Apple

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Steve Jobs Macbook Air

Apple düÿbi ABŞ-niñ Kalifornia ştatynda ÿerleşÿän we tehnologiÿa önümlerini öndürÿän Halkara kompaniÿadyr. Türkmençe doly ady Apple Aksiÿonerler Birleşigi(Doly iñlisçe ady: Apple Incorporated) bolÿandyr. Bu kompaniÿanyñ logotipinde "bir tarapy dişlenen almañ" suraty bolany üçin, halk arasynda gysgaça "Apple"(Alma) diÿilip tanalÿar. Apple kompaniÿasy gündelik durmuşymyzda ulanylÿan tehnologiÿalary(Kompÿuterler,Sensorly telefonlar, planşetler we ş.m) öndürmek, dizaÿyn etmek, olar üçin programmalar ÿazmak we olara onlaÿn hyzmatlary berÿändir.

  • Meşhur önümleri

"Mac" PC we Netbuk seriÿaly kompÿuterleri, macOS we iOS işlediji ulgamlar, iPod mp3 pleÿer, iPad planşeti, iPhone sensorly telefonlary, Apple Watch akylly sagatlary, onlaÿn Apple dükany AppStore, bulut tehnologiÿasy hökmünde hyzmat etÿän iCloud we iTunes Store, internet gözleg brauzeri Safari, Apple Music, iLife we iWork Apple diÿilende akylymyza gelÿän iñ meşhur önümlerdir.

  • Taryhy
  • 1976-1984: Gurulyşy we aksiÿonerleşmesi

Apple 1976-njy ÿylyñ 1-nji Aprelinde Steve Jobs(Stiw Jabs), Steve Wozniak(Stiw Wazniak), we Ronald Wayne(Ronald Uweÿn) tarapyndan PC kompÿuterlerini öndürmek üçin Kaliforniada gurylandyr. 1977-de kompaniÿa aksiÿonerler birleşigine öwrülÿär. Apple I (1976), Apple II(1977) we Apple III PC kompÿuterleri Apple inženeri Steve Wozniak tarapyndan gurylÿar we Apple dolandyryjysy Steve Jobs tarapyndan satylÿandyr. Bu üç seriÿa örän uly üstünlükler gazanÿar.Ÿöne 1980-nji ÿyllarda çykarylan Apple Lisa komÿuteri, Apple garşydaşlary IBM we Microsoft tehnologiÿalary garşysynda üstünlik gazanyp bilmeÿär. Apple 1980-nji ÿylda Nÿu-Ÿork biržasynda halkyñ alym-satymyna açylÿandyr.

  • 1984–91: Macintosh bilen üstünlükleri

Macintosh kompÿuterleri 1984-nji ÿylda George Orwellyñ(Jorj Orwel) anti-utopiÿa romany "1984" den ylham alan reklamasy bilen halka tanadylÿar. İlk başlarda Macintoshlar gowy satyşlar etsede, soñky ÿyllarynda gymmat bolanlygy sebäpli satyşlary azalÿandyr. 1983-nji ÿylda maÿadarlar tarapyndan Apple başyna CEO hökmünde John Sculley getirilÿär. Sculley-yñ ilk eden işlerinden biride Steve Jobsyñ gymmat proÿektlerini goÿbolsun etmesi bolÿar. Jobs, Sculley bilen arasy erbetleşmäne başlandan soñra, 1985-de Appledäki işinden aÿrylÿar we NeXT kompaniÿasyny gurÿar. Machintosh satyşlary kompaniÿanyñ her kompÿuterden "55% peÿda görmek" pikiri bolany üçin kän satyp bilmeÿändir. Macintosh Classic, Macintosh LC we Macintosh IIsi, Macintosh seriÿasynyñ beÿleki modelleridir.

  • 1991–97: Düşüşi, täzeden gurulyşy we birleşmeleri

Apple tarapyndan 90-njy ÿyllarda öndürülen birnäçe wideo kamera, CD pleÿer, telewizor we internet hyzmatlary üstünlik gazanmaÿar. Microsoft tarapyndan işlenip taÿÿarlanan ulanyjy üçin örän amatly bolan Windows işlediji sistemalary,garşydaşy Apple garşysynda örän uly üstünlükler gazanÿar. Satyşlary az bolan tehnologiya enjamlary we Windows-yñ gowy satyşlary Apple-yñ düşüşine sebäp bolÿandyr. Microsoft bilen bäsleşigi güÿçlendirmek üçin Apple, IBM we Motorola kompaniÿalary bilen bilelikde AIM birleşigi adynda bir proÿekt gurÿandyr. 1996-njy ÿylda Apple-niñ başyna CEO Gil Amelio getirilÿändir. Amelionyñ eden ilk işi NeXT kompaniÿasyny satyn almak we Steve Jobsy täzeden işe almak bolÿar.

  • 1997–2007: Täzeden peÿda gazanÿan kompaniÿa öwrülmegi

1997-de Apple düşüşe başlanynda, maÿadarlar Amelio ÿerine Steve Jobsy CEO edip saÿlaÿarlar. 1998-nji ÿylda Apple şol wagta çenli işläp düzen bütin programmalaryny iMac(Macintosh 128K) adyndaky bir kompÿuterde birleşdirÿär we ägirt uly satyşlar edÿär. Bulardan başgada 2000-nji ÿyllarda Apple iMovie,iDVD,iLife, Emagic we iPhoto ÿaly programmalary öndürÿär. 2001-nji ÿylda Apple iPod pleÿerleri we pleÿer üçin onlaÿn dükan iTunes Store(2003) çykarÿar. iPod pleyerden, çykanyndan soñky 6 ÿyl içinde 100 milÿon sany satylÿar. Apple 2006-njy ÿylda Intel Core Duo bilen bilelikde MacBook Pro we iMac çykarmaga başlaÿandyr. Bu ÿyllarda Apple-yñ esasy üstünligi biržada bolÿar, sebäbi Apple aksiÿa bahalary 2003-2006 ÿyllary arasynda 10 esse artÿandyr( 1 aksiÿa 2003-de 6 dollar wagty, 2006-da 80 dollardan satylÿar).

  • 2007–11: Sensorly telefonlaryñ üstünlükleri
Steve Jobs Headshot 2010-CROP

2007-nji ÿyldaky Macworld Expoda Steve Jobs iPhone,iPod Touch,iPad we Apple Tv-ni halka tanatÿar.Bu dört önüm Dünÿä boÿunça satyşlarynda rekort goÿÿarlar.2008-de AppStore açylÿar. Bu ÿyllarda bulardan başgada iPhone 4,iCloud we MacBook Air ÿaly önümler çykÿandyr.

  • 2011-häzirki wagt: Steve Jobsdan soñra
Tim Cook 2009

2011-nji ÿylyñ 24-nji Awgustynda Steve Jobs ölÿär we onyñ ÿerine Apple CEOsy bolup Tim Cook(Tim Kuk) geçýär. Cook iPhone 4S,iPhone 5, iPhone 5S we iPhone 5C ÿaly modelleri tanatÿar. Bulardan başgada "Siri" diÿen ses bilen işleÿan akylly sistema, 2-nji we 3-nji nesil iPadler,iPad Miniler we akylly sagat Apple Watch Apple-iñ şu günlerdäki iñ uly üstünlükli önümleridir.