Jorj Waşiňton
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Jorj Waşiňton | |
---|---|
| |
Käri | Prezident |
Doglan senesi | 22-nji fewral, 1732 |
Ölen senesi | 14-nji dekabr, 1799 |
Jorj Waşiňton (iňlisçe: George Washington): 11.02.1731-14.12.1799 Wirjiniýada, gul eýesi bolan we nikotin öndürýän baý maşgalada doguldy, ýaşka kakasy we agasy wepat boldy. 1775-nji ýylda Kontinental goşunda komandirlige bellendi, 1776-njy ýylda Britan goşunlaryny Bostondan gysyp çykarmagy başarsada edil şol bir ýylda Nýu-ýork şäherini iňlislere aldyrdy söweşde. Gyş paslynda Delaweýr derýasyny böwsüp geçip iňlisleri iki gezek ýeňlişe sezewar etdi we Nýu-Jersini gaýdyp aldy.
Onuň ýolbaşçylygynda rewolýusioner goşun 1777-nji we 1781-nji ýyllarda 2 Britan goşunyny ele geçirdi. 1783-nji ýylda Britanlary dolylygyna ýeňdi.
ABŞ-nyň ilkinji prezidenti, düýbüni tutyjylardan.
1788-nji ýylda prezidentlige saýlanyp ABŞ ilkinji prezidenti saýlandy, 1789-njy ýylyň 30njy aprelinde kasam Kabul edip resmi taýdan ilkinji ABŞ prezidenti boldy we iki möhlet baştutanlyk etdi. ABŞ kongresiniň 1789-njy ýylda çykaran kararyna görä iş haky ýylyna 25 000 dollardy, 1792nji ýylda ikinji gezek prezident saýlananda sesleriň 100 göterimini hem oňa berlipdi, we 100 göterim ses almagy başaran ilkinji we ýeke täk president bolup galmagyna dowam edýär, wise-prezidenti Jon Adams bolupdy. 1793-nji ýylda ýewropada başlan uruşlarda Amerikany bitarap yglan etdi, Britaniýa bilen söweşmekden gaça durdy we söweş öňüni almak üçin 1795-nji ýylda Jeý Trity atly söwda ylalaşygyny baglaşdy, Jefforsonistleriň garşy çykmagyna seretmezden. 2nji möhletinde prezidentlige dowam etmek islegi ýokdy ýöne dowam etdi, 3nji gezege boýun towlapdy. 1797-nji ýylyň martynda prezidentligi taşlady, 3nji möhletden boýun gaçyrdy. Mundane soňra Maunt Wernonda dolandy we niktoin ösdürmek we täjirçilige dowam etdi, taryhçylaryň çaklamasyna görä onuň söwda dolanşygy 1 million dollardan geçipdi 1798-nji ýylda, 2009-njy ýyldaky dollaryň hümmetine öwrende bu 18 million dollar barabar bolýar.
1798-nji ýylda Fransiýa bilen gatnaşyklar bozulyp başlapdy, uruşa golaý gelipdi Amerika we Fransiýa, we 04.07.1798-nji ýylda president Jon Adams oňa goşunda general-leýtenant bolmagy teklip etdi, Waşinton bu teklibi islegsizlik bilen Kabul etdi emma baş ofiser hökmünde hyzmat etdi 13.07.1798 we 14.12.1798 seneleri arasynda.
ABŞ Federalist partiaýasyna agza bolmasada onuň işlerini goldady, federalist partiýa ony öz symboly hökmünde dürli ýyllarda ulananam bolsa Jeffersonistler oňa ynamsyzlyk etmäge dowam etdi.
1798-nji ýylyň 12nji dekabrynda güýçli ýagyş astynda ekinlerine gözegçilik etmeginden soňra öl geýimleri bilen agşamlyk edindi we agyr hassalandy, ertesi ýenede ekinlere gözegçilik etmäge dowam etdi, Anna güninden şenbä geçilýäň gijede onuň syrkawlygy agyrlaşdy, gije ol gürläbem bilenokdyg ol wagtyň medisinasy ony hassalykdan halas edip bilmedi. 14nji dekabr 1798-nji ýyl, şenbe güni waşington wagty bilen ir sagat 10 töweregi Jorj Waşington wepat boldy.