki söwdagärler görer ýaly öz arzaňy bazara çykarmak mümkinçiligi ýok;
  • bazardaky bar bolan arzalaryň sanawyny görmek mümkinçiligi ýok;
  • opsionlar bilen iş mehanizmleri ýok;
  • bahalandyrmalaryň (kotirowkalaryň) we täzelikleriň goşmaça çeşmesini birikdirmek mümkinçiligi ýok;
  • milli puldaky iş mehanizmleri ýok (müşderi terminalyndaky hasabat hemişe iňlis dilinde düzülip, onda USD walýuta hökmünde görkezilýär).

Ulanyjynyň hususy söwda skriptlerini ýazmak mümkinçiligi we söwdany awtomatlaşdyryp biljek robotlar arkaly MetaTrader 4 meşhur boldy.[4]

Söwdany awtomatlaşdyrmak üçin MetaTrader 4 ulanyjy indikatorlaryny we söwda programmalaryny ulanyp bilýär.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen barlaga görä, MetaTrader 4 dünýä boýunça Foreksiň iň meşhur söwda meýdançasydyr.[5]

Bellikler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Currency Trading Platform". investopedia.com. Retrieved 2021-11-23. 
  2. "XEMarkets Launches XEM MT4 for Mac Operating System". forexbrokernews.com. Archived from the original on 2017-04-22. Retrieved 2021-11-23. 
  3. "AvaTrade Review 2021". comparebrokers.co. Retrieved 2021-11-23. 
  4. "Comparison Table MT4 and MT5". fxstreet.com. Archived from the original on 2014-03-12. Retrieved 2021-11-23. 
  5. "Forex Trading Industry Statistics and Facts 2020". dailyforex.com. Retrieved 2021-11-23.