Jynaza namazy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Jynaza namazy (arap. جنازة‎‎‎).

Jynaza namazyny okamak farzy kifaýedir. Jynaza namazyny okamak üçin şu şertler ýerine ýetmelidir:

  1. Ölen adam musulman bolmaly. Musulman bolmadyk biriniň jynaza namazy okalmaz. Öleniň musulmandygy barada berk şaýat ýa-da delil gerekdir.
  2. Ölen ýuwlup, arassa kepene dolanan bolmaly.
  3. Ölen, ymam we jemagatyň öňünde bolmaly.
  4. Ölen bütin ýagdaýda ýa-da bedeniniň köp bölegi bar bolmaly. Eger bedeniň köpüsi bir sebäp bilen ýok bolan bolsa, ýa-da kellesiz bolup ýarysy bar bolsa namaz okalmaz. Bir mata saralyp gömüler.

Jynaza namazynyň okalyşy[düzet | çeşmäni düzet]

Jynaza namazy dört tekbir (“Allahu äkbär” diýmek) we kyýamdan ybaratdyr. Bu namazda sežde we rukug ýokdyr. Jynaza namazyny okamak üçin täretli bolmalydyr. Täretsiz jynaza namazy okalmaz.

Ymam ölüniň döşüniň deňinde durar. Jemagat hem ymamyň arkasynda durar. Jemagada ölüniň erkek, zenan ýa-da çagadygy aýdylmaly. Jemagat hem şoňa görä niýet etmeli. Ýagny “Alla üçin namaza, meýit üçin doga-dilege, är kişi (ýa-da aýal kişi) niýetine uýdum taýýar bolan ymama” diýip niýet edip ymam tekbir (Alahu ekber) aýdandan soň tekbir aýtmaly. Birinji tekbirde eller gulak ýumşagyna degirilip, eller göbegiň aşagynda baglanylar. “Subhäneke” dogasy “we jelle senäüke” bilen okalar. “Subhänekallahumme we bi-hämdike we tebäro kesmuke we jelle senäuke we lä ilähe goýruk”

Mundan soň elleri galdyryp ikinji tekbiri aýtmaly. Bu tekbirden soň ymam daşyndan, jemagat bolsa içinden “Allahümme salli” we “Allahümme bärik” dogalaryny okamaly.

Soň, üçünji tekbir aýdylýar we jynaza dogasy okalýar.

Arapçasy[düzet | çeşmäni düzet]

ٱَللّٰهُمَّ ٱغْفِرْ لِحَيِّنَا وَمَيِّتِنَا وَشَاهِدِنَا وَغَآئِبِنَا وَكَبِيرِنَا وَصَغِيرِنَاوَذَكَرِنَا وَاُنْثَانَا ٱَللّٰهُمَّ مَنْ اَحْيَيْتَهُ مِنَّا فَاَحْيِهِ عَلَى ٱْلاِسْلاَمِوَمَنْ تَوَفَّيْتَهُ مِنَّا فَتَوَفَّنَا عَلَى ٱْلاِيمَانِ وَخُصَّ هٰذَا ٱلْمَيِّتَبِٱلرَّوْحِ وَٱلرَّاحَةِ وَٱلرَّحْمَةِ وَٱلْمَغْفِرَةِ وَٱلرِّضْوَانِ ٱَللّٰهُمَّ اِنْ كَانَمُحْسِنًا فَزِدْ فِى اِحْسَانِهِ وَاِنْ كَانَ مُسِيئًا وَتَجَاوَزْ عَنْهُ وَلَقِّهِٱْلاَمْنَ وَٱلْبُشْرٰى وَٱلْكَرَامَةَ وَٱلزُّلْفٰى بِرَحْمَتِكَ يَا اَرْحَمَ ٱلرَّاحِمِينَ

Okalşy[düzet | çeşmäni düzet]

“Allahummagfir-lihäýýinä we meýýitinä we şähidinä we goibinä we kebirinä we sagyrinä we zekerinä we unsänä. Allahumme men ähýeýtehu minnä feähýihi älel islämi we men teweffeýtehu minnä feteweffehu älel imäni we hussä häzelmeýýite[1] birrowhi werrohati werrohmeti welmagfireti werrydwän. Allahumme in käne muhsinen[2] fezid fi ihsänihi we in musien fetejäwez anhu we lakkyhil’ emne welbuşro welkeromete wezzulfa birohmetike ýä arhämerrohimi:n.”

Terjimesi[düzet | çeşmäni düzet]

Allahym! Biziň dirilerimizi, ölülerimizi, bar we ýok bolanlarymyzy, ulularymyzy we kiçilerimizi, erkeklerimizi we aýallarymyzy bagyşla. Eý Rebb! Bizleriň aramyzda ýaşaýanlarymyzy Yslam dinine görä ýaşat. Ölenlerimizi hem iman bilen öldür. Esasanam, şu öleni aňsatlyga, rahatlyga, bagyşlanma, we razylygyňa ýeter. Eý Rebb! Eger bu ölü muhsin bolsa yhsanyny köpelt; eger-de ýaman bolsa onda ony bagyşla. Oňa, merhemediň bilen asudalyk, buşluk, gudrat we ýakynlygy nesip et.

Jynaza dogasyny bilmeýänler “Allahumme innä nesteyýnuke...” ýagny kunut dogasyny ýa-da doga niýetine Fatiha süresini okap bilerler. Soň, dördünji tekbir aýdylýar. Eller gapdallara goýberilip her iki egniňe salam beriler.

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Aýal bolsa "häzihil meýýite" diýilýär.
  2. Aýal bolsa "in känet muhsineten fezid fi ihsaniha we in känet musieten fetejawez anha we lakkyhel'emne" diýilýär.