Meredow Myratgeldi Resulowiç
Meredow Myratgeldi Resulowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1977 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary |
Milleti | Türkmen |
Meredow Myratgeldi Resulowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1977-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 2000-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny dag inženeri hünäri boýunça tamamlady.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyny tamamlady.
Ýokary okuw mekdebini tamamlap, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynda dürli wezipelerde işledi.
2013-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nebitgaz senagaty bölüminiň geologiýa bölümçesiniň müdiri.
2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň orunbasary.
2016-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanyň nebitgaz ministri, Türkmenistanyň Ministrler Ka¬binetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gorlary baradaky döwlet toparynyň geňeşiniň başlygy.
2016-njy ýylyň iýul aýyndan 2017- nji ýylyň iýul aýyna çenli «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy.
2017-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýyna çenii «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama önümçilik» birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.
12.2017-11.04.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bölümi¬niň müdiri wezipesinde işledi.
11.04.2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
[düzet | çeşmäni düzet]- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №91 (29027) 2018-nji ýylyň aprel aýynyň 12-si, S.2.