Maržinal söwda
Maržinal söwda – agzalan pul möçberiniň – maržanyň girew astynda karzyna söwdagäre berilýän pullaryň we/ýa-da harytlaryň ulanylmagy bilen, spekulýatiw söwda amallarynyň geçirilmegi.[1] Ýönekeý karzdan maržinal karzy alynýan pullaryň möçberiniň adatça girewiň (maržanyň) möçberinden birnäçe esse ýokary geçýändigi bilen tapawutlanýar.[2]
Mysal üçin, ABŞ dollarynda 100 müň Ýewro möçberini satyn almak ýa-da satmak üçin şertnamany baglaşmak hukugynyň berilmegi üçin broker adatça 2 müň dollaryndan ýokary bolmadyk möçberi girewine talap edýär.
Maržinal söwda söwdagäre şol bir maýalarda amallaryň möçberlerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Nyrhyň ýokarlanmagynda oýnaýan söwdagärleri “öküzler” diýip atlandyrýarlar, nyrhyň aşaklamagynda oýnaýanlary, ýagny, üpjünçiliksiz, satuwy amala aşyrmakda tejribesi bolanlary bolsa, “aýylar” diýip atlandyrýarlar.[3]
Töwekgelçilikler
[düzet | çeşmäni düzet]Maržinal söwdasynyň giňden peýdalanylmagy bazarda geleşikleriň mukdaryny we pul möçberlerini ýokarlandyrýar. Ol söwda amallarynyň netijesiniň tizliginiň ýokarlanmagyna, töwekgelçilikleriň ýokarlanmagyna getirýär. Geleşikleriň möçberleriniň ýokarlanmagy bazaryň häsiýetine täsir edýär. Haotik ownuk geleşikleriniň köp sany bazaryň likwidligini ýokarlandyrýar, ony durnuklaşdyrýar. Beýleki tarapdan, eger-de geleşikler bir ugurda bolup geçse, olar nyrh üýtgäp durmalaryny ep-esli ýokarlandyryp bilerler.[4]
Karz egniniň ulanylmagy maýanyň örän çalt baýlaşdyrylmagyna hem, onuň çalt ýitmegine hem getirip biler. Statistika laýyklykda, hususy maýa goýumdarlarynyň hasaplarynyň 76% karz egniniň kömegi bilen söwdanyň amala aşyrylmagynda pullary ýitirýärler. Şonuň üçin ulanylýan karz egniniň amatly möçberini tapmak üçin, söwda edilýän guralynyň kotirowkalarynyň ortaça wolatilligine üns bermeli. Wolatillik näçe ýokary bolsa, şonça-da uly karz egniniň ulanylmagynyň hatda tötanleýin bazar üýtgäp durmalaryndan düýpli ýitgilerine getirip biljekdiginiň ähtimallygy ýokary bolup durýar.[5]
Bellikler
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Margin Definition". investopedia.com. Retrieved 2021-11-15.
- ↑ "How a margin loan works". westpac.com.au. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-15.
- ↑ "Too embarrassed to ask: what are “bulls” and “bears”?". moneyweek.com. Retrieved 2021-11-15.
- ↑ "The Impact of Margin Trading on Volatility of Stock Market: Evidence from SSE 50 Index". scirp.org. Retrieved 2021-11-15.
- ↑ "The dynamics of the leverage cycle". sciencedirect.com. Retrieved 2021-11-15.