Darwinizm.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ewolyusiyanyň kritikalary:

1) Biologlar janlylaryň arasyndaky meňzeşligi şol janlylaryň birbirinden dörändigine subutnama hökmünde görkezerler. Ýöne bu düýbünden ýalňyş düşünje. Sebäbi meselem şempanze bilen gorillalarda 48 hromosoma bar wagty, kartoşkanyň hromosoma sany hem 48-dir. Ýöne ählimiziň bilşimiz ýaly, şempanze bilen kartoşkanyň meňzeş tarapy ýokdur.

2) Geçiş formalary hakykatdan hem barmy? Ýa çylşyrymly janlylar, özlerinden ozalky döwürlerde ýaşan pes gurluşlylardan kem-kemden hasyl bolandyr ýa-da kem-kemden gowlaşan ýerýüzünde öz ýaşaýyşyny we neslini dowam etdirjek belli bir potensialda ýaradylandyr.

Eger janlylar birbirinden emele gelen bolsa buda kem-kemden bolup geçendir. Meselem balykdan gurbaga emele gelen bolsa birinji tapgyrda gurbaga meňzeşligiň 100-de 10%, soňra 100-de 20%, soňra bolsa 100-de 30% şeklinde dowam etmegi gerekdir. Şeýlelikde meselem balyk bilen gurbaga arasynda birnäçe geçiş formasynyň tapylmagyna garaşylar. Her görnüş üçin iň azyndan birnäçe geçiş formasynyň bolmalydygy dykgata alynsa, Ýeryüzündäki ösümlik we haywan görnüşiniň birnäçe essesi, ýagny müňlerçe geçiş formasy tapylmalydyr. Yöne welin millionlarça, hatda milliardlarça galyndy tapylmagyna garamazdan, geçiş formasy hökmünde öňe sürülen materiallar ýok diyjek ýaly azdyr we bularyň hem geçiş formasydygy jedellidir.

Ewolyusionistleriň geçiş formasy diýip öňe süren käbir materiallaryň ýalan çykandygynam bellemek gerek. Bilim taryhynyň iň uly skandaly Piltduanly adam (Пилтдуанский человек) munuň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigat we janlylarda ähli wagt üytgeyjilik bardyr. Yöne çäksiz bir üytgeyjilikden söz edip bolmaz. Görnüş içi üytgeyjilik bardyr we janly görnüşleriniň ýaşamagy üçin gereklidirem.

3) Erkek bilen urkaçy meselesi.

Mälim bolşy ýaly her bir janly erkek we urkaçy bolmak bilen ikä bölünýär.

- "Iň möhüm sorag jynsy köpelişiň nädip emele gelendigi barada. Ýyllap orta goýulan bütin pikirlere garamazdan muny heniz çözüp bilmedik"[1] diýip belleyar Nature dergisiniň redaktory John Maddoks.

Esasan hem erkek bilen urkaçy jynsyň arasynda birbirini özüne çekmek ýaly hadysalaryň nädip emele gelendigi ýaly yüzlerçe sorag bar. Adam barlygynyň orta çykyşyna hem ewolyusion üytgeyjilikler netijesinde diylip baha berilsede, adamyň haçan we nädip "Erkek" we "Ayal" hökmünde tapawutlanandygyny, has dogrusy "Erkek" bilen "Aýalyň" gerek emosional, gerek biologik taydan birbirine zerurlygynyň, şol sanda sazlaşygynyň haçan, nädip we haýsy gurşawlarda emele gelendigini ewolyusion logika bilen düşündirip bolmaz.

Antony Flew, There Is a God, s. 111.