Mazmuna geçiň

Megalopolisler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mega(lo)polis (grekçe megas ýa-da megalu – uly + polis – şäher diýmek)[1] - Birnäçe goňşy şäherleriň we ilatly ýerleriň birleşdirilmegi netijesinde emele gelen, eýeleýän meýdany we ilatynyň sany boýunça ägirt uly möçberdäki şäher.

Senagat taýdan has ösen, ilatynyň sany barha köpelýän döwletlerde şäherleriň giňemegi netijesinde megapolisler ýa-da megalopolisler emele gelýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinde şonuň ýaly şäherler toparynyň (megapolis ansamllarynyň) birnäçesi bar. Meselem, ABŞ-da iri megapolisleriň üçüsi ýerleşýär: Boswaş, Çipis, San-San. Boswaş megapolisi BostonNýu-ÝorkFiladelfiýa – Baltimor – Waşington şäherlerini birikdirýär, onuň ilaty 40 mln adama barabar bolup, 150 müň km2 meýdany eýeleýär. Çipis megapolisi (30 mln adam) Beýik kölleriň günorta kenarýakasynda ýerleşen Çikago – Detroýt –Kliwlend – Pitsburg şäherleri öz içine alýar. San-San megapolisi Günorta Kaliforniýada ýerleşip, San-FransiskoLos-Anjeles – San-Diýego şäherleri birikdirýär (11 mln adam).

Alymlaryň çaklamalaryna görä, geljekde megalopolisleriň sany we möçberi has artar. Megalopolislerde daşky gurşaw güýçli (maksimal) derejede kem-kem-den ýaramazlaşýar. Munuň özi olarda sagdyn ekologiýa gurşawyny döretmegi has-da wajyplaşdyrýar.

Edebiýatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Durdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Briggs, James (25 August 2015). "Capitals, Wizards owner Ted Leonsis says Baltimore will become part of a D.C. supercity". Baltimore Business Journal. Retrieved 2015-08-26.