Karel Çapek

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Karel Çapek

(1890-1938)

Çehiýanyň iň meşhur ýazyjylarynyň biri Karel Çapek 1890-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Mala-Swatonowitz şäherçesinde, lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ilki Grades-Kralow şäherindäki gimnaziýada, soňra Pragada bilim alýar, 1915-nji ýylda Karl uniwersitetiniň filosofiýa hünäriniň doktorlyk derejesini gazanýar, soňra Berliniň hem Parižiň uniwersitetlerinde-de filosofiýany öwrenýär. 1917-nji ýylda «Narodni listy» gazetinde žurnalist bolup işe başlaýar. 1921-1923-nji ýyllar aralygynda Praganyň «Winogradeh teatrynda» dramaturg bolup işleýär.

1916-njy ýylda ýazyjy dogany Ýozef Çapek bilen bilelikde «Ýanyp duran çuňluklar» atly ilkinji hekaýalar ýygyndysyny çap etdirýär. Eýýäm şol kitabynda Karel Çapek özüniň realistik suratlandyrma ussatlygyny, ýumoryny hem-de täsin öňdengörüjiligini görkezmegi başarýar. Karel Çapekiň «Ene»(1938), «R.U.R.»(1920) pýeslary, «Absolýut fabrikasy»(1922), «Krakatit»(1922), «Gordubal»(1933), «Ýönekeý durmuş»(1934), «Salamandralar bilen uruş»(1936) romanlary çap edileninden soň tiz wagtyň içinde bütin dünýäde iň köp söýülip okalýan eserlere öwrülýärler. 1936-nji ýylda ýazyjyny Nobel baýragyna dalaşgär saýlaýarlar. 1925-nji ýylda Çapek Çehoslowakiýanyň PEN-klubyny esaslandyryp, oňa 1933-nji ýyla çenli baştutanlyk edipdir.

Mundan ötri, Karel Çapek ussat fotosuratçy hem jemgyýetçilik işgäri hökmünde-de bellidir. Ýazyjy öz döwrüniň iň bir erjel antifaşisti hökmünde-de tanalýar. Ol eýýäm 1920-nji ýylda ýazan eserlerinde faşizmiň dünýä halklaryna nähili jebir ýetirjekdigini duýdurypdyr. Faşistik režimine garşy, hususan-da, Gitleriň hut özüne ýazan awuly tankytlary sebäpli, fýurer ýazyjyny özüniň « şahsy duşmany » diýip yglan edipdir.

Karel Çapek 1938-nji ýylyň 25-nji dekabrynda, faşistleriň Çehoslowakiýany basyp almagynyň öňüsyrasy dünýeden ötdi.