Mehaniki hereket

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jisimiň beýleki jisimlere görä giňişlikdäki ýagdaýynyň wagtyň geçmegi bilen üýtgemegine mehaniki hereket diýilýär.

Düşündiriş[düzet | çeşmäni düzet]

Bizi gurşap alan ähli jisimler (ýyldyzlar, planetalar, örän kiçijik atomlar we olary düzýän bölejikler) üznüksiz hereketdedirler. Hereketiň iň ýönekeý formasy we hemmelere has ýakyny mehaniki hereketdir. Jisimiň beýleki jisimlere görä giňişlikdäki ýagdaýynyň wagtyň geçmegi bilen üýtgemegine mehaniki hereket diýilýär.

Mehaniki hereketleri fizikanyň mehanika diýlip atlandyrylýan bölümi öwrenýär. Mehanikanyň esasy wezipesi hereket edýän jisimiň giňişlikdäki ýagdaýyny islendik wagt pursatynda kesgitlemekden ybaratdyr.

  • Jisimiň ähli nokatlarynyň birmeňzeş hereket edýän wagtyndaky hereketine öňe hereket diýilýär. Beýle hereketde jisimiň islendik nokadynyň iki nokadyny birleşdirýän göni orny öz-özüne parallel üýdgedýär.
  • Berlen şertlerde ölçeglerini hasaba almazlyk mümkin bolan jisime material nokat diýilýär.
  • Jisimiň dynçlykda diýip şertli kabul edilen başga jisimlere görä hereketine göräli hereket diýilýär.
  • Mehanikada hasaplama jisiminden, onuň bilen baglanşykly koordinatalar sistemasyndan we oňa görä dynçlykda bolan, aralygy hem-de wagty ölçemek üçin ulanylýan abzallardan durýan sistema hasaplama sistemasy diýilýär.

Nokat hereket edende nähilidir bir çyzyk, ýagny yz galdyrýar. Oňa traektoriýa diýilýär.

Hereketi, ony döredýän sebäplere seretmezden öwrenýän mehanikanyň bölümine kinematika diýilýär.

Seret[düzet | çeşmäni düzet]