Mazmuna geçiň

Mahmyt I Seljukly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi: 1092-1094

Özünden öň: Mälik şa

Özünden soň: Berkýaryk

Ýurdy: Seljukly hökümdarlygy

Kakasy: Mälik şa

Ejesi: Türkan hatyn

Doguldy: 1087

Öldi: 1094 6-7 ýaşlarynda) Yspyhan

Dini: Yslam. Sünni

Hökümdarlygy

[düzet | çeşmäni düzet]

Mahmyt I (1087-1094) -nji ýyllarda heniz 5 ýaşynda Seljuk türkmen tagtyna geçýär. Onuň Seljukly hökümdarlygyna Yspyhan we Pars topraklary düşüpdir[1] Doly ady: Mahmyt bin Mälikşa bin Alp Arslan bin Çagry bin Mikaýyl bin Seljuk bin Dükak. 1092-nji ýylda Mälik şa ölen wagty onuň ýerine 13 ýaşly ogly Abul Muzaffar Berkýaryk Seljukly türkmen döwletiniň tagtyna geçdi. Emma Mälikşanyň beýleki aýalyndan bolan Mahmydy soltan bellejek bolýar. Şol döwürlerde Mahmyt I goldan Seljukly döwletiniň weziri, gysgaça «Mustafi» diýlip bilinen «Bin Marzuban Hüsrew Firuz Şirazy ibni Darust Täjumulk Ebul Ganaýim» tarapyndan gollandy. Bagdatdaky Abbadylar halyfy Muktafiýa hem habar eden Türkan hatyn Mälikşanyň ölüminden 6 gün soňra 1092-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bäş ýaşly ogly Mahmydy soltan yglan etdirip Bagdatda öz oglunyň adyna hutba okatdyrdy[2]. Soňra Mälikşanyň ölümi belli bolanyndan soňra Seljukly döwletinde uly gopgunlar turmaga başlady. Hökümdarlyk böleklere bölündi. Pursatdan peýdalanan käbir häkimler öz garaşsyzlygyny yglan etmäge başladylar. Mälikşanyň jigsi Horasany we Balhy eýeledi. Mälikşanyň ýene bir jigsi Tutuş özüni Şamda Siriýadaky Seljukly döwletini yglan etdi we özi hem patyşa boldy. Ýokarky gatlakdaky dolandyryjylardan biri bolan Halap Emiri Aksungur el-Hajyp garaşsyzlygyny yglan etdi. Diýarbekr Emiri ýaly beýleki häkim emirler hem özlerini garaşsyz diýip yglan etdiler. Netijede Seljukly türkmen döwleti böleklere bölündi. Bu bolsa Seljukly hökümdarlygynyň synmagyna getirdi. Azerbeýjan we Arran häkimi bolan we Berkýarygyň daýysy hem-de öz giýewsi bolan Ýakut bin Ysmaýyl bin Dawut, Mahmydyň soltanlygyny kabul edendigini açyk aýdypdyr. Gutulmuş ogly Süleýmanyň ogly Gylyç Arslan I Eýranda ýesir boldy we bu ýerde kakasyny goldan Türkmenler tarapyndan Anadoly Seljukly döwletiniň soltany diýlip kabul edildi. Soltan Berkýaryk Haşhaşylar tarapyndan öldürilen Nyzamylmülkiň ýakynlary tarapyndan saklanýardy.

Mahmyt I bilen Berkýarygyň hökümdarlyk ugrundaky göreşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkan hatyn ogluna tarapdar we soltanlygy berkitmek üçin bir rowaýata görä köşkdäkilere 20.000 altyn dinar paýlapdyr. Türkan hatyn soňra Emir Kürbogany[3] Yspyhandaky Berkýarygy tutmak üçin Yspyhana ugratdy. Türkan hatyn we Mahmyt I habara garaşdylar. Emma Wezir Nyzamylmülkiň tarapdarlary 14 ýaşyndaky Berkýarygy Reý şäherine gaçyryp soltan yglan etdiler. Ogly Mahmyt I tutuş hökümdarlygyň soltany etmek isleýän Türkan hatyn, soltan yglan edilen Berkýaryk bilen söweşmegi ýüregine düwdi. Berkýarygyň tarapdarlary Reýde goşun toplap 1093-nji ýylyň Ýanwarynda Yspyhana ýörüş etdiler. Şäheriň alkymyna gelip ony gabadylar. Türkan hatyn we Mahmyt I Berkýarygyň goşuny bilen öz goşunyny Lurystandaky Hemedan we Ahwaz ýollarynyň arasyndaky ýoluň ugrunda 1093-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Bürüjird söweşini başlatdylar. Mahmyt we Türkan hatynyň goşunyndaky käbir emirler we esgerler Berkýarygyň tarapyna geçdiler we Türkan hatyn ýeňlişe sezewar boldy. Türkan hatyn we Mahmyt I Yspyhana çekildi. Olar Yspyhandakalar Mahmydyň soltanlygyny goldan Azerbeýjan we Arran häkimi Berkýarygyň daýysy we giýewsi bolan Ýakut ibni Ysmaýyl ibni Dawudyň soltan Berkýarygyň tarapyna geçendigi hakyndaky habar gelip gowuşdy. Türkan hatyn we Wezir «Mustawi» onuň dildüwişik gurnalyp öldürilmegini planlaşdyrdylar. 1093-nji ýylyň Fewralynda Wezir «Mustawi» Berkýaryk tarapyndan tussag edilip ölüme höküm edildi. Şondan soň hem Türkan hatynyň ogly Mahmyt I soltan etmek hakyndaky arzuwlary puja çykdy.

Türkan hatyn Berkýaryk bilen şertnama gazanmagy ýüregine düwdi. Bu şertnama görä Türkan hatyn bilen Mahmyt I Yspyhan we Pars topraklaryna tabyn hökümdar bolup höküm sürmekdi. Berkýaryk bolsa bütin Günbatar Seljukly döwletine soltanlyk etjekdi[2]. Bu şertnamadan bir ýarym ýyl geçen soň Türkan hatyn syrkawlap öldi. Türkan hatynyň yz ýanyndan 1094-nji ýylda Soltan Mahmyt I gül keseline ýolugyp öldi. Şondan soň Berkýarygyň özi Beýik Seljukly hökümdary bolup galyberdi.

1. ^ Nagendra Kr Singh (ed.) (2005) International encyclopaedia of Islamic dynasties,Anmol Publication PVT Ltd., s. 1076.

2. ^ a b Ö. Abdülkerim (2001) Soltan Berkyarygyň döwri «Türk Taryhy» (485-498/1092-1104), Stambul. Stambul uniwersiteti: ISBN 975-404-608-5 (türkçe)

3. ^ K. Ybraýym (1992), Selçuklular İstanbul: MEB Yayınlar, ISBN 975-11-0454-8 , Kür-Boğa maddesi (türkçe)