Mazdakitler hereketi
Mazdakitler hereketi — Mazdak ruhany gatlagyndan bolupdyr.Ol agalyk ediji gatlaga garşy göreşe köpçiligi çagyrýar.[1]
Aňyýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Deñlik, zatlary paýlamak. Ol agyr ýaşaýan giñ köpçuligi özüne çekipdir. Daýhan gozgalañlary tutaşyp başlapdyr.Hak begleriñ ep-esli toparynyñ emlägi ellerinden alynyp daýhanlara paýlanypdyr. Mazdakitleriñ hereketiniñ iñ osen döwri Kawad patyşanyñ dolandyran ýyllaryna gabat gelýar.Kawad gozgalañçylara dane ambarynyñ agyzlaryny açyp beripdir.[1] Kawadyñ özi hem bu hereketi bir bada goldapdyr.Ýerli ruhanylar dildüwişip goşun toplap, patyşa Kawady 496 ý tagtdan düşüripdirler.Ol Eftalylara gidipdir. Soñ 499 ý Eftalylaryň kömegi bilen tagta geçýär. 529-njy ýylda Mazdak we onuñ egindeşleri öldürilýär. Bu hereket Merkezi Aziýa, Azerbeýjana ýaýraýar. Onuň taglymatlary astynda soñ- soňlar hem birnäçe gozgalañlar bolup geçýär.[1]