Laksmanyň ýekeni

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

LAKSMANYŇ YEKENI ''(Typha laxmanii)''[üýtget | edit source]


Häsiýeti. Medeni derman ösümligi. Laksmanyň ýekeni – ýekenler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50-120 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Ösümligiň ýapragy gynly, çal ýaşyl reňkli, inçe çyzykly, uzynlyhy 40-70 sm, ini 2,5 – 4 mm

Ýaşaýyş aýratynlygy.[üýtget | edit source]

Laksmanyň ýekeni ülkämizde deňiz derejesinden 200-400 metr belentlikde bitýär. Ol medeni oturymlaryň batgalaşan ýerlerinde, derýalaryň we ýaplaryň kenarlarynda, seýrek şaly ekinçiliginde ösmani halaýar. Ösümlik iýun-awgust aýlary gülleýärhem miweleýär. Ol tohumy we porrugy arkaly köpelýär.

Ýaýrawy.[üýtget | edit source]

Ösümlik diýarymyzda Etrek, Köpetdagetek, Tejen, murgap, Amyderýa we Daşoguz medeni oturymlarda duşýar.

Tebigy gory.[üýtget | edit source]

Laksmanyň ýekeni ýurdumyzdaky seýregräk ösümlikleriň hataryna girýär. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Bitýän ýerlerinde bol duşýar.

Dermanlyk çig maly.[üýtget | edit source]

Ösümligiň porrugy, ýäpraklary, şärikli miweleri, tozanlygy dermanlyk çig maly bolup hyzmat edýär. Porrugy ir baharda (mart) ýa-da güýzde (sentýabr), ýapraklaryny we tozlnlygy ösümlik gülleýän döwründe (iyun-iyul),  şärikli miwelerini doly bişende (awgust) ýygnamaly. Olary teläriň aşagynda, açyk howada kagyzyň ýa-da galyň matanyň üstünde, umumy kabul edilen usulyýet boýunça ýa-da oňat ýel çekerli jaýda guratmaly hem taýýarlamaly. Porrugyndan taýýar bolan çig mallary mata haltalara, ýaplaryňkyny kagyz haltalara, şärikli miweleri we tozanlygy agzy berk ýapylan aýna gaplara gaplamaly. Çig mallary gury, garaňky, gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Porrugyň ýaramlyk möhleti – 2-3, ýapraklaryňky – 1-2, şärikli wiweleriňki – 2-3, tozanlygyňky – 2-3 ýyl.

Himiki düzümi.[üýtget | edit source]

Laksmanyň ýekeniniň porrugynda köp mukdarda krahmal, belok, we şeker saklanýar. Ösümligiň gökje baldaklarynda uglewodlar, С witamini bar.

Peýdalanylyşy.[üýtget | edit source]

Halk lukmançylygynda ösümligiň ýerasty we ýerüsti bölegi gemostatiki, ýara bitiriji, antiseptiki, diuretiki, sowuklamanyň garşysyna derman serişdesi hökmünde ulanylýar.

Türkmen halk lukmançylygynda ýekeniň porrugyndan, ýapragyndan, şärikli miwelerinden taýýarlanylýan pet bilen jöwher şikeslerde: ýanykda, dürli ýaralarda; böwrek we peşew ýollarynyň keselerinde: sözenekde, peşew ýollarynyş sowuklamasynda; gipowitaminozlarda; garamükrüde; täze döremerde; endokrin ulgamyň sökelliklerinde:söýjikesselde peýdalanylýar. Şeýle-de deri, babasyl kesellerde, içki gulagyň sowuklamasynda, agyz boşlgynyň sökelliklerinde ulanylýar.
Ylmy lukmançylykda ösümligiň antikoagulýant, antibakterial işjeňligi ýüze çykaryldy.
Bezeg, perga beriji we ot-iýmlik ösümlik.
Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy:
Laksmanyň ýekeniniň 3 nahar çemçe (45 g) owradylan porrugyny 2 bulgur (400 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda pessaý otda 10 minut gaýnatmaly. 1 sagat goýmaly. Soňra süzmeli. Taýýar blan peti her gün 4 wagtyna nahardan 30 minut öň, ¼-1/2 bulgurdan (50-100 ml) içmeli.
Ösümligiň 1 nahar çemçe (15 g) owradylan porrugy 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, 20 minut goýmaly. Yzysüre hasadan geçirmeli. Emele gelen jöwheri süzüp, günde 3 sapar nahardan öň, ½ bulgurdan (100 ml) kabul etmeli.
Laksmanyň ýekeniniň 1 nahar çemçe (15 g) şärikli miwelerini ½ bulgur (100 ml) zeýtun ýagynyň içine atyp, agzy berk ýapylan aýna gapda 5 gün goýmaly. Arasyndabulap durmaly. Hasadan geçirmeli. Taýýar bolan melhemi babasylda peýdalanmaly.