Justin Bieber

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Justin Bieber
Justin Bieber
Doglan wagty we ýeriMart 1, 1994(1994-03-01)
London, Ontario, Kanada
KäriAýdymçy,tansçy,Aktýor
DiliIňlis
EtnikasyStratford, Ontario, Kanada
ŽanrlaryPop, R&B, teen pop
Partner(ler)iýeke


[justinbiebermusic.com justinbiebermusic.com]

Justin Drew Bieber Kanadaly pop, modern R&B aýdymçy, aktýor, we aýdymyň sözlerini ýazýan ýazyjy.

Kariýerasyny wideo paýlaşylýan saýt bolan YouTubeda goýan wideolaryň 2008-nji ýylda Scoot Braun tarapyndan ýüze çykarylmagy bilen başlady. Soňra Braun Justin Bieberiň menejeri bolýar. Braun Atlantada, Bieberi R&B sungat işgäri bolan Usher bilen tanyşdyrýar we Bieber Usher we Scoot Braun şarik kärhanasy bolan Raymond Braun Media Grouby(RBMG) bilen ylalaşykda, soňra Island Records bilen albom kontraktyna gol çekýär.

Bieberiň ilkinji aýdymy One Time tomaşaçylar tarapyndan halanylýar we One Less Lonely Girl aýdymy Kanada Hot 100de 15, Bilboard Hot 100de bolsa ilkinji 20-lige girmegi başarýar. Bieber ilkinji albomyny "My World" 17 Noýabr 2009-da çykarýar. 2-nji albomy "My World 2" gaty uly başarnyga eýe bolýar, albomdaky birinji aýdym Baby halkara derejede başarnyga eýe bolýar, Baby klibi bilen dünýäniň iň uly wideo paýlaşylýan saýty bolan Youtubeda iň köp görülen wideo rekordyny goýýar.. 2010-nji ýylda Amerikan aýdym baýraklarynda “Ýylyň sungat işgäri”, “Ýylyň Pop/Rock albomy”, “ýylyň iň gowy çykyş eden sungat işgäri” we “ýylyň iň gowy Pop/Rock erkek sungat işgäri”, 2010-njy ýylda MTV wideo aýdym baýraklarynda “Iň gowy täze sungat işgäri” we 2010-njy ýyl MTV Ýewropa aýdym baýraklarynda “ýylyň iň gowy erkek sungat işgäri” baýragyna eýe bolýar. 3-nji albomy Believei 19 iýun 2012-de 4 görnüşi bilen çykaran aýdymçy , bu albom bilen bilelikde 18 ýaşynda rekord goýan ilkinji sungat işgäribolup 2013-nji ýylda Guinnessiň rekordlar kitabyna girdi . Albomda çykan ilkinji aýdymy Boyfriend hatarda 1-nji ýere geçdi. Bieber Awgust aýynda paýlaşan aýdymy "What Do You Mean" bilen 1-nji hatara girdi. 2-nji aýdymy "Sorry" 22 sentýabr aýynda paýlaşdy we bu aýdym hem hatarlarda 1-njiligi eýeledi. Fewral aýynda geçirilen Grammy baýraklarynda "Where Are Ü Now" Iň gowy tans görnüşinde Grammy aldy we bu Justin Bieberiň ilkinji grammy baýragydyr. 2016-nji ýylda 8 gezek Guinnessiň Rekordlar Kitabyna girdi.