Kategoriýa:Ewolýusiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

EWOLÝUSIÝA TAGLYMATY HAKYNDA SOŇKY YLMY WE FILOSOFIKI GARAÝYŞLAR.

Darwinizm bilim dünyäsinde giňden kabul görsede, esasan hem soňky yyllarda genetika, molekulyar biologiya, biohimiya we antropologiya yaly ylym pudaklary esasynda Darwinizmiň kritikalary yöredilyär. Meselem:

1. Janlylar arasynda hromosoma sanawyna dayanyp garyndaşlyk derejesi gurulmagy zordur. Çünki çylşyrymly diylip kabul edilen bir janlynyň hromosoma sany pes gurluşly diylip kabul edilen janlydan az sanawa eýe bolup bilyär. Meselem bir öyjüklilerden Radiolyariyada hromosoma 800 bolsa, deňiz yyldyzynda 94, adamda bolsa 46-dyr.

Yada bolmasa aralarynda ewolyusion garyndaşlyk gurup bolmayan janlylaryň hromosoma sanynda meňzeşliklere duş gelmek mümkin. Meselem şempanze we gorillalarda 48 hromosoma bar bolsa, kartoşkanyň hromosoma sany hem 48-dir. Yagny kartoşkanyñ hromosoma sany bilen şempanze we gorillalaryň hromosoma sany birdir.

2. Ýerýüzünde geologik döwürler boyunça birbirinden tapawutlanýan dürli organizmler ýüze çykyp, bularyň bir bölegi hiç üýtgemän günümüze çenli gelip yeten bolsa, käbirlerem belli bir döwür ýaşap durmuş sahypasyndan çekilendir. Bärde dykgaty çekýän zat hem, çylşyrymly gurluşly organizmleriň ýuwaş-ýuwaşdan Yerýüzünde görülmegidir. Yöne bärde iki ähtimal garşymyza çykar: Ýa çylşyrymly janlylar, özlerinden ozalky döwürlerde yaşan pes gurluşlylardan kem-kemden hasyl bolandyr ýa-da kem-kemden gowlaşan ýerýüzünde şol gurşawa uýgun, öz ýaşaýyşyny we neslini dowam etdirjek belli bir potensialda ýaradylandyr.

Eger janlylar birbirinden emele gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa birinji etapda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10, soňra 100-de 20, soňra bolsa 100-de 30 şeklinde dowam etmegine garaşylar. Bu ýagdaýda, meselem balyk bilen gurbaga arasynda birnäçe geçiş formasynyň tapylmagy gerekdir. Her görnüş üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, Yeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny müňlerçe geçiş formasy yaşan bolmalydyr. Yöne welin millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan, geçiş formasy hökmünde öňe sürlen materiallar yok diyjek yaly azdyr we bularyň hem bugünki pozisiyasy jedellidir. (Geljekki bölümde bu tema giňişleyin ýer beriler)

Piller bilen begomotlar, antilop bilen žyraflar, kembriy bilen biröyjükliler we beyleki birgiden görnüşler arasynda geçişi görkezyän ýekejede galyndy mysaly yokdur.

Sintetik Darwinizmiň gurujylaryndan Ernst Meyeriň hem bu barada dile getiren şu setirlerini nygtamakda örän peyda bar:

"Poleontologlar uzyn wagtlap Darwiniň kiçi böküşler bilen üytgeyjilik şertiniň poleontologiyasynyň tapyndylary bilen çatyşýandygynyň habarynda. Filumlara degişli çyzgylar barlanylanda örän kiçi böküşlere degişli üytgeyjilikler görülyär, yöne bu üytgeyjilikler bir görnüşi başga bir uruga (genus) öwürjek görnüşde däl we täze bir görnüşiň köküne degişli düşündiriş berip bilenoklar. Hakykatda galyndy yazgylarynda täze her görnüş ähli wagt birden yüze çykyar." [2]

Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz, görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň durmuşda galmagy, dürli gurşawlara uygunlaşyp bilmegi üçin gereklidirem. Ewolyusion manysynda ullanylan üytgeyjilikde, Yaradyjynyň yokdugy bellenilip, bütin janlylaryň yzygider halda we birbirinden meydana gelendigi öňe sürüler. Munyaly bir pikiriň hiçbir ylmy gymmaty yokdur we dolulygyna ateist ideologiya bagly pozitiwist filosofiyanyň bir önümidir.

3. Her bir görnüşiň erkek we urkaçy agzalardan durmagy we bularyň jübütleşip bilmek üçin gerekli köpeliş organlaryna eye bolmagy ewolyusionistleriň öňündäki iň uly meselelerden biri bolmaga dowam edyär. Käbirleri jynslar bilen bagly meselä seçgi bilen jogap getirjek bolsada, seçgi bar bolan osoblar arasynda amala aşar, täze genetiki maglumat emele getirmez. Yagny jynslar hiçbir wagt tebigy seçgi bilen emele gelip bilmez. "Iň möhüm sorag jynsy köpelişiň nädip emele gelendigi barada. Ýyllap orta goyulan bütin çaklamalara garamazdan muny heniz bilemzok"[4] diyen Nature dergisiniň redaktory John Maddoksyň hem kabul edişi yaly, esasan hem erkek bilen urkaçy jynsyň arasynda birbirini özüne çekmek ýaly hadysalaryň nädip orta çykandygy ýaly yüzlerçe soraga ewolyusionistleriň düşündirişlerinde jogap gözlemegiň manysy yokdur. Adam barlygynyň orta çykyşyna hem ewolyusion üytgeyjilikler netijesinde diylip baha berilsede, adamyň haçan we nädip "Erkek" we "Ayal" hökmünde tapawutlanandygyny, has dogrusy "Erkek" bilen "Aýalyň" gerek emosional, gerek biologik taydan birbirine zerurlygynyň, şol sanda sazlaşygynyň haçan, nädip we haysy gurşawlarda emele gelendigini ewolyusionist logika bilen düşündirip bolmaz.

[1] "Ernst Mayr, One Long Argument:Charles Darwin and Genesis of Modern Evolutionary Thought, Harvard University Press, Cambridge, Massachusetts, 1991, s. 138"

[2] Antony Flew, There Is a God, s. 111.

Gomologiýa we gomologiýanyň kritikalary[düzet | çeşmäni düzet]

Gomologik we analogik organlar.

Molekulýar gomologiýa.

Netije.

GOMOLOGIK WE ANALOGIK ORGANLAR. 1840-njy ýyllarda Britaniyaly anatom Riçard Owen organizmler arasynda birmeňzeş wezipäni yerine yetiryän organlary analogik, gurluş taydan birbirine meňzeş organlary bolsa gomologik organlar diyip atlandyrdy. Riçard organizmleriň birmeňzeş bir plan üstünde bina edilendigini aydyan bolsa, Darwin olaryň bir ata babadan gelendigini pikir edipdi. Darwin gomologiyany "bir ata babadan nesle geçijilik yoly bilen miras alynan alamatlar" hökmünde düşündirdi.

"Görnüşleriň gelip çykyşy" atly kitabynda Darwin gomologiyany şeyle beyan etdi:

"Şol bir klasyň osoblarynyň, ýaşaýyş endiklerine bagly bolmazdan, organizasiyalarynda umumy plan içinde birbirine meňzeyändigini gördük. Bu meňzeşlikler köplenç "tip birligi", yada klasyň dürli görnüşlerindäki käbir bölümler we organlaryň gomologik organdygy diylip düşündirildi. Şekillendirilen bir adam aýasynyň, gazmak üçin bar bolan körsyçan golunyň, atyň ayagynyň, delfin ýüzgüjiniň we ýarganat ganadynyň birmeňzeş şekilde bina edilen bolmagyndan has gyzykly näme bolup biler."

Ýarganatyň uçmak üçin ganatlary, delfin balygynyň yüzgüçleri, atyň ylgamak üçin ayagy we adamyň eli gomologik organlara, guşlaryň we kebelekleriň ganatlary bolsa analogik organlara mysal bolup biler.

Sintetik Darwinizmiň ewolyusionistleri 1930-1940-njy ýyllarda gomologik alamatlary bir ata-babadan nesle geçijilik yoly bilen geçen meňzeş genleriň täsirine bagladylar. Emma käbir meňzeş gurluşlaryň bir atadan gelmedigini, yagny gelip çykyşy boyunça birmeňzeş däldigini bildirdiler. Muňa mysal hökmünde osminoguň gözi görkezildi. Osminogyň gözi adamyň göz gurluşyna meňzeşdir. Muňa garamazdan biologlaryň adam bilen osminogy bir ata baba baglamadyklary bellidir.

KRITIKALARY.

Mälim bolşy yaly ewolyusiya teoriyasynyñ esasy mutasion üytgeyjiliklere dayanar. Şeylelikde birbiriniň ýakyn ewolýusion garyndaşlygy hasaplanýan janlylaryň genetiki gurluşlary hem birbirine meňzemelidir. Esasan hem meňzeş organlary birbirine meňzeşiräk genler tarapyndan dolandyrylmalydyr. Yöne welin geçirilen barlaglarda meňzeş, yagny gomologik organlaryň köplenç örän dürli genetiki kodlar tarapyndan kesgitlenyändigi yüze çykdy. Awstriyaly molekulyar biolog Michael Denton "Evolution: A Theory in Crisis" (Krizis yagdaydaky teoriya Ewolyusiya) atly kitabynda bu barada şeyle söz edyär:

"Embriologik we genetiki barlaglarda gomologik gurluşlaryň gomologik genler tarapyndan kesgitlenyändigini we embriologik gelip çykyşyň gomologik nusgalaryny yzarlayandygyny görkezip bilsedik gomologiýanyň ewolyusion teswiriniň ygtybarlygy uly ölçegde güyçlenip bilerdi. Şunýaly gomologiýa bir ata babadan miras galan hakyky bir baglanyşygy güyçli bir şekilde orta goyardy. Ýöne gomologiýanyň munýaly giňeldilmejegi ýüze çykandyr. Gomologik gurluşlar, köplenç gomologik bolmaýan genetiki sistemalar tarapyndan düzülyändir" [1]

Bu genetiki problemany meşhur ewolyusionist biolog Geýwin de Biir hem dile getiryär. Biir 1971-nji yylda çap edilen "Homology: An Unsolved Problem" (Gomologiya: çözülmedik bir mesele) atly kitabynda gomologiyanyň ewolyusiýada näme üçin mesele döredendigini gysgaça şeyle beyan edyär:

"Meňzeş genler tarapyndan dolandyrylmadyklary halda gomologik organlaryň orta çykmagy haysy mehanizmiň (ewolyusiyanyň ugrukduryjy sebäpleriniň) netijesi bolup biler? Bu soragy 1938-de soradym, yöne henizem jogap gelmedi." [2]

Dürli janlylaryň DNK-laryndaky meňzeş genetiki kodlar hem, örän dürli organlara garşylyk gelip bilyändir. Bu barada De Biir şeyle dowam edyär:

"Gomologiya bir atadan gelen toplumy görkezyändigi üçin, genetikanyň gomologiya problemasynyň çözgüdinde esasy roly oynayandygyny pikir edip bolar. Yöne bu, adamlaryň geň galan yeridir. Çünki meňzeş genler tarapyndan dolandyrylýan alamatlar gomologik bolmak zorunda däldir we gomologik gurluşlaryňam meňzeş genler tarapyndan dolandyrylmagy hökmany däldir. Gomologik gurluşlaryň bir atadan gelendigi pikiri genleriň meňzeşligine degişli edilip bilinmez."[3]

Gomologiya bilen embriologik gelip çykyş arasynda baglanyşyk gurulmagy birnäçe tarapdan zordur. Meselem köp oňurgaly aýagynda barmaklaryň gelip çykyşy yzdan öňe, bir başga söz bilen aydylanda guyrukdan başa tarapdyr. Guyruksyz gurbagalarda şeyle bolsa, olar bilen garyndaşdygy öňe sürülen salamandralarda barmaklaryň gelip çykyşy başdan guyruga tarap gider. Tapawut örän bellidir welin, käbir biologlar salamandralaryň ewolyusion geçmişiniň gurbagalar hem degişli bolmak bilen, bütin oňurgalylardan tapawutlydygyny öňe sürmek zorunda galandyr.

Geywin De Bir hem meňzeş pikirde:

"Gomologik gurluşlaryň birbirine garşylyk gelmegi düwünçekdãki öyjükleriň pozisiyalaryna, yumurtganyň böleklerine yada bu gurluşlaryň meydana gelyän mahaly geçiren gelip çykyş yollaryndaky meňzeşliklerine dayandyrylyp bilinmez"[4]

Analogik organlaryň kritikasy. Ewolyusionistleriň gomologiya adalgasy meňzeş morfologiyalara eýe bolan janlylar arasynda ewolyusion baglanyşyk gurma logikasyna dayanar. Yöne aralarynda hiçbir ewolyusion baglanyşyk gurup bolmayan, yagny ewolyusionistleriň gelip çykyşy boyunça dürli hasaplan görnüşleriniňem gomologik organlary bardyr. Ganat munuň bir mysalydyr. Bir süydemdiriji bolan ýarganatda ganat bardyr, guşlarda ganat bardyr, siňeklerde-de ganat bardyr. Yöne bu dört ayratyn janlynyň bir ata babadan gelendigini, yagny gelip çykyşynyň birmeňzeşdigini hiçbir biolog öňe sürmez.

Bu barada bir başga mysalam janlylaryň gözlerindäki täsin galdyryjy meňzeşlik we gurluş taydan ýakynlykdyr. Meselem osminoglar ewolyusionistleriň düzen ýaşaýyş agajyna, yagny ewolyusion shema görä adama iň uzak janlylardan biri bolmagyna garamazdan osminoguň gözi bilen adamyň gözi gurluş we funksiya taydan birbirine örän yakyndyr. Şu we şuňa meňzeş mysallar "gomologik organlar janlylaryň umumy atadan gelendigini, yagny gelip çykyşynyň birmeňzeşdigini görkezer" şeklindäki pikiriň hiçbir ylmy dayanjynyň bolmadygynyň aydyň subutnamasydyr.

Bular yaly organlary ewolyusionistler analogik, yagny gelip çykyşy boyunça dürli, yöne birmeňzeş wezipäni yerine ýetiryän organlar diyip atlandyrmak bilen birlikde, olar bu hadysany konwergensiya baglarlar. Yöne bir organyñ gomologik kategoriýasynamy yada analogik kategoriýasynamy degişli edilmelidigi soragy dolulygyna ewolyusiya teoriyasynyň öň garaýyşlaryna görä jogaplanar. Olaryň edyän zady garşylaryna çykýan tapyndylary öz teoriyalaryna görä teswirlemekdir.

Gynansagam orta goýan bu düşündirişlerem örän ýetersizdir. Çünki analogik hasaplan organlarynyň käbirleri örän kompleks gurluşlaryna garamazdan birbirlerine örän meňzeşdir welin, bu meňzeşligiň tötänleýin mutasiýalar esasynda üpjün edilendigini öňe sürmek uly bir mesele ýüze çykarar. Meselem osminoguň gözi ewolyusionistleriň öňe sürüşi yaly, dolulygyna tötänlikler eseri bolup yüze çykan bolsa, nädip oňurgaly gözem şol bir tötänlikleri gaytalap orta çykyp biler? Bu soraga ewolyusionist bolmagyna garamazdan Frank Salisbury hem dykgat çekyär:

"Göz yaly çylşyrymly bir organ hem dürli janly toparlarynda aýry-aýry orta çykypdyr. Meselem osminogda, oňurgalylarda we bognaýaklylarda. Bularyň bir saparlygyna nädip orta çykandygyny düşündirmek mesele bolup duran wagty, (Sintetik Darwinizm) teoriyasyna görä, her saparynda aýry-aýry emele gelendikleri düşünjesi kellämi agyrdýar."[5-6]

Ewolyusionist teoriya görä ganatlar hem mör-möjeklerde, uçan süyrenjilerde, guşlarda we ýarganatlarda birbiri bilen baglanyşygy bolman ayry-ayry orta çykandyr. Tebigy seçgi we mutasiyalar bilen nädip dörändigi bilen bagly rasional bir düşündirişi bolmayan ganatlaryň dört gezek aýry-aýry emele gelmegi we bu emele gelen ganatlaryň birbirine meňzeş gurluşlar sergilemegi, ewolyusionistler üçin bir başga kelle agyrydyr.

BÄŞ BARMAKLYK GOMOLOGIYA.

Gury yerde yaşayan janlylaryň öňki hem-de yzky ayaklarynda bäş barmak bardyr. Bular her niçigem doly bir barmak görnüşüne eye bolmasada, süňk gurluşy taydan "bäş barmakly" (pentadactyl) görnüşe eýedir. Gurbaganyň, asyň, belkanyň, maymynyň we başgada birgiden janlynyň el-ayaklary şunyaly gurluşdadyr. Ewolyusionistler bäş barmaklyk gomologiyany Darwinizmiň uly bir subutnamasy hökmünde görkezendir. Yöne, 1980-nji yyllarda bu barmak gurluşuna eye janlylarda, barmak gurluşlarynyň örän dürli genler tarapyndan dolandyrylýandygyň ýüze çykmagy garaýyşlary dolulygyna üytgetdi. Biolog William Fix muny şu setirler bilen beyan edyär:

"Ewolyusiya barada gomologiya pikirine köplenç ýer beryän öňki ders kitaplarynda, esasan hem dürli haywanlaryň skeletlerindäki ayaklaryň gurluşy üstünde durulyardy. Şeylelikde bir adamyň golunda, bir guşuň ganatlarynda we bir ýarganadyň ýüzgüçlerinde bar bolan bäş barmakly gurluş bu janlylaryň bir atadan gelendiklerine subutnama hasaplandy. Eger bu dürli gurluşlar mutasiyalar we tebigy seçgi tarapyndan wagtal wagtal üytgedilen şol bir genler tarapyndan dolandyrylýan bolsalardy bu teoriýanyň hem bir manysy bolardy. Yöne gynansakda ýagday beyle däl. Gomologik organlaryň dürli görnüşlerde örän dürli genler tarapyndan dolandyrylýandygy indi bilinendir. Bir ata babadan gelen meňzeş genler üstüne gurulan gomologiya düşünjesi çöken ýagdaydadyr."[8]

Onda janlylardaky meňzeş gurluşlary nädip düşündirmeli? Bu soragyň jogaby Darwiniň teoriyasy bilim dünyäsine häkim bolmanka berilipdi. Janlylardaky meňzeş organlary ilkinji bolup yola salan Carl Linneaus yada Richard Owen ýaly alymlar bu organlary bir atadan miras galan ewolyusion üytgeyjilik netijesinde däl, birmeňzeş ýaradylyş mysaly hökmünde görüpdiler.

MOLEKULYAR GOMOLOGIYA.

Ewolyusionistler dürli janly görnüşleriniň DNK-larynyň ýada belok gurluşlarynyň meňzeşdiginden söz ederler we muny hem janlylaryň birbirinden gelendikleriniň subutnamasy hökmünde görkezmäge çalyşarlar. Yöne hakykatda birbirine örän meňzeş we ýakyn ýaly görünen janlylar arasynda örän uly molekulýar tapawutlar bardyr. Meselem dem alyş üçin gerekli beloklardan biri bolan Sitohrom S'nyň gurluşy şol bir klassifikasiyalara degişli janlylarda örän tapawutlydyr. Bu kriteriyanyň üstünden geçirilen analizlere görä iki aýry süyrenji görnüşi arasyndaky tapawut bir balyk bilen bir guşuň yada bir balyk bilen süydemdirijiniň arasyndaky tapawutdan has ulydyr. Yada bolmasa geçirilen bir başga analiz guşlar arasyndaky molekulyar tapawutlaryň, şol bir guşlar bilen süydemdirijiler arasyndaky tapawutdan ulydygyny orta goydy. Birbirine örän ýakyn görünen bakteriyalar arasyndaky molekulyar tapawudyň, süydemdirijiler bilen amfibiyalar yada mör-möjekler arasyndaky tapawutdan has ulydygyna hem gözegçilik edildi. [1] Meňzeş analizler gemoglobin, mioglobin, gormonlar we genler üstünde-de geçirilip, meňzeş netijeler alyndy.[2] Molekulyar biolog, Professor Micheal Denton şu we şuňa meňzeş analizlere daýanyp şeyle diyyär:

"Molekulýar derejede her bir janly klasy özbaşdak, tapawutly we beylekiler bilen baglanyşyksyzdyr. Şeylelikde molekulalar (hem) edil galyndy ýazgylary yaly ewolyusion biologiya tarapyndan uzyn wagtlap gözlenen teorik geçiş formalarynyň yokdugyny görkezýär... Molekulýar derejede hiçbir organizm bir beýlekisiniň atasy däldir, beýlekisinden has pes yada ösenem däldir. Eger bu molekulýar subutnamalar mundan bir asyr ozal bar bolsady... organiki ewolyusiya düşünjesi hiçbir zaman kabul görmänem bilerdi"[3]

Günorta Karolina uniwersitedinden biohimiya hünärmeni Dr. Christian Schwabe molekulyar gurluşda ewolyusiya subutnama tapmak üçin uzyn ýyllap işlän bir alymdyr. Esasan hem relaksin ýaly beloklar üstünde barlaglar geçirip janlylar arasynda ewolyusion garyndaşlyk gurmaga çalyşdy. Yöne barlaglarynyň hiçbir nokadynda teoriya degişli haýsyda bolsa bir subutnama ele geçirip bilmedigini bildirmegi bilen birlikde, Science dergisindäki bir makalasynda şeyle diydi:

"Molekulyar ewolyusiya ewolyusion garyndaşlygyň yüze çykarylmagy üçin poleontologiyadan hem has üstün bir yol hökmünde kabul edilmäge başlanandygy sebäpli, bir molekulyar ewolyusionist hökmünde muňa buýsanmagym gerekdi. Yöne tersine, görnüşleriň yzygiderli bir ösüş sergiländigini görkezjekdigi pikir edilen molekulýar meňzeşlikleriň birgiden meselesine gözegçilik edilyär. Bu meseleler örän köp welin, hakykatda meseleleriň we geň galdyryjy hadysalaryň bize bir zady habar beryändigini pikir edyärin"

Schwabe janlylardaky lizosimleriň, sitohromlaryň we başgada birgiden gormonyň aminokislota yzygiderliginiň deňeşdirilmeginiň Darwinizm üçin garaşylmadyk netije we näsazlyklar orta goyandygyny hem belläp, bütin bu delillere dayanyp beloklaryň hemmesiniň hiçbir ewolyusion hadysa geçirmän başlangyçdaky gurluşlaryna eýediklerini we molekulalar arasynda hiçbir geçiş formasynyň yokdugyny hem bildiryär.

Netije:

J. Uolles gomologiyanyň "Ewolyusiyanyň subutnamasy gomologiya, gomologiyanyň subutnamasam ewolyusiya" şeklinde bir aýylganç aylaw içinde galandygyny şeyle suratlandyryar:

"Oňurgalylaryň öňki bogunlarynyň gomologik bolup bolmadygyny kesgitlemek isleyän bir Neodarwinist, ilki bilen olaryň bir ata-babadan gelip gelmedigini anyklamalydyr. Bir başga söz bilen aydylanda bogunlaryň gomologik diylip atlandyrylmagyndan öň, bir ata babanyň delilini görkezmelidir. Emma aýlaw edip gomologik bogunlaryň bir ata-babany görkezyändigini öňe sürmek, aýylganç bir aýlawdyr. Bir ata-baba gomologiyany görkezer, gomologiyada bir ata babany. Köp biolog we filosof bu aýylganç aýlawy görüp, tankyt edendir"

Uolles, gomologiya meselesine düşünmek üçin munuň bilen bagly birgiden soragyň soralyp çözgüdini gözlemek gerekdigini, emma ewolyusionistleriň muňa ýanaşman okuwçylara gomologiyany diňe bir tarapdan öwretyändiklerinem belläp şeyle dowam edyär:

"Oňurgalylaryň bogunlary haysy tarapdan Darwinist ewolyusiya üçin subutnama bolyar? Eger maglumatyň dowamlylygy genlerden ýada gelip çykyş yollaryndan gözbaş almayan bolsa, onuň üytgeyjilik bilen emele gelendigini nirden bilyäris? Hatda gomologiyadan yola çykyp bir ata baba ýetmek mümkünmi?... Bular bar bolan ylmy soraglardyr. Yöne ähtimal, biologiya okuwçylary ders kitaplarynda bu soraglary görüp bilmezler. Her bir biologiya kitaby oňurgaly bogunlaryny gomologiyany düşündirmekde ullanyar we gomologiyanyňam ewolyusiyanyň delilidigini öňe süryär. Şol bir wagtda bu kitaplaryň köpüsi gomologiyany "bir ata baba" manysynda-da ullanýandyr..."[10]

Bibliografiya

[1] Denton, M. Evolution. A Theory in Crisis. Burnett  Books, London, 1985.

[2-3] Beer, de G. Homology: An Unsolved Problem. London: Oxford University Press, s. 15-16, 1971. Gavin De Beer, Homology: An Unsolved Problem, London: Oxford University Press, 1971, p. 16.

[4] De Beer, G. (1958): Embryos and Ancestors, 3rd ed. Oxford: Clarendon Press, p. 152.

[5-6] Frank Salisbury, "Doubts About the Modern Synthetic Theory of Evolution", American Biology Teacher.

[7-8] Fix, William, The Bone Peddlers: Selling Evolution (New York: Macmillan Publishing Co., 1984), s. 189.

[9]. Richard, M. Shattering the Myths of Darwinism.

[10]. W. R. Bird, The Origin of Species Revisited, Thomas Nelson Co., Nashville: 1991, s. 98-99; Percival Davis, Dean Kenyon, Of Pandas and People, Haugh- ton Publishing Co., 1990, s. 35-38

[11] W. R. Bird, The Origin of Species Revisited, s. 98-99, 199-202

[12] Michael Denton, Evolution: A Theory in Crisis, London: Burnett Books, 1985, s. 290-91

[13] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

EMBRIOLOGIK GURLUŞ MEŇZEŞLIGI WE RUDIMENT MESELESI.[düzet | çeşmäni düzet]

Ilkinji gezek Fon Beriň orta atan, has soňra Ernst Gekkel tarapyndan 1886-njy yylda Biogenetik kanun diylip atlandyrylan teoriya görä ontogenez filogeneziň gaytalanmagydyr. Gekkel tarapyndan öňe sürlen bu teoriya janly düwünçekleriniň ösüş döwründe atalarynyň geçiren ewolyusion döwürleri gaytalayandygyny öňe süryärdi.

Oňurgalylaryň embrional ösüşleri wagtyndaky meňzeşlikler muňa mysal hökmünde görkeziler. Balyk, salamandra, gurbakga, towuk, towşan we adam düwünçekleriniň ilki başda birbirlerine örän meňzeşdigi öňe sürüler.

Ewolyusionistler ählisinde birbirine meňzeş žabra ýarçyklarynyň bardygyny aydarlar. Süydemdirijileriň böwrekleri emele gelyän mahaly geçiren döwürlerinde ilki pronefros görnüşde, soňra mezonefros, has soňky döwürlerinde bolsa metanefros görnüşdäki böwregiň görülendigi, bütin süydemdiriji görnüşleriniň böwrek ösüşinde birmeňzeş embrologik döwürleri geçirendigi öňe sürüler.

KRITIKALARY. Darwinizmiň üstünde köp ýyllar sarp eden, şol sanda köp sanda kitap yazan Biohimiya Professory Dueyn Giş düwünçekde oyuk we hasa meňzeş gurluşlaryň balyklarda žabra öwrülyändigini, yöne adam, süydemdiriji, guş we süyrenjide bu gurluşlar bogaza açylmayandygyny we dem alyş bilen bagly dokumalara hem öwrülmeyändigini, şeylelikde bularyň žabra ýarçyklary hökmünde dykgata alynmajagyny belleyär.[1] Britanyaly embriolog Lewis Wolpert bolsa žabra ýarçyklary barada şu setirleri dile getiryär:

"Oňurgaly düwünçeklerindäki farinks torbalaryny žabra meňzeş diyip atlandyrmak üçin embriologik bir sebäp yokdur. Bu adalganyň yeke täk sebäbi süydemdirijileriň balyga meňzeş atalardan gelendikleri şeklindäki teoretiki garaýyşdyr"[2]

Gekkeliň eden hilegärligi.(Giňişleyin maglumat almak üçin "Эмбриолог Майкл Ричардсон" diyip gözleg geçirip bilersiňiz.) Temanyň has-da täsin galdyryjy bir başga tarapy bolsa Ernst Gekkeliň öz "Rekapitulyasiya teoriyasyny" öňe sürmek üçin çyzgylarynda eden hilegärligidir. Meşhur bilim dergisi "Science" 5-nji Sentyabr 1997 taryhly sanawynda Gekkeliň çyzgylarynyň bir hilegärlik önümidigini habar beryän "Gekkeliň Embriolary: Hilegärlik Täzeden Yüze Çykdy" atly makala çap etdi. Embriolog Michael Riçardsonyň ýolbaşçylygynda Gekkeliň çyzgylary hakyky suratlar bilen deňeşdirilip, onuň hakykaty nä derejede üytgedendiginiň orta goyulmagy bilen birlikde, Gekkeliň embriolary meňzeş görkezip bilmek üçin käbir organlary bilgeşleyin çyzgylardan çykarandygyny ýada hyýaly organlary goşandygyny bildiren meşhur "Science" dergisi makalanyň dowamynda şu setirleri dile getiryär:

"Riçardson bilen toparynyň bildirişine görä Gekkel diňe bir organlar goşmak yada çykarmak bilen galman, şol bir wagtda dürli görnüşleri birbirine meňzeş görkezip bilmek üçin ululyklary bilenen oynapdyr. Has dogrusy Gekkel tapawutlary gizläp bilmek üçin görnüşleri atlandyrmakdan gaça durup, ýeke bir görnüşi edil bütin bir haywan toparyny aňlatjak şekilde görkezipdir. Riçardsonyň bellemegine görä birbirlerine örän ýakyn bolan balyk görnüşleriniň düwünçeklerinde hem, şekil we gelip çykyş döwürleri taydan örän uly tapawutlara duş gelinyär. Riçardson "Gekkeliň çyzgylary biologiyadaky iň uly hilegärliklerden biri halyna gelyär" diyip belleyär."

Garward uniwersitedyndan ewolyusionist poleontolog Stiwen Jey Guld 1977-nji yylda "Ontogeny and Filogeny" atly yazan kitabynda Gekkeliň eden hilegärligini tankyt etmek ýerine muny öwüp, munyaly hilegärligiň hyýal güyjüni herekete geçiryändigi üçin peydaly bolandygyny aýdýar. Guld ýyllar soňra galama alan bir başga makalasynda bolsa şu setirleri dile getiryär:

"Pikirimçe häzirki zaman ders kitaplarynyň köpüsinde bolmasada, uly bir bölüminde bu çyzgylaryň entegem yer almagyna rugsat beren akylsyz bir hereket sebäpli hemmämiziň geň galmagy hem-de utanmagy gerek diyip pikir edyärin. Gekkeliň hilegärligi örän açykdy welin, ol bäş aýry professor tarapyndan hilegärlik etmegi bilen aýyplanyp, Ýenadaky uniwersitet kazyýeti tarapyndan günäkärlenipdi".

Gulduň hem belleyşi yaly, aslynda Gekkeliň eden hilegärligi ol heniz durmuşda mahaly yüze çykypdy. "The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong" atly kitabyň awtory Frensis Hitçing bolsa hilegärlik yüze çykanyndan soňra Ernst Gekkeliň hut özüniň hem muny boyun alandygyny bildirip, onuň şu sözlerine yer beryär:

"Bu eden hilegärligimi boyun alanymdan soňra özümi aýyplanan we ýazgarylan hökmünde görmegim gerekdir. Yöne meniň tesellim birgiden meşhur biolog bardyr welin, olaryň çykaran iň gowy biologiya kitaplarynda, tezislerinde hemde dergilerinde meniň derejämde edilen hilegärlikler, anyk bolmayan maglumatlar, az-köp ýoýulan şekiller ýer alýandyr".[3-4]

Science dergisindäki makalada "Gekkeliň boyun alan sözleri çyzgylarynyň 1901-de "Darwin and After Darwin" atly bir kitapda ullanylandan soňra yitirim boldy. We çyzgylar, iňlisçe biologiya ders kitaplarynda giňden köpeldildi" diyilmek bilen, Gekkeliň boyun alan sözleriniň şol asyryň başyndan başlap üstüniň örtülendigine we ýalan çyzgylaryň ders kitaplarynda ylmy hakykat ýaly okadylmaga dowam edilendigine hem dykgat çekilyär[5].

Gysgaça aydylanda Gekkeliň çyzgylarynyň bir hilegärlikdigi heniz 1901-nji yylda orta çyksada, bütin bilim dünyäsi bu çyzgylar bilen bir asyr boyunça aldanylmaga dowam etdi.

Häzirki wagtda köp sanawdaky embriolog tarapyndan ewolyusionistleriň öňe sürüşiniň tersine, adam düwünçeginde hiçbir wagt žabra ýarçyklarynyň görülmedigi, adamyň süyrenjiler yada maymyna meňzeş hallardan geçmediginiň orta goýulmagy bilen birlikde, žabra ýarçyklarynyň galyndysy hökmünde görkeziljek bolunan gurluşlar aşaky we üstki eňek, hyoid (dil süňki), galkan şekilli mäz we timus mäzlerini meydana getiryän embrionik gurluşlardygy yüze çykandyr. Düwünçegiň "yumurtga sarysy haltasyna" meňzedilen bölegi bolsa hakykatda çaga üçin gan öndüryän bir haltadygy, Gekkel bilen yzyny ýöredyänleriň "guyruk" diyip atlandyran bölekleri bolsa adamyň oňurga süňki bolup, diňe bir aýaklardan ozal orta çykýandygy üçin guyruk şeklinde pikir edilendigi bilinendir. Bular häzirki wagtda bilim dünyäsinde bilinen hakykatlar bolup, Sintetik Darwinizmiñ gurujularyndan Jorj Gaylord Simpson we W. Beck hem "Gekkel ewolyusion ösüşi yalňyş şekilde orta goydy. Bugün janlylaryñ embriologik gelip çykyşlarynyñ geçmişleri barada habar bermeyändigi indi kesgitli yagdayda bilinyär" diyip yazandyr.[6]

Mundan başga-da Gekkel esasan hem düwünçekleriň iň irki döwürleriniň birbirine has menzeşdigini öňe sürüpdi. Yöne Gekkeliň çyzgylary iň irki döwürlerden dälde, gelip çykyşyň ortasyndan başlar. Has irki döwürler arasynda bolsa örän uly tapawutlar bar bolup, eger oňurgalylaryň ösüşiniň iň irki döwürlerinde birbirine örän meňzeyändigi dogry bolsa, dürli klaslaryň gastrulyasiya döwürlerinde iň köp meňzeşlik görkezmegine garaşylar. Yöne welin gastrulyasiya döwründe balyk gurbagadan, sürenjiden, guş we süydemdirijiden örän tapawutlydyr. Bu barada haysy modeli ele alsak alayly, iň irki döwürleriň iň meňzeş döwürlerdigi pikirine gabat gelyän netije yokdur. Oňurgaly böwreginiň gelip çykyşynyň balyk we gurbagalar bilen hiçbir baglanyşygynyň yokdugyny hem bellemek gerek. Professor Micheal Denton bu barada şeyle diyyär:

"Balyk bilen gurbagalarda böwrek gönimen mezonefros diylip bilinen embrionik organdan emele gelyän bolsa, süyrenji we süydemdirijilerde mezonefros ösüşiň soňuna tarap alamatyny yitirip, ulularyň böwreginiň emele gelmeginde hiçbir rol oynamaz. Munuň yerine böwrek mezonefrosdan baglanyşyksyz bir şekilde ösen mezodarmal dokumadan hasyl ediler".[7]

Oňurgaly düwünçekleriniň ösüşi Darwin bilen Gekkeliň pikirlerini goldamayandygyna garamazdan embriologik gelip çykyş basgançaklaryna ewolyusion bir düşünje bilen baha berilip, biologiya kitaplarynda hem şu şekilde yer alar. J. Uolles muny şeyle suratlandyrýar:

"Darwin teoremasy delile seredilmän goldanylýandygy we Ontogenez filogenezi gaytalar pikiri bu teoremanyň manyly bir netijesi bolandygyy üçin, biologiya ders kitaplarynda esasan Fon Beryň ady hem goşulyp öwredilmäge dowam edilýändir. B.I. Balinsky-nyň hem ders kitaby bolan "Introduction to Embryology" kitabynyň 1975-nji yyldaky neşri şu hayran galdyryjy maglumaty beryär: "Fon Beriň kanuny ewolyusiyanyň yşygynda tãzeden teswirlenilip bilner. Täze haly bilen bu kanun Gekkeliň biogenetik kanuny diylip bilner. Beriň kanunyna görä gadymy geçmişiň ayratynlyklary ontogenezde ir öser, has täze geçmişin ayratynlyklary giç öser. Şeylelikde ontogenetik ösüş haywan organizmynyň şol bir tertipdãki dürli ayratynlyklaryny görkezer. Olar filogenetik gelip çykyş wagtynda ösüşe dowam edyän wagty, ontogenez filogenezi gaytalar."

Bir biogenetik kanuny taryhynyň mundan beter näderejede ýoýulyp biljekdigini hyýal etmek hem kyndyr. Muňa garamazdan (şunyaly yalanlar) birgiden biologiya ders kitabynda entegem yer alyar. Bu yeterlikçe erbetlik däl yaly, Fon Beriň kanunyny düşündirmek üçin Gekkeliň çyzgylary ullanylyar. Meselem Duglas Futuýmanyň ösen derejedeäki ders kitaby bolan Evolutionary Biology kitabynyň 1998-nji ýyldaky neşrinde Gekkeliň çyzgylary kopýa edilip, çyzgylaryň başynda Gekkeliň ady görkezilmändir. Munuň yerine çyzgylara Fon Beriň kanunynyň düşündirişi diylipdir."[8]

2000-nji yylda Futuymanyň bu eden işi yalan sözläp hakykatlary ýoýandygy şeklinde tankyt edildi. Futuýma özüni aklanda Gekkeliň çyzgylary bilen hakyky oňurgaly düwünçekleri arasyndaky tapawutlardan habarsyz bolandygyny bildirdi.

Oňurgaly düwünçekleriniň ululyk taydan 1mm-den 10mm-e çenli dürli ululyklara eýe bolandyklary halda, Gekkeliň olary birmeňzeş ululykda çyzandygyny bildiren Embriolog Riçardson hem gury yerde hemde suwda yaşayan haywanlar arasynda embriologiki morfologiya taydan uly tapawutlaryň bardygyny, yöne Gekkeliň bu barada teoriyasyna uysun diyip salamandrany seçendiginem dile getiryär:

"Gekkeliň hilegärlik, yagny bilgeşleyin aldatma bilen, günäkär bolsun yada bolmasyn, çyzgylarynyň oňurgaly düwünçeklerini yalňyş görkezendigine şüphe yokdur. Ilki bilenä o, diňe bir teoremasyna gabat gelyän embriolary seçipdi. Her niçigem 7 klas oňurgaly, yagny äňsiz balyklar, kitirdewükli balyklar, amfibiyalar, süyrenjiler, guşlar we süydemdirijiler bolsa-da, Gekkel diňe altysyny görkezip, äňsiz balyklar bilen kitirdewükli balyklary dolulygyna görmezden geldi. Hemem amfibiyalary aňlatjak şekilde örän dürli şekle eýe bolan gurbagany dälde salamandrany seçdi..." [9]

Soňky sözi J. Uollesa bereliň:

"Her niçigem biologlar Gekkeliň çyzgylarynyň hilegärlikdigini we oňurgalylaryň ösüşinde iň irki döwürleriň iň köp meňzeyän döwürler bolmadygyny bilseler hem ders kitaplary sada okuwçylary Darwin Teoremasynyň embriologik delile dayanyandygyna ynandyrmak üçin bu çyzgylar we şol bir ölçegde diyen yaly aldawjy suratlary ullanýandyrlar."[10]

RUDIMENT MESELESI. Wezipesi bilinmeyän yada wezipesi bar bolup, ozalky ähmiyetini yitiren hökmünde birnäçe organlar ewolyusionistler tarapyndan rudiment yada artyk galan organ hökmümde ewolyusiya delil görkeziler. Bir organizm toparyndaky rudiment organlaryň başga bir organizm toparynda hasda ösen bolmagy şol ikisiniň arasynda ýakyn bir garyndaşlygyň bardygyna subutnama hasaplanar. Robert Widershaým 1895-nji ýylda çap eden "The Structure of Man” atly kitabynda adamyň bedeninde iş görmeyän we wagtyň geçmegi bilen adamyňam bedenini terk etjek 86 sany gereksiz organyň bardygyny öňe sürendir.

Adamda kör içege beyleki janlylara görä kän ösmedikdir. Bu ýagday ewolyusionistler tarapyndan rudiment organ hökmünde kabul ediler we adamyň ot bilen iymitlenyän bir haywandan gelendigine subutnama hökmünde görkeziler.

Olara görä adamda bir başga rudiment diylip kabul edilen organ türre süňküdir. Munuňam adamyň guyrukly atadan gelendigine delildigi aýdylar, öňler timus mäzi, galkan şekilli mäz, gipofiz mäzi yaly birnäçe organyň hem gereksizdigi öňe sürülendir.

Rudiment organlaryň kritikasy. Bilim ösdügiçe Widershaýmyň listindäki organlar gitdigiçe kiçeldi. Meselem Timus mäziniň çagalyk döwründe bedeniň immunitet sistemasynyň ösüşine uly goşant goşyandygy, galkan şekilli mäziň madda çalşygy we ösmek üçin örän möhüm iki gormon bölüp çykaryan bir endokrin mäzidigi, anginalaryň bolsa bogazy, esasanam yetginjeklige çenli infeksiyalara garşy goramakda möhümdigi, Darwin tarapyndan rudiment diylip bellenilen gözdäki ýarym aý şeklindäki gabygyň bolsa gözüň tämizlenmeginde işe ýaraýandygy bilinendir. Häzirki wagtda timus mäzi, epifiz mäzi we anginalaryň gereksiz organ däldigi dünyä bellidir.

Appendiks, bir başga söz bilen aýdylanda kör içegäniň hem soňky ýyllarda geçirilen barlaglar netijesinde bedene giren mikroplara garşy göreşen limfa ulgamynyň bir bölegidigi, yogyn içegä iberyän suwuklygy bilen yokanç kesellere garşy gorag wezipesini yerine yetiryändigi kesgitlenendir.

Iň meşhur bir başga rudiment organlardan birisem türre süňküdir. Bu süňk adamyň atasynyň guyrukly bir görnüşdigi barada sarsmaz bir subutnama hökmünde görkeziler. Yöne soňky ýyllardaky ylmy barlaglar türre süňküniň hem peydasyz däldigini we örän möhüm bir wezipesiniň bardygyny orta goydy. Adam bu süňküň saýasynda rahat oturyp biler. Halk arasynda käbir betbagtçylyklar sebäpli türre süňki döwülen adamlaryň uzyn wagtlap şol bir pozisiyada oturyp bilmediklerine we rahatlyk tapmadyklaryna gözegçilik edilendir.

Wezipesiz organlar diylip öňe sürlenler aslynda wezipesi tapylmadyk organlardy. Biolog S. R. Scadding "Evolutionary Theory" dergisinde yazan "Rudiment organlar ewolyusiya subutnama bolup bilermi?" atly makalasynda bu hakykady şu sözler bilen beyan edyär:

"(Biologiya baradaky) maglumatlarymyz köpeldigiçe rudiment organlar sanawy gitdigiçe azalandyr... Bir organyň wezipesizdigini kesgitlemek mümkin däldigine we gowşan organlar ylmy bir alamat daşamadygyna görä rudiment organlaryň ewolyusiya teoriyasy üçin haysyda bolsa bir subutnama daşamayandygy netijesine baryaryn"[11]

Bütin bu peydalar orta çykyp başlanyndan soňra ewolyusionistler täze bir strategiýa döredip, rudiment organlaryň diňe bir işläp bilmän galan organlar diymek däldigini, käbir rudiment organlaryň wagtyň geçmegi bilen asyl wezipesinden üytgäp organizmler tarapyndan başga wezipeleri ýerine ýetirjek organlara öwrülendigini öňe sürüp başladylar. Ýöne görşümiz ýaly, bärde-de gomologiyada bolşy yaly aýylganç aylaw garşymyza çykýar.

Bir ata-baba subut edilmezden ozal öňe sürülen ata babadaky asyl wezipe organyndan söz edilmez. 'Organlaryň asyl wezipesiniň üytgäp başga wezipä öwrülendigi' şeklindäki gipotezanyň subutnamasy näme? Biz rudiment organlar gipotezasyndan yola çykyp-my bir ata-babany subut edyäris, yada bir ata babany kabul edendigimiz üçin-mi birnäçe organlara özümizçe rudiment organlar diyyäris?

Rudiment organlaryň yene bir kritikasy bolsa bilnişi yaly ewolyusionistler tarapyndan janlylardaky rudiment organlaryň geçmişdäki atalaryndan miras galandygy belleniler. Yöne welin rudiment organ diylip öňe sürlen organlaryň käbirleri janlylaryň atasy diylip öňe sürülen käbir janlylarda yokdur. Meselem ewolyusionistler tarapyndan adamyň atasy diylip öňe sürlen käbir maymynlarda appendiksa duş gelinmez. Biolog H. Enoch bu hadysany şu sözler bilen dile getirýär:

"Adamlaryň appendiksi bardyr. Yöne has öňki atalary bolan aşaky maymynlarda appendiksa duş gelinmez. Garaşylmadyk bir sowgat şekilde appendiks, has pes gurluşly süydemdirijilerde, meselem opossumlarda duş geliner. Beyle bolsa ewolyusiya teoriyasy muny nädip düşündirip biler?" [12]

Bibliografiya

[1] Gish, D.T. Evolution: The Fossils Say No!

[2] Wolpert, L.The Triumph  of The Embryo. Oxford: Oxford University Press, s. 185, 1991

[3-4] Francis Hitching, The Neck of the Giraffe: Where Darwin Went Wrong, New York: Ticknor and Fields 1982, s. 204.

[5] Elizabeth Pennisi, "Haeckel's Embryos: Fraud Rediscovered", Science, 5 September 1997.

[6] G. G. Simpson, W. Beck, An Introduction to Biology, New York, Harcourt Brace and World, 1965, s. 241.

[7] Denton, M. Evolution. A Theory in Crisis. Burnett  Books, London, 1985.

[8] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

[9] Rickardson, M.K. Heteronchrony and  The Phylotypic Period. Developmental Biology 172, s.412-421, 1995.

[10] Wells, J. Icons of Evolution, Science or Myth?

[11] S. R. Scadding, "Do 'Vestigial Organs' Provide Evidence for Evolution?", Evolutionary Theory, volume 5, May 1981, s. 173

[12] H. Enoch, Creation and Evolution, New York: 1966,s. 18-19

JANLY ORGANIZMLERDÄKI ÖŇE SÜRÜLEN KEMÇILIKLER.[düzet | çeşmäni düzet]

Ewolyusionistler janly organizmlerde kemçilikleriň  bardygyny öňe sürüp, muny hen teoriyalaryna subutnama görkezerler. Meselem:

1. Pandalaryň baş barmagy (altynjy barmak) ewolyusionistleri birnäçe wagtlap meşgul edendir. Bu barmak Stiwen Jey Gulduň 'Pandanyň baş barmagy' atly kitaby bilen meşhurlyk gazandy. Oňa görä haçanda panda bambuk bilen iymitlenmãge başlanyndan soňra tebigy seçgi bilen altynjy barmak emele gelip, birneme yetmezçilikli, kemçilikli we wezipesiz galypdyr.

2. Ewolyusionistleriň kemçilikli diyip öňe süren organlary diňe bir pandanyň barmagy bilenem çäkli bolman, meselem olara görä köp adamyň arka agrysynyň sebäbi adamyň geçiren ewolyusiyasy netijesinde skeletiniň doly ýagdaýda kämil hala gowuşmanlygydyr. Yada bolmasa guyrukly adam diylip hödürlenen suratlar hem atawizm diylip atlandyrylyp, ewolyusionistler tarapyndan Darwinizme subutnama hökmünde görkezilendir.

KRITIKALARY.

1. Hakykatda barmak bolmayan bu çykgydyň "dolulygyna bir barmak bolmalydygy" yada "wezipesini yeterli yerine yetirmedigi" şeklindäki jedeller alymlar tarapyndan kabul edilmän, bu çykgydyň panda üçin nähili möhümdigi görkezildi. Professor Micheal Bihä görä:

"(Stiwen Jeý) Guld pikirleri üçin bilimden goldaw alan däldir, panda üçin peydaly boljak minimum bilek süňkiniň uzynlygynyň nãhili bolmalydygyny görkezen we hasaplan däldir, süňk gurluşyndan peydalanmak üçin gerekli bolan hereket üytgeyjiliklerini göz öňünde tutmady we bir baş barmaga eye bolmazdan ozal pandalaryň nãhili iymitlenendikleri barada hiçhili söz aydan däldir. Etyän zady diňe bir erteki aytmakdan ybaratdyr"

2. Arka agrylarynyň günümüzdäki adamlaryň aşa passiw ýaşamagyndan, 20-lik yaş dişleriň doly çykyp bilmezligi bolsa yalňyş iymitlenmä bagly eňek süňküniň kiçelmeginden gözbaş alýandygy işiň hünärmenleri tarapyndan bildirilmegi bilen birlikde, guyrukly adam hökmünde hödürlenen suratlaryň käbirleri ulaldylyp, hileli şekilde oynalyp döredilendir. Käbirlerinde bolsa gysga bir uzynlyk şeklinde daşarda galan türre süňki (os coccyx) bir anomaliya hökmünde bardyr. Embriologik gelip çykyş wagtynda oňurga emele gelyän mahaly käbir somitleriň sklerotom we miotomlarynyň aýrylmagynda kiçi mutasiyalara bagly näsazlyklar görüler. Oňurganyň soňky bölegi bolan türre süňki adaty yagdayda embriologik gelip çykyşyň ikinji aýynyň ahyrynda beden içine alynar. Yöne daşky yada içki gurşaw şertlerine bagly bolup düwünçegiň sezewar bolan kiçi mutasiyalary käbir kemçiliklere sebäp bolar. Meselem spinia bifida keselinde oňurga kanalynyň yapylyp bilinmezligi, beyniniň yada yüregiň daşarda dogmagy yaly birgiden kesel sanalyp bilner. Türre süňkem her haysy bir mutasiya sebäpli näsazlyga ugrasa içine alynmaz we daşynda galandygy üçinem adaty hadysa ýaly guyrukly adam bar eken diymek dogry bir netije däldir. Bilinde şu çykgyt yada şuňa meňzeş näsazlyklar bilen dogan çagalaryň bu ýagdaýy embriologik bir hassalyk bolup, munuň teoriya bilen hiçbir baglanyşygy yokdur.  Ewolyusionistleriň anomaliyalardan kömek gözleyändigi aydylyp biliner.

Kiçi kategoriýalar

Bu kategoriýa diňe aşakdaky kiçi kategoriýany öz içine alýar.

"Ewolýusiýa" kategoriýasyndaky sahypalar

Bu kategoriýa diňe aşakdaky sahypany öz içine alýar.