Litecoin

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Litecoin (Ł) – bu Bitcoin forky bolup, meňzeş atly kripto pul birligini ulanýan piring elektron töleg ulgamydyr. Ulgamyň işlemegini hem-de onuň goragyny üpjün etmek üçin kriptografik usullar ulanylýar.[1][2]

Litecoin alyş-çalyş ýerlerinde Bitcoin-a ýa-da hemmeler tarapyndan kabul edilen pula çalyşmak üçin, şeýle hem olary kabul etmäge taýýar bolan satyjylaryň harytlaryna ýa-da hyzmatlaryna elektron usul arkaly töleg geçirmek üçin hem ulanylyp bilner.

Bitkoýnlaryň we laýtkoýnlaryň arasyndaky tapawut[düzet | çeşmäni düzet]

Litecoin Namecoin-dan soň ikinji Bitcoin forky bolup durýar hem-de ondan sähelçe tapawutlanýandyr:

  • Bitkoýnyň blokçeýninde täze blok her 10 minutdan peýda bolýar, laýtkoýnyň torunda bolsa bu ýagdaý bary-ýogy 2,5 minut wagty alýandyr. Şonuň üçin litecoin torundaky tranzaksiýalar 4 esse çaltlyk bilen geçýär we olaryň bahasy bitkoýnyňkydan 3-5 esse arzandyr.
  • Laýtkoýnlaryň maýningi gazanylan şaýy pullaryň jemi sany 84 mln. ýeten mahalynda togtar. Bitkoýnlaryň ahyrky sany 4 esse azdyr – 21 mln.[3]
  • Eger-de bitkoýn SHA-256-da işleýän bolsa, onda laýtkon FreeBSD howpsuzlyk ofiseri Kolin Persiwal tarapyndan işlenip taýýarlanylan scrypt ulanýar. Scrypt funksiýasy maýningi aňsatlaşdyrýar.[4][5]

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Litecoin açyk başlangyç kody GitHub-da ýerleşýän kliýent arkaly 2011-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda çykaryldy.

2013-nji ýylyň noýabrynda Litecoin 1 milliard dollara barabar bolan bazar kapitallaşdyrmasyna ýetdi.[6]

2014-nji ýylyň başynda Litecoin işläp taýýarlaýjylar topary Android goşmaçasynyň alfa görnüşini çykardy.

2017-nji ýylyň maýynda Litecoin programma üpjünçiliginde SegWit goldawy işjeňleşdirildi.[7]

2017-nji ýylyň sentýabrynda ilkinji atom tranzaksiýalary geçirilipdi. 4 günüň içinde Litecoin we Decred, Litecoin we Vertcoin, Litecoin we Bitcoin arasynda tranzaksiýalar geçirildi.[8]

2021-nji ýylyň awgustynda Litecoin kapitallaşdyrmasy 12,2 milliard dollardan ybarat boldy.[9]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Bitcoin P2P e-cash paper". metzdowd.com. Retrieved 2021-08-20. 
  2. "CFTC Statement on Self-Certification of Bitcoin Products by CME, CFE and Cantor Exchange". cftc.gov. Retrieved 2021-08-20. 
  3. "Bitcoin vs Litecoin Guide". comparebrokers.co. Retrieved 2021-08-20. 
  4. "Stronger key derivation via sequential memory-hard functions" (PDF). tarsnap.com. Retrieved 2021-08-20. 
  5. "Litecoin Miner Status". andykellett.com. Retrieved 2021-08-20. 
  6. "Crypto-Currency Bubble Continues: Litecoin Surpasses Billion Dollar Market Capitalization". forbes.com. Retrieved 2021-08-20. 
  7. "Litecoin Successfully Activates SegWit". coindesk.com. Retrieved 2021-08-20. 
  8. "What is Atomic Cross-Chain Swap? How it websites?". steemit.com. Retrieved 2021-08-20. [permanent dead link]
  9. "Litecoin price". coinmarketcap.com. Retrieved 2021-08-20.