Mazmuna geçiň

MÄMMETNAZAR HYDYROW

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

M. Hydyrow – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.

Çärjew (Lebap) oblastynyň Hojambaz raýonynyň Beşir obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.

8-9 ýaşlarynda az salym dini mekdebe gatnap, zordan hat-sowat öwrenýär. On ýaşyny doldurandan kakasy aradan çykyp, agyr maşgalanyň eklenji onuň gerdenine düşýär.

Sowatly adam bolup ýetişmek hakda ol hemişe pikir edýärdi. Emma döwrüň sosial gurluşy oňa okamaga mümkinçilik bermeýärdi.

Türkmenistanda Sowet döwründe Hojambazyň Beşir obasynda-da mekdep açyldy.

Mämmetnazar gündizlerine maşgalany eklemek üçin gazanç edip, agşamlaryna hem täze açylan mekdepde okamaga başlaýar. Ilkinji sowat öwrenen mugallymy Alty Garaýewiň adyny ol minnetdarlyk bilen ýatlaýardy.

1926-njy ýylda Mämmetnazar ikiýyllyk mugallymçylyk kursuny gutarýar, obalarynda az wagtlyk mugallym bolup işleýär. Soňra ony Beşir oba Sowetiniň başlyklygyna saýlaýarlar.

1928-nji ýylda ol Çärjewiň 3 ýyllyk sowet-partiýa mekdebini gutaryp, ilki Çärjewdäki, soňra Kerkidäki sowet-partiýa mekdebinde mugallym bolup işleýär.

1934-nji ýylda ol Aşgabadyň döwlet Pedagogik institutynyň dil-edebiýat fakultetine okuwa girip, ony 1938-nji ýylda tamamlaýar. Şol ýyl ony institutyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymçylygyna işe galdyrýarlar. 1939-njy ýylda ol türkmen dili kafedrasynyň aspiranty bolýar. Mämmetnazar hem aspiranturada okaýar, hem mugallymçylyk edýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti Aşgabada göçüp gelýär. Şol uniwersitetiň alymlar Sowetinde M.N.Hydyrow «Türkmen dilinde posleloglar» diýen tema boýunça kandidatlyk disertasiýasyny (1942) goraýar.

1942-1948-nji ýyllarda ol kafedranyň dosenti, edebiýat kafedranyň müdiri wezipelerinde işleýär. Türkmen diliniň problemalary boýunça iş alyp barmagyny dowam etdirmegi netijesinde ol SSSR Ylylmlar akademiýasynyň Dil we pikirlenme institutynyň alymlar Sowetinde «Türkmen dilinde komekçi sözler we olaryň ulanylyşy» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny (1948) gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini we professorlyk adyny alýar. 1951-nji ýyldan alym Türkmenistanyň Ylymlar akademiýaýsynyň habarçy agzalygyna saýlanýar.

Mämmetnazar Hydyrow studentlik ýyllaryndan ylmy işe gyzyklanyp başlaýar. Onuň ilkinji makalasy 1931-iji ýylda gazetde çap edilýär.

1937-nji ýyldan başlap, onuň turkmen diliniň we türkmen edebiýatynyň dürli problemalaryna degişli makalalary gazet-žurnallaryň, ýygyndylaryň, sahypalarynda çykyp başlaýar. Ol dürli ugurlar boýunça ýazylan kitaplaryň, monografiýalaryň, orta we ýokary okuw jaýlary üçin okuw kitaplaryň, ylmy makalalaryň awtorydyr. Professor M. N. Hydyrow häzirki zaman türkmen diliniň grammatiki gurluşynyň teoretiki meselelerini derňemekde, onuň praktiki meselelerini düzgüne salmakda we ösdürmekde düýpli işder bitirdi. Onun «-dyk, -dik işlik formasy» 1941, «Türkmen dilinde kömekçi sözleriň klassifikasiýasy» (1941), «Türkmen dilinde kömekçi sözleriň ösüşinin esasy ýollary» (1946), «Türkmen dilinde posleloglar» (1947), soňky ýyllarda hem birnaçe gezek neşir edilen «Türkmen diliniň fonetikasy» (1948, K. Begenjow bilen awtorlykda), «Hazirki zaman türkmen dili» (morfologiýa, 1960, sintaksis, 1962, awtorlaryň biri) we başga-da köp sanly işleri diňe bir türkmen dil bilimine däl, eýsem umumy türkologiýa mynasyp goşant boldy.

Ol türkmen diliniň fonetikasyna bagyşlap ýazan işinde türkmen diliniň ses gurluşynyň aýratynlyklaryny, çekimli we çekimsiz sesleriň fiziologik we akustiki häsiýetlerini, olaryň klassifikaňiýasynyň prinsiplerini, basym, assimilýasiýa we beýleki messleleri yzygiderli suratda beýan edýär.

Türkmen diliniň taryhynyň kursy gönüden-göni filologiýa ylymlarynyň doktory, M. N. Hydyrowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol türkmen filologiýasy fakultetinde şol predmetiň başyny başlan ilkinji alymdyr.

Kursuň programmasy-da, oňa degişli materiallar hem professoryň galamyndan çykan işler. Degişli materiallaryň bolmazlygy zerarly, ol kurs 1950-nji ýyla çenli okadylmaýardy.

Professor M. N. Hydyrow türkmen diliniň taryhynyň üstünde ýyllar boýy işledi we oňa degişli ilki bir giden makalalar siklini neşir etdi. «Türkmen diliniň taryhyndan käbir maglumatlar» (1957), «Türkmen diliniň gadymy türki diller bilen baglanyşygy» (1958), «Türkmen diliniň käbir ýakyn gündogar dillerine bolan gatnaşygy» (1958), «Türkmen diliniň mongol diline bolan gatnaşygy» (1958) we başga-da birnäçe makalalary Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy ýazgylarynda» neşir edildi.

Soňra alym olary jemläp, «Türkmen diliniň taryhy boýunça materiallar» (1958, 1962) ady bilen iki sany uly kitap neşir etdi. Ylmy işiň daşyndan alym döredijilik işi bilen hem meşgullanýardy. Ol 60-dan gowrak goşgy, iki sany poema, «Öwrümli ýollar» atly taryhy roman, iki sany pýesa ýazdy. Bularyň hemmesi aýry-aýry wagtlarda özbaşdak kitap we gazet-žurnallarda neşir edildi.

Professor M. N. Hydyrow türkmen dili we edebiýaty boýunça ýokary kwalifikasiýaly, ökde hünärli ylmy kadrlar taýýarlamak işine hem öz goşandyny goşdy. Ol alymlyk derejesini alanlaryň ençemesine ylmy ýolbaşçylyk etdi. Goralan dürli dissertasiýalarda resmi opponent bolup, özüniň peýdaly maslahatlaryny aýtdy. Onuň ylmy hyzmatynyň gerimi respublikanyň çäginden has uzaklara çykdy.

Professor M. N. Hydyrowyň döwletimiziň filologiýa ylmyny ösdürmekde, orta we ýokary okuw jaýlary üçin okuw kitaplaryny döretmekde, ökde hünärli ylmy kadrlary taýýarlamýkda bitiren hyzmatlaryna uly baha berildi.

Ol Zähmet Gyzyl Baýdak, «Hormat nyşany» ordenleri, medallar hem-de TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

ÝELHARAZ[permanent dead link]