Jo­zue Kar­duç­çi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ital­ýan şa­hy­ry we tan­kyt­çy­sy Jo­zue Kar­duç­çi 1835-nji ýy­lyň 27-nji iýu­lyn­da Pi­zan we­la­ýa­tyn­da Wal­di – Kas­tel­lo­da luk­man maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň maş­ga­la­sy 1849-njy ýyl­da Flo­ren­si­ýa gö­çüp ba­ran­dan soň­ra, ýet­gin­jek og­lan mek­dep­de oka­ýar, goş­gy ýaz­ma­ga we ga­dy­my grek di­lin­den ter­ji­me et­mä­ge baş­la­ýar. Kar­duç­çi ýo­ka­ry bi­li­mi Pi­zan uni­wer­si­te­tin­de alyp­dyr we ony 1856-njy ýyl­da ta­mam­lap, San-Min­ýa­to şä­her­çe­sin­de mu­gal­lym­çy­lyk işi­ne baş­lap­dyr. “Rif­ma” at­ly il­kin­ji ki­ta­byndaky eserleri (1857) met­bu­gat­da yzygiderli çap edi­lip­dir. J. Kar­duç­çi Bo­lon uni­wer­si­te­tin­de ital­ýan ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça pro­fes­sor bo­lup­dyr. Ýö­ne onuň “Jyn­lar” at­ly poe­ma­sy oňa on­çak­ly uly ab­raý ge­tir­män­dir.

Kar­duç­çi 1878-nji ýyl­da “Wag­şy­lar” (1877–1889) at­ly üç jilt­li­gi­niň bi­rin­ji jil­di­ni çap et­di­rip­dir. Ol öz eser­le­ri­ni ga­la­pyn an­tik me­de­ni­ýe­ti­niň ru­hun­da ýa­zyp­dyr, hat­da kä­ýa­rym grek we la­tyn şyg­ry­ýe­ti­niň äheň­le­ri­ne hem ça­lym ed­ýär. Bu ki­tap­lar, şeý­le hem “Tä­ze goş­gu­lar” (1873) ýy­gyn­dy­sy J. Kar­duç­çi­niň dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­dir. Onuň “Ýe­ňil we çyn­la­kaý” (1861-1867), “Ýamb­lar we epod­lar” (1879), “Rif­ma­lar we ritm­ler”(1901) ýa­ly eser­le­ri mä­käm nus­ga­wy usul­da dö­re­di­lip­dir. Kar­duç­çi­niň esa­sy wa­tan­çy­lyk mow­zu­gyn­da­ky goş­gu­la­ry ita­li­ýa­nyň gal­kyn­ma­gy­na we bir­leş­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Ol Ita­li­ýa­nyň bel­li däp-des­sur­la­ry we wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy ba­ra­da eser­le­ri ýa­zyp­dyr. Şa­hyr ýur­duň iň go­wy sa­ti­ra ýa­zy­jy­sy bo­lup, onuň eser­le­ri kö­püň söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lup­dyr. Onuň Ita­li­ýa­da ne­şir edi­len 30 jilt­lik ede­bi mi­ra­sy­nyň di­ňe 4 to­my goş­gu­lar­dan yba­rat­dyr. J. Kar­duç­çi dür­li-dür­li mow­zuk­lar­dan mo­nog­ra­fi­ýa­la­ry we es­se­le­ri ýa­zyp­dyr.

Ita­li­ýa­nyň mil­li şa­hy­ry 1906-njy ýyl­da di­ňe bir çuň­ňur bi­li­mi we tan­ky­dy na­za­ry üçin däl-de, oza­ly bi­len, onuň şa­hy­ra­na eser­le­ri­ne mah­sus bo­lan dö­re­di­ji­lik ener­gi­ýa­sy, usu­ly­nyň tä­miz­li­gi we onuň aja­ýyp şa­hy­ra­na li­rik güý­ji üçin Nobel baýragyna my­na­syp bol­ýar. Nä­hoş J. Kar­duç­çi baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şyp bil­män­dir we ba­sym ol 1907-nji ýy­lyň 16-njy few­ra­lyn­da ara­dan çy­kyp­dyr.