Mazmuna geçiň

Kurban

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Kurbän (arap. قربان‎‎).

Gurbanlygyň ähmiýeti

[düzet | çeşmäni düzet]

«Gurbanlyk» arap dilinde « aralaşmak, Allaha aralaşmagyň serişdesi » diýen manyny berýär. Fykyh terminologiýasynda bolsa, ybadat maksady bilen, belli bir wagtda, belli bir häsiýetleri özünde jemleýän haýwany düzgüne laýyklap soýmaklyga «gurbanlyk» diýilýär.

Gurban baýramynda (başky üç gün) belli bir häsiýetleri özünde jemleýän we Alla üçin soýulan gurbanlyk mala arap dilinde «udhiýýe» diýilýär. Gurbanlyk hökmünde soýulmaga rugsat berilýän mallar şular : düýe, sygyr, gäwmiş, goýun we geçi. Goýundyr geçi bir ýaşyny, sygyrdyr gäwmiş iki ýaşyny, düýe bolsa bäş ýaşyny dolduran bolmaly. Şeýle hem alty aýlyk guzy eger enesi ýaly daýaw bolsa, ony hem gurbanlyk hökmünde soýmak bolar.

Gurbanlyk bermegiň hökümi

[düzet | çeşmäni düzet]

Kurany Kerimdäki : « Allanyň özlerine rysgal edip beren gurbanlyk haýwanlarynyň (damagyny çalanlarynda) Allanyň adyny agzamaklary üçin, her ymmata gurbanlyk çalmagy ybadatyň bir görnüşi edip goýduk » diýen aýatdan görnüşine görä, gurbanlyk bizden öň ýaşap geçen ymmatlara hem parz edilipdir. Kurany Kerimde gurbanlyk däbiniň her dinde bolandygyny aýratyn nygtalmak bilen bir hatarda adamzat taryhynda gurbanlyk bilen bagly ýüze çykan dürli dürli wakalar gürrüň berilýär.

Meselem: Adam atanyň ogullarynyň ikisi Allah üçin «gurbanlyk» berýär, emma olaryň biriniň «gurbanlygy» kabul edilýär, beýlekisiniň «gurbanlygy» kabul edilmäýär . Mundan başga - da, Kurany Kerimde çeperçilk bilen tewsirlenşi ýaly, hezreti Ybraýyma düýşünde ogluny gurban etmek buýrulýar, ataly - ogul akýürekden Haka boýun bolup, bu emri berjaý kylmaga girişen mahaly hezreti Ysmaýylyň ýerine gurban edilmek üçin gökden gurbanlyk mal inderilýär .

Şunlukda, bizden öňki ymmatlara parz kylynan gurbanlyk «Indi sen Perwerdigäriň üçin namaz oka (ybadat et) we gurbanlyk çal ! » aýatynyň emri boýunça Muhammet ymmatyna hem parz kylynýar. Şoňa görä , gurbanlyk çalmak hanefi mezhebine görä wajyp , beýleki mezheplere görä - de terk edilse halanmaýan müekket sünnet . Sebäbi gurbanlygyň terk edilse halanmaýan ybadatdygy juda köpsanly hadyslara esaslanýar .

Meselem: Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) bir hadysynda: «Güýji ýetibem gurbanlyk çalmaýan kişi biziň namazgähimize ýakynlaşmasyn!» diýilýär . Ýene bir rowaýatda bolsa, Allah Resuly (s.a.w) gurbanlyk çalan bir adama ýene - de gurbanlyk çalmagy buýrupdyr . Bu rowaýatda Pygamberimiziň (s.a.w) ikilenji gezek janly öldürmegi buýurmagy, gurbanlyk çalmagyň wajypdygyny görkezýär. Galyberse, Pygamberimiz (s.a.w) gurbanlyk çalmagyň parz edilen hijretiň ikinji ýylyndan başlap, tä aradan çykýança her ýyl Gurban baýramynda gurbanlyk kesipdir . Bu hem eýýäm gurbanlygyň juda möhüm ybadat bolup durýandygyny doly delillendirýär.

Näme üçin gurbanlyk edilýär?

[düzet | çeşmäni düzet]

Kurany Kerimiň: « Hiç haçan gurbanlyklaryň eti we gany Alla baryp ýetmez . Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter » diýen aýatyna görä, gurbanlyk diňe Alla üçin we Alla ýakyn bolmak üçin kesilýär. Allatagala hiç bir ybadata, şol sanda biziň kesjek gurbanlygymyza - da mätäç däl. Haktagala esasy biziň niýetimize we takwamyza ähmiýet berýär. Şonuň üçin etden garnyňy gabartmak üçin däl - de, Allany razylygyny gazanmak üçin gurbanlyk kesilýär. Hut şu sebäpden Gurbanlyk baýramynda eti üçin soýulýan mal gurbanlyk hasaplanmaýar. Galyberse, şärikleşip gurbanlyk berýänleriň arasynda diňe et üçin goşulan biri bar bolsa, onda beýleki şärikdeşleriň hem gurbanlygy kabul bolmaýar.

Gurbanlygyň sogaby

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanlygyň sogaby bilen bagly hadyslarda külli musulman ymmatyna juda şatlykly habarlar aýdylýar . Musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (r.a) adyndan rowaýat edilýän hadysda şeýle diýilýär: « Gurban baýramynda musulman bendesiniň eden hiç bir işi Alla üçin gurbanlyk ganyny akytmakdan has ýakymly bolmaz. Sebäbi soýulan mal kyýamat gün şahly, ýüňli we toýnakly bolup geler. Soýulan malyň gany ýere dammazdan Allahyň dergähinde beýik mertebä çykar. Şonuň üçin göwnühoşluk bilen gurbanlyklaryňyzy kesiň! ». Munuň bilen bagly ýene bir rowaýatda bolsa, gurbanlyk çalmagyň sogaby barada soralan sowala Pygamberimiz (s.a.w): « Her gylyna sogap beriler » diýip jogap berýär. Onsaň, sahabalar meseläni hasam aýdyňlaşdyrmak üçin: «Ýa Resulallah? Ýüňüniňmi? » diýip sorapdyrlar. Pygamberimizem (s.a.w): « Ýüňüniň her gylyna sogap bar » diýipdir . Ýene bir rowaýatda bolsa, Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Patmanyň (r.a) gurbanlygy kesiljek bolup durka oňa: « Tur, gurbanlyk üçin soýuljak malyň ýanyna bar. Damagy çalnyp, ilkinji damja gany akdygy eýýäm seniň öňki günäleriň bagyşlanar » diýipdir . Gurbanlyk üçin soýulan malyň öz eýesini üstüne mündirip syrat köprüsinden geçirjekdigi hem Pygamberimiziň (s.a.w) hadysynda aýdylyp geçilýär.

Gurbanlygyň peýdasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Her ybadatda bolşy ýaly, gurbanlyk çalmagyň ynsanyň şahsy hem jemgyýetçilik durmuşyna oňyn täsiriniň bardygy şeksizdir . Kurany Kerimiň «Allanyň özlerine rysgal edip beren gurbanlyk haýwanlarynyň (damagyny çalanlarynda) Allanyň adyny agzamaklary üçin, her ymmata gurbanlyk çalmagy ybadatyň bir görnüşi edip goýduk » aýatynda gurbanlyk üçin malyň damagy çalnanda Allanyň beýik adynyň agzalmagy buýrulýar . Şeýle hem bu aýatdaky sözlerden ýer ýüzünde ýaşaýan haýwanlaryň ählisiniň Allatagalanyň mülküne degişlidigini , ynsana merhemet edileni üçin janly - jandarlaryň onuň hyzmatyna berilendigini we ynsanda şular ýaly düşünjeleriň döremegine sebäp bolýandygy üçin gurbanlyk soýmagyň emir edilýändigini aňlamak bolýar.

Gurbanlyk etmek diýmek janyň - teniň bilen Hakyň ýoluna berilmek , Alla üçin hiç zadyňy gaýgyrmazlyk diýmekdir . Pidagärligiň şeýle beýik nusgasy hezreti Ybraýym bilen Ysmaýylyň keşbinde öz beýanyny tapypdyr . Gurbanlyk Alla boýun bolmak duýgusyny terbiýeleýär . Munuň saýasynda ynsan öz Perwerdigäriniň guludygyna düşünýär we onuň öňündäki gulluk borjuny berjaý etmäge durýar. Şeýdibem Alla ýakynlaşýar.

Gurbanlyk jemgyýetde dostluk - doganlyk, jebislik, arkalaşyk , adalatlylyk we mähir - mubabbet ýaly duýgularyň ösmegine ýardam berýär. Halkyň ýokary gatlak bilen aşaky gatlaklarynyň arasynda uçurymyň döremeginiň öňüni alýar we dürli gatlakdaky adamlaryň ysnyşmagyny ýola goýýar.

Gurbanlygyň adamyň saglygyna gönüden - göni täsir edýän kadaly iýmitlenmegiň üpjün edilmeginde hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi adaty ýagdaýda et iýmäge gurby ýetmeýän garyp maşgalalar Gurban baýramy mynasybetli et iýmäge mümkinçilik tapýar . Elbetde, gurbanlygyň maldarçylyk pugadyna we ykdysady önümçilige ýetirýän täsiri hem az - küş däl bolsa gerek.


Gurbanlyk çalmak kime wajyp?

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanlyk çalmagyň wajyp bolmagynyň şertleri:

  1. Musulman bolmaly: Bu şert ybadatlaryň ählisinde bar. Eger kişi Gurban baýramynyň üçünji güni gün batmazdan öň Yslamy kabul edip, musulman bolsa we gurbanlygyň wajyp bolmagynyň beýleki şertleri - de ýerine ýetýän bolsa, onda ol gurbanlyk bermeli .
  2. Akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmaly : Çagalara we akyl taýdan näsaglara gurbanlyk etmek wajyp däl . Munuň bilen birlikde kişiniň öz çagasy üçin gurbanlyk kesdirmegi müstehapdyr.
  3. Mukym bolmaly : Ýagny saparda bolmaly däl. Sapardaky kişi gurbanlyk kesmäge borçly däl . Emma saparda bolsa - da, kişi islese özbaşyna ýa - da mukymlara goşulyp gurbanlyk kesip bilýär. Bu mesele babatynda beýleki mezheplerde mukym bilen saparynyň arasynda tapawut ýok .
  4. Maddy taýdan ýeterlik baýlygy bolmaly : Hanefi mezhebine görä, kişini gurbanlyk kesmäge borçly edýän baýlyk mukdary zekatda we pitre sadakasynda talap edilýän baýlyk mukdary bilen deňdir. Muňa «nisap » mukdary diýilýär. Kişiniň baýlygy zerur hajatlaryndan daşgary 85 gram (20 mysgal) altyna ýa - da 200 dirhem kümüşe ýetýän bolsa, onda ol gurbanlyk etmeli . Fykyhçy alymlaryň esasy köplüginiň garaýşyna görä, gurbanlyk kesmäge borçlandyrýan baýlygyň zekatda bolşy «üstünden bir ýyl geçmegi » we «artýan hilde bolmagy» hökman däl . Diýmek, Gurban baýramynyň ilkinji üç güni kimiň baýlygy « nisap» mukdaryna ýeten bolsa, üstünden bir ýylyň geçerine garaşman hökman gurbanlyk çalmaly .

Gurbanlyk çalmak aýallara - da wajypmy?

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýokarda sanalan şertlere görä, gurbanlyk çalmak babatynda aýal bilen erkegiň arasynda tapawut ýok . Başgaça aýdanyňda, akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten, mukym we baý her bir musulman zenanyna gurbanlyk çalmak wajypdyr. Ady belli hanefi fykyhçysy Kasany gurbanlyk çalmagyň wajyplyk şertlerini sananyndan soňra sözüni şeýle jemleýär : «Sanalan bu şertler aýal bilen erkek üçin des - deňdir. Sebäbi bu mesele bilen bagly delillerde aýal bilen erkegi biri - birinden parhlandyrylmandyr ». Ýeri gelende şuny hem ýatladyp geçeliň, adamsynyň baý bolmagy aýaly gurbanlyk kesmäge borçlandyrmaýar. Il arasynda bir ýyl adamsy gurbanlyk berse , indiki ýyl aýaly gurbanlyk bermeli diýen ýalňyş düşünje hem bar . Maşgalanyň baýlygy diňe erkege degişli, şonuň üçinem her ýyl gurbanlygy erkek adamyň özi bermeli . Aýalyň öz hususy baýlygy bar bolsa , onda olam gurbanlyk etmeli. Galyň, mirasdan düşen paý, zähmet çekip gazanylýan pul – aýalyň öz hususy baýlygydyr. Elbetde, maşgalabaşynyň güýji ýetýän bolsa, aýaly üçin hem gurbanlyk berip bilýär.

Malyň damagyny aýal çalsa bolýarmy?

[düzet | çeşmäni düzet]

Malyň damagyny çalýan kişi hökman erkek göbekli bolmaly diýen şert ýok. Şonuň üçin aýallaram edil erkekler ýaly, öz elleri bilen malyň damagyny çalsa bolýar. Diňe aýallar däl, hatda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaram eger malyň damak çalnyşynyň düzgünlerinden baş çykarýan bolsa, mal soýsa bol ar. Bu ýerde esasy zat düzgün boýunça malyň damagyny çalmagy başarmak . Onsoňam, aýallara mal soýmagyň rugsat berilendigini görkezýän hadyslaram bar. Meselem: Mugaz ibn Sagdyň (r.a) rowaýat etmegine görä, Kagp ibn Mäligiň (r.a) çorusy Sel daglarynda goýun bakyp ýörkä, goýunlarynyň biri pyçaga gelipdir. Çory kesgir daş bölegi bilen goýunyň damagyny çalyp ýetişipdir. Soň Allah Resulyndan «Goýunyň etini nädeli ?» diýip (s.a.w) sorapdyrlar. Allah Resuly (s.a.w): « Etini iýiberiň, hiç zadam bolmaz » diýip jogap beripdir. Buharynyň kitabynyň baplarynyň birinde rawylar silsilesini taşlamak ýoly bilen beýan eden hadysyna görä bolsa, Ebu Musa Eşgary (r.a) öz gyzlaryna gurbanlyk mallarynyň damagyny özleriniň çalmaklaryny , aýaklary bilen malyň boýnundan basmaklaryny we damagyny çalýan mahaly «Bismilläh» diýip, tekbir aýtmaklaryny berk sargapdyr .

Gurbanlyk mal nähili soýulýar?

[düzet | çeşmäni düzet]

Şerigatyň düzgünlerine laýyklap mal soýlanda ilki bilen «Bismilläh, Allahu Ekber» diýilýär , soňra «Ewdâj» kesilýär. Boýnunyň iki tarapyndan geçýän iki uly arteriýa damary, dem alyş turbasy we iýmit turbasy – malyň bu dört agzasy «Ewdâj» diýlip atlandyrylýar. Damagy çalnan malyň bu dört agzasy hökman kesilmeli. Munuň bilen birlikde üçüsi, ýagny dem alyş turbasy, iýmit turbasy we iki arteriýa damaryň biri kesilse - de ýeterlik.

Malyň damagyny ýeňsesinden çalmak mekruhdyr. Ýeňseden damagy çalnan mal ýokarda agzalan dört agza kesilmezden öň ölen ýagdaýynda maslyk hasaplanýar. Şonuň üçin malyň äňiniň aşagyndan damagy çalynýar. Malyň kütek gezlik bilen damagyny çalmak, güýlüp ýere ýatyrandan soň pyçagy ýitilemek, soýuljak ýerine aýagyndan süýräp eltmek , damagy çalnanda zor salyp boýnuny omurmak, jany çykmanka kellesini goparyp aýyrmak we jany çykmanka hamyny sypyrmak mekruhdyr.

Gurbanlyk çalnanda nämä üns bermeli?

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Maly soýuljak ýerine ynjytman eltmeli. Damagy çalnanda çepine ýatyryp, kybla bakdyrmaly.
  2. Gurbanlyk malyny eýesiniň hut özüniň soýmagy, ýa - da musulman birini soýdurmagy we soýulýan mahaly başynda durmagy müstehapdyr.
  3. Gurbanlyk soýýan kişi maly gynamaly däl. Pyçak ýiti bolmaly we ony mala görkezmeli däl. Damak çalynmanka «Bismilläh, Allahu Ekber » diýmeli.
  4. Gurbanlyk janlysyny başga birine soýdurýan kişi mal öldürlenýän aýdylýan tekbire goşulmaly . Kişi eger malyň damagyny çalýan mahaly bilgeşleýin «Bismilläh, Allahu Ekber» diýmese, hanefi mezhebine görä şol malyň etinden iýmek bolmaýar. Emma «Bismilläh, Allahu Ekber» diýmek ýatdan çyksa, günä ýok.
  5. Damagy çalnan maly gynamazlyk üçin, bütinleý hereketden galýança, ýagny jany doly çykýança hamyny sypyrmaly däl. Gurbanlyk edýän kişi malyň soýlan gün ilki bilen bagyr - öýken bişirip nahar edinse, has ýagşy bolar.
  6. Pygamberimiz (s.a.w) gurbanlyk malyň soýulmagy bilen bagly şeýle diýipdir: « Allatagala her bir zadyň yhsan bilen (ýagşylyk bilen, ezberlik bilen we Allahyň hödür edilýän şekilde) ýerine ýetirilmegini isleýär. Şonuň üçinem malyň damagyny çalanyňyzda, yhsan duýgusyny ýitirmäň. Kim malyň damagyny çalýan bolsa, pyçagyny mäkäm ýiteltsin we soýjak malyny kösemesin »
  7. Sygyr, gäwmiş, goýun we geçi toparlaryna girýän mallar güýlünip, äňiginiň aşagyndan damagy çalynýar. Şu görnüşde damak çalmaklyga arap dilinde «zebh» diýilýär. Düýäni aýagynyň üstünde durka, çep öň aýagyny daňyp, döşüniň üstünden damagy çalýarlar. Damak çalmagyň bu görnüşine bolsa, arap dilinde «nahr» diýilýär. Damagy çalnandan soň malyň gany doly akyp gutarýança garaşmaly .

Gurban kesmegiň hikmetleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurban – hem şahsyýet, hem-de jemgyýet taýyndan ençeme peýdasy bolan, mal bilen edilýän ybadatdyr. Gurban – Allaha ýakynlaşmaga we Onuň razylygyny gazanmaga wesiledir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: «Biz her bir ymmat üçin gurban kesmegi emr etdik. Ryzk hökmünde beren mallarymyň damagyny çalanlarynda Allahyň adyny aýtsynlar. Şuny hem unutmaň, hemmäňiziň Taňryňyz ýeke-täk ilahdyr. Onda diňe Oňa boýun boluň. Eý Resulym, sen hem pespällere, ak ýüreklilere we yhlaslylara buşla», (Haj, 34). Bu aýat taryhyň dowamynda ähli dinlerde gurban ybadatynyň bolandygyny habar berýär. Kurany Kerimde hezreti Adam atanyň ogullarynyň Allah ýoluna gurban kesýänlerinden söz açylmagy, gurbanlygyň hezreti Adam atadan bärik dowam edip gelen ybadatdygyny görkezýär. Şeýle hem, ynsanyň ähli mülk we mal baýlygynyň hakyky eýesiniň Allahdygyny ýatladýar. Gurbanlygyň hezreti Ibrahim we ogly Ismail bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Hezreti Ibrahimiň düýşünde ogly Ismaili gurban etmek emrini almagy we oňa boýun bolmagy, Ismailiň bolsa kakasyna garşylyk görkezmän, Allah ýoluna gurban bolmaga razydygyny aýtmagy, gurbanlygyň wepalylyk we sadakat nyşanydygyny görkezýär. Mü’minler her gurbanlykda hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň Allah Tagalanyň uly synagyndan abraýly geçendigini ýatlap, özleriniň hem şeýle tagat-ybadata taýyndygyny görkezýärler.

Gurban kesmegiň asyl maksady yhlas we takwalyk bilen Allaha ýakynlaşmakdyr. Bu maksat bolmasa, kesilen gurbanlygyň Allahyň dergähinde gadyr-gymmaty ýokdur. Çünki, Kurany Kerimde Allah Tagala şeýle buýurýar: «Şuny unutmaň, berlen gurbanlygyň eti-de, gany-da Allaha ýetmez. Ýöne Oňa ýetjek ýeke-täk zat ýüregiňizde beslän takwalygyňyz, Allaha bolan tagatyňyzdyr», (Haj, 37).

Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň, deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar. Aýratyn hem gurbanlyk et satyn almaga güýji ýetmeýän, ýetde-gütde ýaşaýan garyplar üçin bähbitdir.

Gurban kesmegiň ahyret peýdasy barada Pygamberimiz hadysy-şerifinde şeýle aýdýar: «Gurbanlykda malyňyzyň gowusyny kesiň, çünki, olar syratda siziň ulagyňyz bolar». Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Adam ogly gurban baýramy gününde damak çalmakdan başga haýsydyr bir gowy iş bilen Allaha ýakynlaşyp bilmez. Damagy çalnan mal kyýamat güni şahy, toýnagy we gyly bilen geler. Gurbanyň gany ýere degmänkä, ol mal Allahyň dergähinde belent mertebä göteriler. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy göwnühoşluk bilen kesiň» diýilýär, (Mälik, «Muwatta», Ibni Maje).

Gurbanyň wajyp bolmagynyň şertleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurban – azat, mukym, baý bolan her bir musulmana wajypdyr. Ymamy Agzam we Ebu Ýusuf gurbanyň wajyp bolmagy üçin gurbanlyk kesmäge borçly ynsanyň akylly we kämillik ýaşyna ýetmelidigini şertine goşmandyr. Bulara görä, baý bolan bir çaganyň ýa-da däliniň hossarynyň olaryň adyna gurban kesmegi şertdir. Ymam Muhammede görä bolsa, akyly ýerinde bolmak we bulug ýaşyna ýetmek şertdir. Gurbanyň ybadat bolmagy sebäpli, ybadatlarda akyly ýerinde bolmagyň we bulugyň hökmany şertdigi üçin, çagalaryň we dälileriň malyndan gurban kesmek wajyp däldir. Fetwada Ymam Muhammediň pikiri esas edilip alynýar.

Häzirki döwürde gurban kesmek üçin kişiniň azat bolmak şerti öz-özünden ýitipdir. Mukym bolmak barada aýdylanda, ýolagçylyk şertleri häzirki döwürde düýbünden üýtgäpdir. Baýram günlerinde ýurduň içine ýa-da daşyna gezelenje çykan, ene-atasynyň öýüne myhmançylyga gelen kişiniň ýagdaýy tapawutlydyr. Ol öňünden gurbanlygyň aladasyny edip, birine wekillik berip, gurban kesmegi ýa-da baran ýerinde gurban kesmegi has gowudyr. Çünki, gurbanyň namaz, oraza deýin şahsyýetiň niýeti we ruhy dünýesi bilen baglanyşygynyň bolşy ýaly, jemgyýetde ijtimagy deňlik we adalat bilen hem baglanyşygy bardyr. Şol sebäpli, gurban ybadatyny her hili şertde-de ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr.

Gurban kesmek mükellefiýeti üçin dördünji şert – kişiniň gurply bolmagydyr. Hanefi mezhebine görä, gurban kesmegi wajyp kylýan baýlygyň ölçegi, zekat we fytyr sadakasynda zerur saýylýan şertler bilen meňzeşdir. Ýagny, kişiniň bergi we asly zerurlyklaryndan başga 85 gr. altyna ýa-da muňa deň gelýän pula ýa-da mal baýlygyna eýe bolmagydyr. Hanefi mezhebine görä, baý bolmak: ýaşaýyş jaý, egin-eşik, ulag we maşgala agzalarynyň çykdajylaryndan başga nisap mukdary baýlygyna eýe bolmakdyr. Ýöne, häzirki günlerde asly zerurlyklara her kese laýyk bolup biljek belli bir ölçeg goýmak mümkin däldir. Bu meselede her kesiň wyždany özüne ölçeg bolmalydyr, ýagny, gurban baýramynda janly almaga güýji ýetýän adamyň gurban kesmegi has gowusydyr. Ýöne, gurbanlyk mal almaga mümkinçiligi bolmadyk kişiniň gurban kesmek üçin özüni kyn güne salmagy hem dogry däldir. Bu meselede käbir alymlar beýle kişiniň özüne wajyp bolmadyk ybadaty wajyp edýändigini, kesilen gurbanyň bolsa, nezir boljakdygyny belläpdir. Şonuň üçin garybyň alan gurbanlyk janlysy ýitse we ikinji gezek gurbanlyk janly alsa we bu aralykda birinji mal tapylan ýagdaýynda, onuň iki malyny hem kesmegi hökmandyr. Bu höküm: maddy mümkinçiligi ýok halda ilden galmajak bolup ýa-da ybadat sogabyny ýitirmejek bolup gurban kesmäge özüni mejbur edýän kişini oýarmak üçindir.


Gurbanyň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanyň «wajyp» we «nafile» diýen iki görnüşi bardyr.

Wajyp gurbanlar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Udhyýe gurbany – nisap mukdarda mal baýlygy bolan kişiniň gurban baýramynda kesen gurbany. Gurban kesmek niýeti bilen satyn alan malyny gurbanlyk etmäge mümkinçiligi bolmadyk garybyňam ol janlyny gurban etmegi wajypdyr.
  2. Nezir gurbany – bir möhümiň bitmegi üçin nezir edilen, ýagny, Hudaý ýoluna aýdylan gurbandyr.
  3. Hedý gurbany – hajy kyran we hajy temettu edeniň kesýän gurbany. Muňa şükür gurbany hem diýilýär. (ser. Haj).
  4. Jeza gurbany – hajda hajynyň hatasy sebäpli kesilýän gurban.

Nafile gurbanlar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Akika gurbany – täze doglan çaga üçin şükür niýeti bilen kesilýän gurban.
  2. Hajy ifrat edeniň kesýän gurbany. (ser. Haj).
  3. Gurban baýramyndan başga gün kesilen gurban.

Gurban kesmegiň sahyh bolmagynyň şertleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanyň rüküni kesilmegi jaýyz bolan maly kesmekdir. Kesilen bu gurbanyň kabul bolmagy üçin iki şert bardyr.

Gurban kesmegiň wagty – gurban baýramynyň birinji güni, baýram namazyndan soň, üçünji gün agşama çenlidir. Baýram namazy okalmaýan ýerde, daň atandan soň gurban kesmek wagty başlanýar. Şafygy mezhebine görä, dördünji gün agşama çenli gurban kesmek bolýar. Gurbanyň baýramyň birinji gününde kesilmegi has fazyletli hasaplanýar. Damagy gündiz çalmak maslahat berilýär.

2. Kesiljek malyň kemsiz bolmagy

[düzet | çeşmäni düzet]

Kesiljek malyň gurban edilmäge päsgel berjek keminiň bolmazlygy zerurdyr. Gurbanlyk malyň sagdyn, on iki süňňi ýerbe-er, gurat bolmagy ybadatyň many we maksadyna hem-de saglyk kadalaryna laýykdyr.

Malda bolan ýetmezçilikler iki görnüşe bölünýär:

a) Gurban edilmegi dini taýdan uzur saýylan ýetmezçilikler.
Çöken hor, keselli, käbir agzalary kemli, meselem: bir ýa-da iki gözi kör, kesiljek ýere ýöräp baryp bilmejek derejede agsak, bir gulagy ýa-da iki gulagy düýbünden kesik, şahlarynyň biri ýa-da ikisi düýbünden döwük, dişleriniň hemmesi ýa-da köpüsi dökülen mallar gurbanlyga ýaramaýar.
b) Gurban edilmeginiň dini taýdan zeleli bolmadyk ýetmezçilikler

Doga şahsyz, gözi çaşy, agsak, gulagy bellik üçin dilnen ýa-da ujy kesilen, gotur, biçilen, dişleriniň käbiri dökülen mallaryň gurban kesilmeginde hiç hili zelel ýokdur.

Gurban ediljek mallaryň görnüşleri we aýratynlygy

[düzet | çeşmäni düzet]

Dini taýdan gurban edilmegi makul bolan mallar şulardyr: goýun, geçi, sygyr we düýe.

Towuk, gaz, ördek ýaly öý guşlary, keýik, jeren ýaly ýabany haýwanlar gurban niýeti bilen kesilmeýär. Gurbanyň kabul bolmagy üçin, malyň erkek ýa-da urkaçy bolmagynda tapawut ýokdur. Ýöne goýunda goçuň, geçide tekäniň, sygyr we düýäniň urkaçysynyň kesilmegi has fazyletli saýylypdyr.

Goýun we geçi maly bir ýaşyny doldurandan soň gurbanlyga ýaraýar. Alymlar alty aýlyk toklynyň bir ýaşyna ýeten ýaly gurat we irimçik bolan ýagdaýynda gurban edilip bilinjekdigini belläpdirler.

Sygyr iki ýaşyny, düýe bäş ýaşyny doldurandan soň, gurban kesilip bilner. Bu mallary bir kişi hem, ýedi kişä çenli birleşip hem kesip bilerler. Olaryň sanynyň ýedi ýa-da täk-jübüt bolmagy hökman däldir. Ýöne olaryň ählisiniň Allah ryzasy üçin gurban kesmek niýetinde bolmagy şertdir. Içlerinden biri gurbana niýet etmän, diňe et almak üçin şärik bolsa, hiç biriniň gurbany dürs bolmaz. Gurban eti paýlaşylanda, hökman çekmelidir. Çen bilen deňlemek dogry däldir.

Bir kişi diňe özüne niýetläp alan uly malyna soňra başgalary hem şärik edip bilýär.

Gurbanlyk niýeti bilen alnan mal kesilmänkä ölse ýa-da uzurly bolsa, baý kişi täzesini almalydyr. Garyp bolsa ölen malynyň ýerine täzesini almasa-da bolar, eger alan maly uzurly çyksa, ony şol durşuna kesse hem dürsdür. Çünki bu gurban garyp üçin nafiledir.

Gurbanlyga niýetlenen mal ogurlanandygy ýa-da ýitendigi üçin başgasy satyn alynsa, soňra hem ýitig mal tapylsa, olaryň arasyndan iň semizini saýlap gurban kesmelidir. Eger ogurlanan ýa-da ýiten mal beýlekisi gurban edilenden soň tapylsa, onuň kesilmegi hökman däldir. Bu meselede baý bilen garybyň arasynda tapawut ýokdur. Ýöne käbir alymlar garybyň ikisini hem kesmeginiň gerekdigini aýdypdyr. Çünki garyp maly satyn alan wagty gurbanlyk diýip belleýär. Özüne gurbanlyk etmek wajyp bolmasa-da, maly gurban kesjekdigini borç edinýär. Bu mal oňa nezir hökmünde wajyp bolýar.


Gurban kesmegiň düzgüni

[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanlyk ediljek malyň damagy çalnanda käbir düzgünler berjaý edilmelidir. Maly kesiljek ýere ynjytman äkitmeli we ýüzüni kybla tarap edip, çep ýanyna ýatyrmaly. Mükellefiň gurbanyny özüniň kesmegi mendupdyr. Oňarmasa başga birine wekillik berip kesdirip biler. Gurban kesjek kişiniň musulman bolmagy has gowudyr. Ýöne jöhit ýa-da hristian gassabyna hem gurban kesdirmek bolýar. Çünki Ähli Kitabyň kesen maly halaldyr.

Dinimizde damak çalmaga «tezkiýe» diýilýär. Tezkiýe «zebh» we «nahr» diýen iki görnüşe bölünýär.

Malyň eňeginiň aşak ýanyndan çalynmagyna zebh diýilýär. Bu usul goýun, geçi, sygyr mallarynyň damagy çalnanda ulanylýar.

Malyň bogazynyň göwreden çykan ýerinden çalynmagyna bolsa nahr diýilýär. Nahr düýeleriň damagy çalnanda ulanylýan usuldyr.

Damagy çalnan malyň «ewdaj» ady berlen dört agzasynyň kesilmegi hökmandyr. Olar: kekirdegi, gyzylödegi we iki sany boýun damarydyr. Damak çalnanda ganyň doly akyp gutarmagyna garaşmaly, jany çykmanka, boýun ýülügini kesmek mekruhdyr.

Mal öldürilende gurbanlyk edýän kişiniň şol ýerde bolmagy müstehapdyr. Mal ýere ýatyrylanda ol:

«Meniň namazym, ybadatym, gurbanym, diriligim we ölümim – hemmesi älemleriň Rabbi bolan Allah üçindir» (Engam, 162) manysyndaky aýaty okasa has gowudyr. Soňra: «Eý, Allahym, halylyň Ibrahimden, habybyň Muhammetden kabul edişiň ýaly, menden hem kabul et» ýaly dogalar edip, tekbir hem tehlil getirmeli we malyň damagyny çalmaly.

Gurban kesýän kişi mala ezýet bermezlige çalyşmaly. Pyçak ýiti bolmaly, ony mala görkezmeli däl. Damak çalnanda,

«Bismillähi Allahu Ekber» diýmeli. Gurbany wekil kesen ýagdaýynda, gurbanyň eýesi hem besmelä goşulmalydyr. Gurban kesen adam besmele aýtmagy unutsa zeleli ýokdur. Bilip aýtmasa, şol malyň eti haramdyr.


Gurbanlygyň üleşdirilişi

[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiziň hadyslaryna salgylanýan yslam alymlarynyň aýtmagyna görä, gurbanlyk edilýän et deň üç bölege bölünýär. Bir bölegi gurbanlyk edýäniň maşgalasyna, bir bölegi (baý hem bolsa) dost-ýar, garyndaşlaryna, ýene bir bölegi bolsa gurban kesip bilmedik garyp-gasarlara paý edilmelidir. Gurban kesen kişiniň maşgalasy köplük bolup, gün-güzerany kyn bolsa, maly hiç kime paýlaman özleri iýse-de bolýar.

Gurbanlyk edilen malyň derisini, ýüňüni, garyn-içegelerini, kellebaşaýagyny gazanç üçin satmak dürs däldir. Satylaýanda-da puly mätäçlere sadaka hökmünde paýlanmalydyr.

Gurbanlyk üçin öldürilen malyň etiniň kesilen ýerinde paýlanmagy maslahat berilse-de, has mätäç ýerlere iberilip hem bilinýär. Bu musulmanyň musulmana doganlygynyň nyşanydyr.

Gurban kesilenden soň, ol ýer gowy arassalanyp, malyň galan-gaçan hapasy çuň çukura gömülmelidir. Bu tämizlik işiniň gurban edilen mala we gurban ybadatyna bolan hormaty görkezişi ýaly, şäherlerde saglygy, arassaçylygy saklamakda hem peýdasy köpdür. Gurban kesmegiň, etini paýlamagyň sogabyny daş töweregi hapalap, adamlaryň närazylygyny almak bilen azaltmaly däldir.


Gurban bilen baglanyşykly käbir meseleler

[düzet | çeşmäni düzet]

Bir kişiniň başga biriniň wekili hökmünde gurban kesmegi dürsdür. Wekil bolan kişi gurbany alyp, kesip, paýlap bilýär. Gurbanda wekillik habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilse hem dürsdür. Çünki, mal bilen edilýän ybadatlarda gurban berýän bilen wekil deňdir.

Sogabyny ýogalan garyndaşyň ýa-da hormatlaýan kişiň ruhuna bagyşlap kesilýän gurbanyň gurban baýramynda kesilýän beýleki gurbanlardan tapawudy ýokdur.

Bir kişi öz puluna gurbanlyk mal alyp, sogabyny ýogalan birine bagyşlap bilşi ýaly, kesen gurbanynyň etinden özi hem iýip bilýär, özgä-de iýdirip bilýär. Beýle gurbanyň baýram güni kesilmegi hökman däldir. Ol islendik gün kesilip bilner. Ýöne Arafa güni kesip, etini garyplara paýlamak has gowudyr.

Bir kişi ölmezinden öň öz adyna gurban kesilmegini wesýet eden bolsa, bu gurbanyň gurban baýramy günlerinde kesilmegi hökmandyr. Ýöne bu gurban edilen malyň etinden kesen kişiniň iýmegi dürs däldir. Ol etiň baryny sadaka edip paýlamalydyr. Merhum wesýet etmedik bolsa, gurbanlyk onuň pulundan alnyp kesilse, bu gurbanyň hökümi hem wesýet edilip kesilen gurbanyň hökümi bilen deňdir.


Nezir gurbany

[düzet | çeşmäni düzet]

Nezir gurbanyny kesmek wajypdyr. Nezir edilen gurbanyň kesilmeginiň borç bolmagy üçin şu şertler gerekdir:

  1. Gurban diýip nezir edilen mal: goýun, geçi, sygyr, düýe kimin wajyp gurbanlykdaky ýaly maldan bolmalydyr.
  2. Nezir edilen gurban nezir eden kişi üçin wajyp bolmaly däldir. Meselem: bir baý «Eger şu işim başa barsa, gurban baýramynda gurban kesjek» diýse, kesen şol gurbany nezir ýerine geçmeýär. Ýöne asylky etmeli gurbanlygyndan aýratyn ýene bir maly nezir hökmünde kesse, onda neziri ýerine düşer.
  3. Nezir edilen gurban Allaha ma'syýet görnüşinde bolmaly däldir. Meselem: ogluňy Allah üçin gurban etmek.
  4. Nezir edilen gurbanlyk mal özgäniň maly bolmaly däldir.
  5. Nezir edilen gurban amal edilmegi mümkin bolan zat bolmalydyr.

Nezir gurbanynyň etinden nezir eden kişiniň özi we maşgala agzalary iýse dürs däldir. Onuň hemmesi garyp-mätäçlere paýlanmalydyr. Eger iýäýseler, iýlen mukdarynyň bahasy sadaka hökmünde mätäçlere paýlanmalydyr.


Akyka gurbany

[düzet | çeşmäni düzet]

Doglan çaga üçin Allaha şükür hökmünde kesilen gurbana akyka gurbany diýilýär. «Akyka» sözi arap dilinde çaganyň başyndaky galpagynyň adydyr. Akyka gurbany kesilen güni çaganyň galpagynyň hem syrylýandygy üçin, berilýän gurban bu ady alypdyr.

Akyka gurbany – hanefi mezhebine görä, mubah, käbir alymlara görä bolsa, mendupdyr. Beýleki üç mezhebe görä sünnetdir. Pygamberimiz agtyklary hezreti Hasan we hezreti Hüseýiniň her biri üçin bir goçy akyka gurbany hökmünde kesipdir. Ymmatyna hem täze doglan çagalar üçin akyka gurbanyny kesmegi maslahat beripdir. Resuly Ekremiň bu maslahaty dini zerurlyk däldir. Ýöne çaganyň doglan güni, öýleniş toýy ýaly, şatlykly günüň ýakynlara duýdurylmagy, olar bilen begenjiňi paýlaşmakdyr.

Akyka gurbany çaganyň doglan gününden bulug ýaşyna çenli kesilse bolýar. Ýöne doglanynyň ýedinji güni kesilmegi müstehapdyr. Şol gün çaga at dakylmagy, galpagynyň syrylmagy, saçynyň agramyça altyn ýa-da kümşüň sadaka paýlanmagy ündelipdir.

Gurban baýramyna ýaraýan her bir mal akyka gurbanyna-da ýaramlydyr. Çaga üçin bir janlynyň kesilmegi ýeterlikdir. Ýöne ogul üçin ikisini kesmelidigi barada aýdan alymlar hem bar.

Akyka gurbanynyň etinden gurban kesýäniň özem, maşgalasam iýip bilýär.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]