Jimy Jamp

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Ady Jauma Markuet'dir. Jauma Marquet 1976-njy ýylyň 14-nji martynda Kataloniýada (Ispaniýa) doguldy. Käri boýunça suratkeş-arhitektor. Jimmy Jump lakamy bilen dünýäde has meşhur bolan bu janköýer 38 ýaşyna çenli barmak basyp sanardan has köp "garagollyklaryň" birnäçesini etdi, birnäçe jerimeler töledi, hat-da türmäni hem görüp geldi.

Jimy Jamp posteri

Karýerasy[üýtget | edit source]

Jimmy meýdançalardaky "karýerasyna" 2002-nji ýylda başlady. Şol ýyl Barselonanyň goragçysy Abelardo Fernandesiň hoşlaşyk oýny wagty meýdança girdi we elinde katalonça bir zatlar ýazylan futbolkasy bilen Fernandesi gutlady.

Ýewro-2004 finaly: Gresiýa-Portugaliýa[üýtget | edit source]

meşhur garagol janköýer Jimy Jamp rowaýaty futbolçy Luiş Figu bilen bilelikde. Ýewro-2004.

Jimmy Jumpyň meýdança girmeleriniň iň meşhury 2004-nji ýylda Lissabonda boldy. Ýewro-2004 finalynda (Gresiýa-Portugaliýa) özi bilen deň derejede meşhur bolan gyzyl reňkli katalonlaň şapkasyny hem kellesine geýip meýdança girdi we şol wagtlar Barcelonadan Real Madride transfer bolup, katalonlaň ýigrenýän futbolçylarynyň birine öwrülen Luis Figonyň ýüzüne Barcelonaň baýdagyny zyňdy we hapa sözler sögdi.

El-klasiko 2005[üýtget | edit source]

2005-nji ýylyň noýabr aýynda La Ligada oýnalan El Classico oýny wagty meýdança girdi we gözegçiler tutýança meýdançada ylgady.

Çelsi-Liwerpul çempionlar ligasy ýarym finaly-2005[üýtget | edit source]

2005-nji ýylda Çempionlar ligasynda oýnalan Çelsi-Liwerpol oýnunda meýdança girip, katalonlaň halamaýan tälimçisi Mourinhonyň ýüzüne Barcelona baýdagyny zyňdy.

wilýarreal-arsenal 2006[üýtget | edit source]

2006-njy ýyl, Çempionlar ligasynyň 1/2 finaly, Willarreal-Arsenal. Bu duşuşyk hem Jimmysyz geçmedi. Jimmy Jump bu duşuşykda meýdança girdi we Arsenally Therry Henryň ýanyna baryp oňa arkasynda 14lik belgi we Henry diýip ýazylan Barcelonaň futbolkasyny sowgat etdi. 1 ýyldan soň bolsa Jimmy agaň bu arzuwy amala aşdy, ýagny Henry Barcelonanyň 14-nji belgili futbolçysy boldy.

liwerpul-milan 2007[üýtget | edit source]

2007-nji ýyl, Afinyda Çempionlar ligasynyň finaly başlajak bolup durka meýdança giren adam hem Jimmy Jumpdy. Şonda ol arkasyna Gresiýanyň baýdagyny alyp Milanly we Liwerpolly futbolçylaň ýanyndan ylgap geçdi.

Barselona-Baýern 2007[üýtget | edit source]

2007/2008 futbol sezony başlamanka Barcelona we Bayerniň arasynda oýnalan ýoldaşlyk duşuşygynda meýdançada Jimmy Jump peýda boldy we gyzyl katalon şapkasyny Messiň kellesine geýdirdi.

Ýewro2008: Germaniýa-Türkiýe[üýtget | edit source]

EURO-2008-iň 1/2 finalyndaky Germaniýa-Türkiýe oýnynda hem meýdançada ol bardy, futbolkasynda bolsa "Tibet is not China" diýip ýazylgydy.

Barselona-Reýsiň Santander 2008[üýtget | edit source]

2008-nji ýyl. Barcelona-Racing Santander duşuşygy. Samuel Eto'o-nyň Barcelonaň La Liga taryhyndaky 5000nji goluny salmagyna sanlyja metrler we sanlyja sekuntlar galypdy. Bu ýerde hem meşhur Jimmy Jump peýda bolupdy we Eto'o-ň ol goly salmagyna päsgel berdi, muňa gahary gelen Eto'o Jimmyny meýdançadan çykýança kowalapdy.

Dünýä çempionaty 2010 finaly[üýtget | edit source]

meşhur garagol janköýer Jimy Jamp 2010-njy ýylda Günorta Afrika Respublikasynda bolan dünýä çempionatynyň finalynda kuboga baýdak geýdirmek isläpdi.

Afrikadaky dünýä çempionatynyň finalynda hem meýdança giren bu janköýer, dünýä çempionatynyň kubogyna gyzyl katalon şapkasyny geýdirmek isledi, emma kuboga ýetmänkä gözegçiler tarapyndan saklandy.

wengriýa-da derbi[üýtget | edit source]

11.09.2010. Wengriýaň çempionatynda oýnalan bir derby hem Jimmy Jumpsyz geçmedi. Ol oýunda Jimmy katalon baýdagy bilen meýdança girdi, hat-da gol hem saldy.

el-klasiko 2011[üýtget | edit source]

2011-nji ýyl, Çempionlar Ligasy, 1/2 final, oýun El Klasiko. Bu duşuşykda meýdança girip, Ronaldo öz meşhur şapkasyny geýdirmek isledi, bu hem oňa başartmady.

Mançester Ýunaýted-Barselona 2011[üýtget | edit source]

2011-nji ýyldaky Mançester ÝunaÝted-Barselona Çempionlar ligasy finalynda meýdançada eýlä-beýlä ylgap ýören adam hem Jimmy Jumpdy.

Herta Berlin-Seýnt Poli 2012[üýtget | edit source]

2012-nji ýylda Palestinadäki wakalary protest edýän ýazgylar ýazylan futbolkasy bilen Germaniýanyň 2-nji ligasyndaky Herta Berlin-St. Pauli oýnunda hem meýdança giripdi.

Beýleki sportlardaky karýerasy[üýtget | edit source]

Meşhur janköýer özüni diňe bir futbol meýdançasynda däl-de sportyň beýleki görnüşleriniň meýdançalarynda hem özüni tanadandyr. Olardanam meşhurlaryny sanasak temada artykmaçlyk etmese gerek.

  • 2004-nji ýyl, F1 Ispaniýa granprisi wagty ýaryş ýoluna çykyp, birnäçe metri ylgap geçdi.
  • 2007-nji ýyldaky Regbi boýunça dünýa çempionatynda oýnalan Angliýa-G.o. Afrika oýnunda hem meýdança giripdi.
  • 2009-njy ýylda Fransiýa açykda duşuşyk wagty meýdança girdi we Barcelona janköýeri hökmünde tanalýan tennisçi Roger Federere öz gyzyl katalon şapkasyny geýdirmek isledi.
  • 2010-nji ýyl, suw topy oýnynda Ispaniýa kubogy Sabadell-Barcelona arasynda oýnalan duşuşykda hem howuzyň içinde bu adam bardy.

Bu üýtgeşik adam diňe sport bilen hem çäklenenok. 2010-nji ýylda Norwegiýada geçirilinen Eurowidenýe aýdym ýaryşynda Ispaniýaly bagşy sahnada aýdym aýdyp duran wagty Jimmy Jump sahnada peýda boldy we sahnada özüni hamala bagşy ýaly alyp bardy.

Ýokardaky sanalanlar Jimmy Jumpyň eden iň meşhur "garagollyklary". Bulardan başgada onuň birnäçe ululy-kiçili başdan geçirmeleri bar.